Zehin we başarnyk
Adamzat jemgyýeti ylmyň hasabyna iňňän belent derejelere ýetip bilýär. Ylym durmuşy kämilleşdirýär. Ýaşaýşa zynat berýär. Adamzadyň durmuşa akyl ýetirmeginde ylmyň hyzmaty örän uludyr. Şonuň üçinem ylym dünýäsi ynsan üçin mukaddeslikleriň we gymmatly çeşmeleriň dünýäsidir. Täze taryhy zamanada hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ylym hem-de bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler halkymyzyň durmuşyna uly özgerşikleri girizjek ylym açyşlara badalga berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris.” diýip, ýurdumyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlara uly ynam bildirýär.
Ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde aýratyn zehinli talyplary ýüze çykarmakda “Arassa dem, sagdyn gadam” atly 2-nji ýyl talyplarynyň arasynda çilimkeşlige, neşekeşlige garşy plakat taýýarlamak we ony grafiki şekillendirmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň maksady talyp ýaşlaryň zehin gözleglerini, döredijilik ussatlyklaryny, hünär başarnyklaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini 2 görnüşde ýerine ýetirdiler:
- Grafiki görnüşde ýerine ýetirmekde bir tehnikada berjaý etmek, ýagny akwarelde, galamda, guaşda, ýagly galamlarda.
- Emeli aň boýunça çilimkeşlige, neşekeşlige garşy plakat taýýarlamak. Ony kompýuterde çap etdirmek.
Ýerine ýetirmeli işleriň ölçegleri 1 watman görnüşde alnyp baryldy.
Bäsleşigiň netijelerini jemlemek boýunça Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň içki portalda ses bermegi esasynda gowy ýerine ýetirilen işler saýlanyldy. Ýeňiji bolan toparlara mekdebiň adyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bossan MURZAÝEWA
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi