“Salam, mugallym!”

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bilen öňe barýan diýarymyz baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýar. Şanly baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň çar künjünde dabaraly çäreler, ylmy-amaly maslahatlar, bäsleşikler geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri ýaňy-ýakynda biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde “Salam, mugallym” ady bilen geçirildi. Mekdebimiziň ikinji ýyl talyplarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşik mugallymçylyk dünýäsine gadam basmaga taýynlanýan talyplar üçin aýratyn tejribe ähmiýetine eýe boldy.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylar sapagyň üç sany döwrüni: guramaçylyk döwrüni, täze temany düşündirmek, sapagy jemlemek döwürlerini geçip görkezmelidi. Munuň üçin talyplara jemi 20 minut wagt berildi. Mugallymçylyk mekdebinde hereket edýän alty sany usuly birleşmäniň adyndan alty sany talyp çykyş etdi. Çykyşyň dowamynda her talyp öz saýlap alan temasyna laýyklykda taýýarlan sapak ýazgysyndan, prezentasiýalaryndan peýdalanyp sapak geçdiler.
Bäsleşik diýseň çekeleşikli geçdi. Talyplar nazaryýetde öwrenen bilimlerini amal etmek üçin berk taýýarlyk görüpdirler. Mekdebimiziň mugallymlaryndan düzülen emin agzalarynyň netijelerine laýyklykda, iňlis dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň adyndan çykyş eden talyp Saparbaýewa Mehriniso hem-de rus dili usuly birleşmesiniň adyndan çykyş eden talyp Matkarimowa Azada dagy üçünji oma, jemgyýetçilik we tebigy bilimleri usuly birleşmesiniň adyndan çykyş eden talyp Hydyrowa Oguljan hem-de pedagogika we psihologiýa usuly birleşmesiniň adyndan çykyş eden talyp Zahyrowa Bibinyýaz ikinji orna, matematika usuly birleşmesiniň adyndan çykyş eden talyp Annaýewa Leýli birinji orna, türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň adyndan çykyş eden talyp Tursunowa Raýhan baş baýraga mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ahyrynda eşretli zamanada okamaga, öwrenmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.
Umyt Baýramalyýewa, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09