Ders bäsleşigi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesliň bilim, döredijilik we ylym ugurlarynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmaga gönükdirilen dürli bäsleşikler guralýar. Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan matematika, fizika we informatika okuw dersleri boýunça ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinden talyplary özünde jemläp, ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň kämillik derejesini görkezmäge giň mümkinçilik döretdi.
Bäsleşikde Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebi öz zehinli ýaşlary bilen aýratyn tapawutlandy. Netijede, matematika dersi boýunça mugallymçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Aýzada Gurbanowa birinji, 3-nji ýyl talyby Jeren Rejepbaýewa üçünji, informatika dersi boýunça 1-nji ýyl talyby Gülnur Bezirgenowa 3-nji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle üstünlikler ýaşlaryň matematika we informatika ylymlaryna bolan höwesini artdyryp, olaryň geljekde hem uly sepgitlere ýetmegine ruhy güýç berýär.
Güljemal OMAROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, mekdebiň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.
Salgy : Türkmenmetbugat