WATAN MUKADDESLIGI

WATAN MUKADDESLIGI

Biziň ähli barlygymyz, hanymanymyz «Watan» diýen sözde jemlenýär. Ynsan üçin dogup-dörän ýerinden — ata Watanyndan, ene topragyndan eziz, şolardan gymmatly mukaddeslik ýokdur. Göbek ganymyzyň daman topragyny, onuň howasyny, ot-çöpüni, dagyny-düzüni, umuman, ata Watanymyzyň ähli mukaddesliklerini söýmek, olary gözümiziň göreji deý goramak biziň mukaddes borjumyzdyr. Sebäbi her bir ynsanyň dogduk Diýary — Watany onuň ömrüniň manysydyr, dowamatydyr.

Eşit adam dogan ilden,
Gaýry mähriban ýurt bolmaz-

diýen beýik akyldaryň «Türkmeniň» diýen waspnamasy Watanymyza, onuň merdana adamlaryna, tebigatyna guwanmaga, buýsanmaga ruhlandyrýar. Bu buýsanç türkmen hdlkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, urpadatlarymyza, sungatymyza, edebiýatymyza, mahlasy, ähli gymmatlyklarymyza giň ýol açan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe egsilmez häsiýete eýe boldy.
Ene topragymyz öz goýnunda biziň her birimize — öz perzentlerine barlyklaryndan, baýlykldryndan paý bölüp berýär. Watan perzentlerinde öz geljegini görýär. Ynsan terbiýesiniň esasyny onuň perzentlik haky, borçlary, parzlary — Watana gulluk etmek, onuň beren duzuny haklamak, topragynyň her bir daban ýeriniň gymmatyny duýup, jandan söýmek tutýar. Çünki Watan söýgüsi — iň belent we mukaddes söýgi. Ynsanda şondan beýik inçe we mukaddes duýgy ýokdur.
«Towşana dogduk depe» diýýän pederlerimiziň bu aýtgysy Mollanepesiň «Aňsa» atly şygrynda öz beýanyny tapýar.

Jereniň balasyn baksaň-bejerseň.
Suw ýerine şeker-şerbetler berseň, 
Höregne gül berip, bir güni görseň. 
Watandan el götör, çöl sesin aňsa.

Rowaýata görä, bir patyşa nökerleri bilen aw-şikara çykýar. Şonda olaryň ýoly gury agajyň üstünde täsin owaz bilen saýrap oturan guşjagazyň üstünden barýar. Patyşa onuň owazyna melul bolup, derhal ony tutup, öz gülzarlygyna goýbermegi emir edýär. Onuň emrini dessine berjaý edýärler. Emma guşjagaz öňküsi ýaly saýramaýar. Birnäçe gün geçse-de, ol asla saýramaýar. Guşjagazdan tamasy çykmadyk patyşa ony goýbermegi buýurýar we onuň nirä gidýänini yzarlamagy tabşyrýar. Guşjagaz şol öňki ýerinde — gury agajyň üstünde öňküden-de ajap saýramaga başlapdyr. Nökerler gören ahwalyny patyşa aýdyp beripdirler. Şonda patyşa «Öz Watanymyň gury agajyna gurban» diýen pederlerimiziň aýdany çyn eken» diýipdir.
 

Nurtäç HALMYRADOWA, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Daşoguz habarlary gazeti,  05.02.2026ý. №6

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Ders bäsleşigi

18/01/2026

Ders bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygyn...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09