Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Mugallymçylyk mekdebiniň täzelikleri

Türkmen oba hojalyk uniwersiteti talyplaryň amaly-nazary bäsleşikleri geçirdi

Türkmen oba hojalyk uniwersiteti talyplaryň amaly-nazary bäsleşikleri geçirdi

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda nazary mehanika, materiallaryň garşylygy hem-de inžener grafikasy dersleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu ylym-bilim çäresi 20 — 22-nji oktýabr aralygynda uniwersitetiň kitaphanasynda şahsy bäsleşik görnüşinde guraldy. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.

Ders bäsleşikleri «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» we ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirildi. Düzgünnama laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň her birinden degişli dersler boýunça 4 sany talyp öz ukyp-başarnygyny synady. Bäsleşigiň esasy maksady bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmakdan we ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini ýüze çykarmakdan ybarat boldy.

Açylyş dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzda takyk we tebigy ylymlary ösdürmäge, ylymly-bilimli hem-de sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge uly üns berilýändigini nygtadylar. Bäsleşige gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda döredilýän giň mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirdiler.


Paýlaş:
Salgymyz:
Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy
Telefon belgiler: