Bilim ulgamynda ýetilýän sepgitler

Bilim ulgamynda ýetilýän sepgitler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzyň ösüşleri barha ýokarlanýar. Aýratyn hem, bilim ulgamyny ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bilim ulgamy islendik döwletiň ösüşiniň we jemgyýetiň abadançylygynyň esasy sütünleriniň biridir. Bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bolsa, döwletiň uzak möhletli ösüş maksatlarynyň esasyny düzýär. Häzirki wagtda bilim edaralarynda okuw-terbiýe işlerini döwrebap derejede guramak maksady bilen täze okuw maksatnamalary ornaşdyrylýar. Okuw dersleriniň mazmuny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda täzelenýär.Bu bolsa okuwçylaryň we talyplaryň diňe nazaryýetini kämilleşdirmek däl-de, eýsem amaly başarnyklaryny hem ösdürmek üçin mümkinçilik berýär.
Ýaş nesliň bilim almaga bolan höwesi we mümkinçilikleri hem yzygiderli giňeldilýär. Mekdeplerde bilim bilen birlikde, ahlak we watançylyk terbiýesine, döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Olimpiadalar, bäsleşikler, ylmy-döredijilik çäreleri ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga şert döredýär.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem bilim bermekde döwrebap usullar giňden ulanylýar. Okuw otaglarynda innowasion tehnologiýalar, sanly bilim serişdeleri we multimedia enjamlary mugallymlaryň we talyplaryň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Sanly bilim ulgamy talyplaryň kompýuter we tehnologiýa bilen iş höwesini artdyrmaga we ösdürmäge hem-de halkara tejribeleri bilen tanyş bolmaga ýardam edýär.
Mekdebimizde okuw, diňe nazary bilim bilen çäklenmän, talyplaryň amaly başarnyklaryny ösdürmäge, pikirlenme ukyplaryny artdyrmaga we olary pedagogiki tejribe toplamaga höweslendirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa geljekki mugallymlaryň öz hünärini ýokary derejede ýerine ýetirmäge taýýarlykly bolmagyny üpjün edýär..
Gysgaça aýdylanda, Mugallymçylyk mekdebimiziň bilim bermegiň usullary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ösdürilýär we geljekki mugallymlaryň hünär taýýarlygyny güýçlendirilýär. Döwrebap tehnologiýalar, sanly bilim serişdeleri we innowasion pedagogika mekdebimizi Türkmenistanyň pedagogik bilim ojaklarynyň öňdebaryjylarynyň birine öwürdi.
Biz bilim işgärlerine şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallygymyzy bildirýäris.

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy Akjagül Ýoldaşow

Salgy : turkmenmetbugat.gov.tm 

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Gyz edebi

18/02/2026

Gyz edebi

Halkymyz gyz çagasyny aýratyn mähir bilen gurşap alýar. Olary ähli taraplaýyn gorap saklaýar. Ene-ma...

WATAN MUKADDESLIGI

16/02/2026

WATAN MUKADDESLIGI

Biziň ähli barlygymyz, hanymanymyz «Watan» diýen sözde jemlenýär. Ynsan üçin dogup-dörän ýerinden — ...

Ders bäsleşigi

18/01/2026

Ders bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygyn...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09