Bilim işgärleriniň özara pikir alyşmasy-döwrebap ösüşiň açary
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda ýaýbaňlandyrylýan özgertmeleriň çäklerinde bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir.
Şol maksatlardan ugur alnyp 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň guramagynda ,,Bilim işgärleriniň özara pikir alyşmasy-döwrebap ösüşiň açary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň halypa mugallymlary uzak aralykdan teleköpri arkaly gatnaşdylar. Maslahata welaýatymyzyň orta mekdeplerinden mugallymlar hem-de çagalar baglaryndan terbiýeçiler gatnaşdylar.
,,Bilim işgärleriniň özara pikir alyşmasy-döwrebap ösüşiň açary” atly ylmy-amaly maslahat ilki umumy mejlis hem-de bölümçeler esasynda dowam etdirildi.
Umumy mejlisde Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktory Ýaranow Allamyrat Sapargulyýewiç ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara gutlag sözüni aýtdy.
I bölüm okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça çykyşlar;
II bölüm umumy bilim berýän orta mekdepler we çagalar bagy boýunça çykyşlar; III bölüm ylym-bilim ulgamyndaky gazanylan üstünlikler boýunça ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň halypa mugallymlarynyň çykyşlary esasynda geçirildi.
Ylmy-amaly maslahatda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Ataýew Merdan Rejepgulyýewiç; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen dili käfedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý.,filologiýa ylymlarynyň kandidaty Myradowa Gurbangül; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymlary Baýramowa Aýlar, Geldiýew Muhammet; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Baýramowa Ogulbagt; Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Annagulyýewa Maral Muhammedowna; Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Rejepowa Gülälek; Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň halypa mugallymy Nurnazarow Gaýypnazar; Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň halypa mugallymy Arazberdiýewa Şeker; Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Daşoguz şäher Halk maslahatynyň agzasy, ,,Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýubileý medalynyň eýesi Amangeldiýewa Maýsagözel Muhammedowna; Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Saparowa Merjen çykyş etdi.
Çykyş edenler ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, orta we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, hilini ýokarylandyrmakda we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, ýaşlaryň hünär ussatlygyny gazanmakda ähmiýetli bolan temalar esasynda örara pikir alyşdylar.
Ata-babalarymyzyň ,,Bilimli il-ozar, bilimsiz il–tozar” diýen nakyly häzirki döwürde-de öz ähmiýetini ýitirmeýär. Ykdysady taýdan durnukly ösüşe eýe bolan döwletiň düýpli bilim özgertmelerini amala aşyrmaga ukyplydygyna dünýä tejribesi şaýatlyk edýär.
Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim syýasatynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Çünki bilim ulgamy ýurduň ösüşinde ähmiýetli orna eýedir
Ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Daşoguz şäher Halk maslahatynyň agzasy,
,,Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýubileý medalynyň eýesi
Amangeldiýewa Maýsagözel Muhammedowna