ÝAŞLAR DÖREDIJILIK DÜNÝÄSINDE

ÝAŞLAR DÖREDIJILIK DÜNÝÄSINDE

Şu gün ertirki nesilleriň badalgasydyr. Ertirleriň aladasy hut şu günlerden gözbaş alýar. Bu ýörelge, bu dessur Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem döwrüň derejesinde ösdürilýär. 

Ýaşlarymyzy ylma-bilime, döredijilik işlerine höweslendirmek we olaryň arasynda dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirip, aýratyn zehinlileri ýüze çykarmak döwrüň esasy talaplarynyň biridir.

Biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň esasy maksady talyplaryň saýlap alan hünärlerine we döredijilik ukyp-başarnyklaryna bolan höweslerini ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bu ugurda Mugallymçylyk mekdebimizde “Döredijilik we öwreniş” atly gurnagynyň çäginde her usuly birleşmä degişli hereket edýän birnäçe gurnaklary agzamak bolar. Türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň “Köňül kelamy”, “Edebiýat hakynda söhbet”, pedagogika we psihologiýa usuly birleşmesiniň “Ýaş mugallym”, “Psihologiýa”, “Altyn nesil”, “Çeper eller”, “Ýaş suratkeş”, “Jadyly owaz”, “Bedenterbiýe we sport”, matematika usuly birleşmesiniň “Al-Horezminiň şägirtleri”, “Ylym we tehnologiýa”, jemgyýetçilik we tebigat bilimleriniň usuly birleşmesiniň “Miras”, “Jahankeşde”, “Tebigat täsinlikleri” ýaly gurnaklaryň alyp barýan işleri ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerini berkitmekde, olaryň döredijilik gözýetimini giňeltmekde uly ähmiýete eýedir.

Dürli ugurlar boýunça hereket edýän bu gurnaklar talyplaryň diňe bir nazary bilimlerini däl, eýsem amaly başarnyklaryny hem kämilleşdirýär, gurnaklaryň işi talyplara hünär öwretmek bilen bir hatarda kämil şahsyýet hökmünde kemala getirmäge hem gönükdirilýär. Gurnak işleriniň netijeliligini her okuw ýylynyň dowamynda geçirilýän ylmy, döredijilik bäsleşiklerinde we talyplaryň gazanan üstünliklerinde aýdyň görmek bolýar. 

Ýaşlar syýasatyny özüniň ynsanperwer içeri hem daşary syýasatynda esasy ýörelgä öwren, ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylary hökmünde garaýan we olary jemgyýetiň iň işjeň bölegine deňeýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen ýaşlaryna nusgalyk ýol-ýörelge bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, röwşen ömürleri uzak, mertebeli başlary belent bolsun!

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň

mugallymy, mekdebiň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi

Bossan Murzaýewa

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Gyz edebi

18/02/2026

Gyz edebi

Halkymyz gyz çagasyny aýratyn mähir bilen gurşap alýar. Olary ähli taraplaýyn gorap saklaýar. Ene-ma...

WATAN MUKADDESLIGI

16/02/2026

WATAN MUKADDESLIGI

Biziň ähli barlygymyz, hanymanymyz «Watan» diýen sözde jemlenýär. Ynsan üçin dogup-dörän ýerinden — ...

Ders bäsleşigi

18/01/2026

Ders bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygyn...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09