Okat­ma­gyň döw­re­bap usul­la­ry ös­dü­ril­ýär

Okat­ma­gyň döw­re­bap usul­la­ry ös­dü­ril­ýär

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän çagalar baglarynda, orta mekdeplerde kämil kompýuterler, multimedia tagtalary we häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Bu bolsa sapaklary täsirli guramaga, bilim berlişiniň hilini hasda ýokarlandyrmaga döwrebap mümkinçilikleri döredýär.
«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda asylly işler alnyp barylýar. Esasan hem, ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen okatmagyň has amatly we ýokary netijeli innowasion tehnologiýalary okuw-terbiýeçilik işlerine giňden ornaşdyrylýar. Bu barada aýdylanda, multimedia tagtalaryndaky şekilli görnüşleri, kompýuter tehnologiýalarynyň giň mümkinçiliklerini we beýleki sanly mümkinçilikleri bellemek bolar. Häzirki wagtda sapaklarda bu tehnologiýalardan giňden peýdalanylýar we ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, bilimleri tiz özleşdirmeklerine oňat täsir edýär. Munuň özi jemgyýetiň ösüşiniň häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýandygyny aýdyň beýan edýär.
Milli aýratynlyklarymyza laýyklykda, ýaş nesli terbiýelemek we dünýä derejesinde bilim bermek mugallymlaryň baş maksady bolup durýar. Bu bolsa bilim işgärleriniň, mugallymlaryň bilim öwretmek ukybynyň ýokary derejede bolmagyny talap edýär. Mugallymlar okuwçylaryň logiki pikirlenişiniň ýollaryny öwrenmäge we ösdürmäge borçludyrlar. Sapaklarda okuwçylaryň ünsüni çekmek, olaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny gazanmak mugallymyň ussatlygyny görkezýän ugurlardyr. Okuwçylaryň logiki pikirlenmesini ösdürmekde deňeşdirme, seljerme, sintez, toparlara bölme, umumylaşdyrma ýaly usullaryň ulanylmagy uly ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmek babatda beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri iň täze kompýuter we maglumat tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi. Biziň ýaşlarymyzyň ol tehnologiýalara erk etmekleri we kompýuter tehnologiýalaryndan baş çykarmaklary döwrebap bilimleriň aýdyň netijeleridir. Munuň özi ýaş nesliň logiki pikirlenmeleriniň ösýändigini, meseleleri çözmäge algoritmiki çemeleşmeleriniň kemala gelýändigini alamatlandyrýar.
Häzirki ylym-bilimiň ösýän döwründe dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, okatmakda döwrebap ugurlar ösdürilýär. Hut şu nukdaýnazardan, pedagogik işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmakda giň gerimli ulgamlaýyn özgertmeler geçirilýär. Munuň özi umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmäge oňat ýardam berýär. Şeýle asylly işleriň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrebap mümkinçilikleriň esasynda ösdürilýär, özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.


Merdan ATAÝEW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Gyz edebi

18/02/2026

Gyz edebi

Halkymyz gyz çagasyny aýratyn mähir bilen gurşap alýar. Olary ähli taraplaýyn gorap saklaýar. Ene-ma...

WATAN MUKADDESLIGI

16/02/2026

WATAN MUKADDESLIGI

Biziň ähli barlygymyz, hanymanymyz «Watan» diýen sözde jemlenýär. Ynsan üçin dogup-dörän ýerinden — ...

Ders bäsleşigi

18/01/2026

Ders bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygyn...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09