Talyp türgenleriň üstünlikleri

Talyp türgenleriň üstünlikleri

“HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK” ýylynda Daşoguz welaýatynyň orta hünär we tehniki-hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 18-ne “TÜRKMENISTAN-RUHUBELENTLIGIŇ WE SAGDYNLYGYŇ ÝURDY” atly XV spartakiadasy geçirildi.
Spartakiada Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň sport eýwanynda geçirildi. Sportuň ,,DÜZZÜM” görnüşinden geçirilen bäsleşige Daşoguz şäherindäki orta hünär we tehniki-hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary bilen bilelikde Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde okaýan düzzümçi talyplar topary hem gatnaşdylar.
Çekeleşikli geçen bäsleşikde toparlaýyn görnüşde Beki Seýtäkow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň topary I orny, Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi II orny we Gurbansoltan eje adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi 
III orny eýelediler.Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara ,,Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň hormat hatlary gowşuruldy.

Begmyrat Taýtakow
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk 
mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Zehin we başarnyk

26/05/2026

Zehin we başarnyk

Adamzat jemgyýeti ylmyň hasabyna iňňän belent derejelere ýetip bilýär. Ylym durmuşy kämilleşdirýär. ...

Kämil ynsan - beýik mugallym

28/04/2026

Kämil ynsan - beýik mugallym

Tutuş adamzadyň dost-doganlyk, raýdaşlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk baradaky garaýyşlaryny has-da...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09