Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Mugallymçylyk mekdebiniň täzelikleri

Atamyrat mugallymyň ýazylmadyk eseri (hekaýa)

Atamyrat mugallymyň ýazylmadyk eseri (hekaýa)

Bagyr obasynyň  köçesinden her gün ir säher bilen bir adam geçerdi. Egninde üýtgewsiz gara penjegi, elinde tozanjyk basan portfeli bardy. Ýaşulularyň hatyrasyna başyny ýuwaşja egip, ýylgyryp salamlaşýan bu adam obanyň hormatyny gazanan taryh mugallymy Atamyrat agady. Onuň üçin mekdep diňe bir iş ýeri däl, eýsem ömrüniň manysy, ýüreginiň urýan ýeridi.

Atamyrat aga okuwçylara taryhy ýöne bir sanlar, ýyllar ýa-da atlar hökmünde düşündirmezdi-de, olary şol eýýama alyp barýan ýaly ederdi. Onuň sypjyrylan, ýöne arassa tagta stoly hemişe köne kitaplardyr ýazuwly depderlerden doly bolardy.

Atamyrat aga bir gün synp otagyna girende, okuwçylara tarap seretdi. Öňdäki hatarda oturan ogly Serdara gözi düşdi. Serdar ýakynda mekdebi tamamlajak oglanlardandy. Emma gözlerindäki öňki şowhun,ýiti ýalkym ýokdy. Ol soňky wagtlar okuwdan sowuklaşyp, agşamlary öýe giç gelýärdi. Oglunyň ýüregindäki bu sowuklygy aýaly Oguljemal hem duýýardy. Bir gün agşam Atamyrat aga bir nokada gözüni aýyrman seredip oturan oglunyň ýanyna bardy-da:

— Serdar oglum, sen öz ýoluňy ýitirýän ýaly. Men saňa gaharlanmaýaryn, eýsem gursagymdaky atalyk aladamy paýlaşýaryn. Häzir  ýaşlygyňy, zehiniňi we wagtyňy peýdasyz zatlara sarp etjek wagtyň däl. Bu günler geçip gider, emma häzirki galdyran yzyň seň bütin ömrüňe hemra bolar. Şu gün täze gün. Ýitiren wagtyňa gynanma-da, şu günden başlap kitabyňy, depderiňi eliňe al.

Serdar gaharlanyp ýerinden turdy:

— Kaka, häzirki zaman başga! Kitaplardaky köne zatlar bilen ýaşap bolanok. Hemmeler durmuşda öz ornuny tapmaga howlugýar, siz bolsa henizem gadymy rowaýatlar bilen ýaşaýarsňyz!

Şol sözler Atamyrat aganyň ýüregine tiken ýaly batdy. Ol ogluny ýazgarmady, diňe çuňňur oýa batyp, hiç zat diýmedi. Çünki ol mugallymdy. Ol bilýärdi: ynsanyň ýüregindäki buzlary uruş ýa-da gahar-gazap däl, diňe çydamlylyk eredip bilerdi.

Ertesi gün mekdepde "Geçmişden geljege yz" ady bilen  bäsleşik yglan edildi. Bu ýaryş obanyň ähli ýaşlary üçin uly synagdy. Ýaryşyň şerti ýönekeýdi: her okuwçy öz obasynyň taryhyna degişli täze we gymmatly bir tapyndy ýa-da unudylyp barýan rowaýat getirmelidi.

Serdar bu bäsleşige girmegi düýbünden islemedi. Emma atasy ony bu işe iteledi.

— Git, oglum, obamyzyň çetindäki Könegalanyň daş-töweregine aýlanyp gel. Belki, ýitip barýan bir täsinlik duýarsyň — diýip, ony ugratdy.

Serdar gaharlanyp, öýden çykdy-da, Könegalanyň harabalygyna tarap ugrady. Gün ýaşyp barýardy. Daş-töweregiň ümsümligi, agaçlaryň kölegeleri oňa özboluşly bir duýgy berdi. Ol galyň diwarlaryň arasyna baranda, ýerde ýatan ýarym çüýrän köne sandykçany gördi. Onuň içinde garalyp giden, köne ýazgylar bar eken. Serdar kagyzlary eline alyp okap başlady. Bu hatlar uruş ýyllarynda obadan fronta giden esgerleriň ýazan hatlarydy. Bu sandykçany kakasy Atamyrat mugallym goýupdy. Olaryň arasynda hut öz atasynyň ýazyp giden hatlary bardy. Hatda şeýle jümleler bardy:

"Men yzyma dolanmarym öýdýän. Ýöne bu toprakda biziň nesillerimiz ýaşar. Olar ula bolan hormaty, türkmen ýigitleriniň gaýratlylygyny, ene-atalarynyň sarpasyny unutmasynlar. Taryh diňe kagyzda däl, ganymyzda bar..”

Bu sözler Serdarda üýtgeşik täsir galdyrdy. Ol elindäki hatlary bagryna basyp, aglap goýberdi. Ol ilkinji gezek atasynyň nämeler üçin ýaşaýandygyna, näme üçin her gün sabyr bilen çagalara bilim berýändigine doly düşünipdi.

Ertesi gün mekdebiň mejlisler zaly adamlardan doludy. Okuwçylar öz taýýarlan işlerini ýeke-ýekeden görkezip başladylar. Kimler gadymy küýze böleklerini, kimler bolsa ýaşululardan ýazan rowaýatlaryny alyp geldiler. Nobat Serdara ýetdi. Ol sahna çykanda zalyň içi ümsüm boldy. Atamyrat aga yzky hatarda  buýsanç bilen oňa seredip otyrdy. Serdar eli bilen köne sandykçany açyp  atasynyň hatyny alyp, ýuwaşja sesi bilen sözüne başlady:

— Hormatly mugallymlar, eziz okuwçylar! Men öňler taryhy diňe kitaplardaky ýazylan zatdyr öýdýärdim. Emma men düýn aňryýany bilen düşündim: taryh — bu biziň gözümizdäki gözýaş, ýüregimizdäki buýsanç we şu günki azatlygymyz eken. Eger biz ata-babalarymyzyň goýan yzlaryny unutsak, onda biz özümizi hem ýitireris.

Ol haty ýuwaşlyk bilen okap berdi. Zaldakylaryň köpüsi gözýaşyny saklap bilmedi. Atamyrat aga bolsa ýerinden turup, ogluna tarap ýöredi we ony berk gujaklady. Şol gün Serdar bäsleşikde birinji orny gazandy. Emma ondan hem wajyp zat bardy: ol ýitip barýan ruhy gymmatlyklaryň hakyky bahasyny öwrenipdi. Agşam öýe dolananda oglunyň gözündäki yşygy gören Atamyrat  aga täzeden ýaşlygyna gaýdan ýaly boldy.

 Aýgözel Berdiýewa Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 211-nji toparynyň talyby


Paýlaş:

Soňky habarlar

Salgymyz:
Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy
Telefon belgiler: