Ylym-bilime giň ýol açylýar

Ylym-bilime giň ýol açylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilimdir ylma giň ýol açdy. Häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň öňünde wajyp wezipeleri goýdy. Şolaryň oňyn çözülmegi üçin Mugallymçylyk mekdebimizde uly aladalar edilýän Pedagog -mugallymlarymyz multimedia tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglarymyzda okatmagyň oňaýly usullaryndan peýdalanyp, umumy, amaly, söhbet we tejribe okuwlaryny guraýarlar.
Ýurt baştutanymyzyň bilim ulgamynda geçirýän özgertmeleri özüniň gowy netijelerini berýär. Muňa biz Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary, öz gündelik durmuşymyzda, okuw işlerimizde göz ýetirýäris.
Önümçilik tejribeligiň esasy maksady — bu geljekki ýaş hünärmenleriň ele aljak kärini gowy bilmegine mümkinçilik bermegidir. Talyp ýaşlar tejribe we nazaryýet bilimlerini umumlaşdyrmak bilen çäklenmän, geljekki käriniň. wezipe borçlary.bilen hem iş ýerinde tanyşýarlar.
Mugallymçylyk mekdebimizde nazary bilimler bilen bilelikde okuw tejribeligi ýokary hilli alnyp barylýar. Nazary sapaklarda öwrenilen bilimleri halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda tejribede amal edilýär. Okuw we önümçilik tejribeliklerinde talyplar diňe bir okatmak bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň gazananlarynyň ýola goýluşy bilen tanyşýarlar.
Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Mekdebimizde okuw we önümçilik tejribelikleriniň nazary okuwlar bilen utgaşdyrylyşyny döwrebap guramak hem-de kämilleşdirmek işleri ýörite düzülen iş meýilnamasy esasynda alnyp barylýar. Okuw meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, talyp ýaşlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, olaryň nazary okuwlarda alan bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyryp berkitmek maksady bilen, 2025-2026-njy okuw ýylynyň dowamynda-da Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde okuw- önümçilik tejribelikleri geçilýär, Talyp ýaşlaryň tejribelikleri «Türkmenistanyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň önümçilik-hünär öwreniş tejribeligi hakyndaky» Düzgünnama laýyklykda geçirilýär Düzgünnama görä, geljekki mugallymlar bilim alýan ugurlaryna laýyklykda, şäherimiziň mekdeplerine we çagalar baglaryna tejribelige goýberilýär. Ýerine ýetirilen işler esasynda tejribeligiň gündeligi hem-de hasabatlary ýöredilýär.
Önümçilik tejribeligiň esasy maksatlarynyň biri hem, ýaş hünärmeniň özbaşdak zähmet çekmäge bolan ukybyny kesgitlemekdir, kämilleşdirmekdir. Geljekde talyp ýaşlarymyz öz saýlap alan hünärlerinden ussatlyk bilen baş alyp çykarmagy başarmalydyrlar. Bu bolsa talyp ýaşlara tejribe almaga, nazaryýetde öwrenen bilimlerini tejribede ulanmaga mümkinçilik berýär.
Talyplaryň önümçilik tejribeligi geçişlerine her bir ders boýunça degişli ugurdan okadýan halypa mugallymlar tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär we bahalandyrylan hasabat kabul edilýär.
Ata Watanymyzyň raýatlaryny eşretli durmuşa ýetiren, halkyny Gün kibi çoýýan, her bir türkmen ojagynyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Hormatly
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!


Agyşowa Miwe Şamyradowna, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Kämil ynsan - beýik mugallym

28/04/2026

Kämil ynsan - beýik mugallym

Tutuş adamzadyň dost-doganlyk, raýdaşlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk baradaky garaýyşlaryny has-da...

Täzelenişiň baýramy

21/03/2026

Täzelenişiň baýramy

Bahar paslynyň gelmegi bilen kalplarymyza şatlyk paýlaýan, tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan No...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09