Wagtdan nädip dogry peýdalanmaly?!
Wagt — iň uly baýlyk: ony nädip dogry dolandyrmaly? Durmuşda ýitirilen maddy baýlygyň ornuny tutup bolýar, täze mümkinçilikler bilen ýene-de gazanyp bolýar. Ýöne durmuşyň iň gymmatly serişdesi bolan wagt yzyna gaýtaryp bolmaýan ýeke-täk hazynadyr. Wagtyň gadyryny bilmek — bu diňe bir sagada seretmek däl, eýsem, her bir sekundyňy manyly we netijeli geçirmekdir.
Üstünligiň açary - “wagtyňy dolandyrmak”, eýsem bu näme?
Wagty dolandyrmak (Time Management) — bu diňe bir köp işlemek däl, eýsem işleriňi akylly meýilleşdirip, az wagtda köp we hilli netije gazanmakdyr. Häzirki wagtda dünýäniň iň meşhur şahsyýetleri öz wagtyny tertibe salmak üçin ýörite usullardan peýdalanýarlar. Geliň, olaryň iň netijelilerine seredip geçeliň:
“Eýzenhauer matrisasy” – işiň möhümlik derejesini anyklaň!
Işleriňizi dört topara bölüň:
Möhüm we gaýragoýulmasyz: şu wagt ýerine ýetirmeli (mysal üçin: ertirki synag ýa-da möhletli ýumuş).
Möhüm, emma gaýragoýulmasyz däl: geljek üçin meýilleşdirmeli (dil öwrenmek, kitap okamak).
Möhüm däl, ýöne gaýragoýulmasyz: başga birine tabşyryp biljek işleriňiz.
Möhüm däl we gaýragoýulmasyz däl: Bular sizin "wagt ogrylaryňyzdyr" (maksatsyz telefon ulanmak, biderek gepleşikler).
"Pomodoro" usuly: ünsüňizi jemläň.
Özüňizi bir işe bagyşlap bilmeýän bolsaňyz, bu usul size kömek eder. 25 minut doly ünsüňiz bilen işläň, soňra 5 minut dynç alyň. Bu usul beýniniň ýadamagynyň öňüni alýar we işjeňligiňizi ýokary saklaýar.
“Pili böleklere bölüp iýmek”.
Uly we kyn görünýän işleri (meselem, ýyllyk işi ýa-da uly taslama) kiçijik böleklere bölüň. Şonda ol size gorkuly görünmez we her bir kiçi bölegi bitireniňizde özüňize bolan ynamyňyz artar.
“Wagt ogrylaryndan” ägä boluň! Häzirki sanly eýýamda ýaşlaryň iň uly duşmany — maksatsyz sarp edilýän wagt. Sosial ulgamlarda sagatlap peýdasyz wideolary görmek siziň bilim almagyňyza, maşgalaňyz bilen wagt geçirmegiňize päsgel berýär. Şonuň üçin hem her gün özüňize şu soragy beriň: “şu wagt edýän işim meniň maksadyma hyzmat edýärmi?”
Wagty dogry ulanmak diňe bir okamak däl, eýsem, bedeniňe we ruhy dünýäňe wagt aýyrmakdyr. Ir turmak, bedenterbiýe bilen meşgullanmak we wagtynda ukyňy almak siziň iş ukybyňyzy 2-3 esse artdyryp biler.
Hormatly ýaşlar! Ýatda saklaň, şu günki sarp eden her bir sekundyňyz geljekki üstünligiňiziň binýadydyr. “Soň ederin” diýen düşünjeden daşlaşyp, “şu wagt başlamaly” diýen ýörelgä eýeriň. Sebäbi wagt siziň iň uly maýa goýumyňyzdyr.
Umyt Baýramalyýewa, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy