Ahlakly nesil – bagtyýar geljek
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär, täze zähmet üstünliklerine beslenýär.
Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanýan ýylynda biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem dabaraly çäreler, ylmy-amaly maslahatlar, sport ýaryşlary, aýdym-sazly çykyşlar yzygiderli geçirilýär.
Şeýle çäreleriň biri ýakynda mekdebimiziň birinji ýyl talyplarynyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleriniň üsti bilen çeper we ylmy edebiýata söýgüni ösdürmek, milliligi wagyz etmek, ýokary ahlak, ynsanperwerlik ýörelgelerini talyp ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak maksady bilen geçirildi.
Türkmenistanyň baky Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygy, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen bu bäsleşikde mekdebiň hünär ugurly talyplary usuly birleşmeler tarapyndan düzülen alty sany topar çykyş etdi. Bäsleşik jemi 4 tapgyrda geçirildi: birinji şertde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserlerindäki parasatly pähimlerine, ýol-ýörelgelerine salgylanan döredijilik çykyşlary bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň bu şertinde baýramçylyk ruhuny, çykyşlaryň täsirliligini artyrmak maksady bilen, sahna bezegine, milli lybaslara aýratyn üns berdiler. Sanly bilimiň mümkinçiliklerinden peýdalandylar.
Bäsleşigiň ikinji şertinde gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri esasynda taýýarlanan sahna eserleri bilen çykyş etdiler. Terbiýeçilik ähmiýeti öňe sürlen bu çykyşlar has-da täsirli boldy. Matematika we jemgyýetçilik ylymlary usuly birleşmeleriniň talyplary bäsleşigiň bu şertinde aýratyn tapawutlandylar.
Talyplaryň arasynda uly söýgi bilen okalýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndan taýýarlanan test esasynda bäsleşigiň üçünji şerti geçirildi. Bu şertde talyplaryň kitaplaryň mazmuny bilen tanyşlygy barlandy.
Pikir alyşmaklyga gönükdirilen dördünji şertde talyplar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň mazmuny dogrusynda gürrüň etdiler. Talyplaryň söz baýlygynyň “ölçenýän” bu şerti has-da çekeleşikli boldy.
Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň wekilleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň wekilleriniň, Daşoguz şäher Medeniýet Merkeziniň işgärleriniň, Daşogzuň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň eminlik etmeginde geçirilen bu bäsleşikde baş baýraga Mugallymçylyk mekdebiniň matematika usuly birleşmesiniň talyplary mynasyp boldular, jemgyýetçilik we tebigat bilimleri usuly birleşmesiniň talyplary birinji orna, pedagogika we psihologiýa usuly birleşmesiniň talyplary ikinji orna, iňlis dili usuly birleşmesiniň talyplary üçünji orna, türkmen dili we edebiýaty hem-de rus dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň talyplary höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan kitaplary esasynda geçirilen bu bäsleşik talyplyk dünýäsine gadam basan birinji ýyl talyplaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Dabaranyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagy arzuw edildi.
Umyt Baýramalyýewa, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy