Bagtyýar talyplaryň ýürek buýsanjy

Bagtyýar talyplaryň ýürek buýsanjy

Gunça SAPAROWA, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby:

— Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda röwşen ertirleriň eýeleri boljak ýaş nesliň döwrebap okamagy, gurmagy, döretmegi, öz saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynda ýaşlar bilimlerini artdyrýarlar.

Şanly wakalara, rowaçlyklara beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —bedew batly at-myradyň mekany» ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň dabaraly bellenilýän ýylynda maňa talyp bolmak bagty miýesser etdi. Munuň üçin guwanjymyň, buýsanjymyň çägi ýok. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz, ýaşlara bildirýän uly ynamyny ödemek üçin yhlasymyzy gaýgyrman okap, geljekde öz saýlap alan ugrumyz boýunça ökde hünärmen bolup ýetişeris diýip ynandyrasym gelýär.

Eziz Diýarymyzda, ýaş nesliň ilhalar, watansöýüji, ynsanperwer bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Salgy : Türkmenmetbugat

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Zehin we başarnyk

26/05/2026

Zehin we başarnyk

Adamzat jemgyýeti ylmyň hasabyna iňňän belent derejelere ýetip bilýär. Ylym durmuşy kämilleşdirýär. ...

Kämil ynsan - beýik mugallym

28/04/2026

Kämil ynsan - beýik mugallym

Tutuş adamzadyň dost-doganlyk, raýdaşlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk baradaky garaýyşlaryny has-da...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09