Pagtaly pelleriň ýatlamasy (oýlanma)
Ol wagtlar pagta möwsüminde «ak altyny» isripsiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak üçin uly-kiçi hemmeler gowaça meýdanlarynda säher dogan Gün bilen bile örlüp, Gün ýaşandan soňra öýe gaýdardylar. Häzirki ýaly döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň bolmandygy sebäpli, pagta ýygymynda el güýji näçe köp bolsa gowudy. Üýşülip edilýän işiň gyzygy bir başga. Şeýle gyzykly günler agzybirligi berkedip, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklara mähir gatardy.
Biz bäş joradyk. Hemmämiz bir köçede ýaşanymyz, bir synpda okanymyz üçin zol-zol görüşerdik. Säher bilen pagta ýygmaga-da bileje giderdik. Şeýle günleriň birinde joramyz Altyn ýaraman, öýde galmaly boldy. Biz muňa gynandyk. Şol gün pagtany-da höwessiz, aýdym aýtman, kän bir degşip-gülüşmän, ümsüm ýygdyk. Bu ýagdaý biziň Altynyň syrkawlandygyna gynanýandygymyzyň alamatydy. Edil biziň gyzlar bolup, toparlanyp pagta ýygşymyz ýaly, biz deň-duş oglanlar hem töweregimizde üýşüp pagta ýygardylar. Olaryň arasynda synpdaşlarymyz, bizden birki synp ulurak oglanlar hem bardy. Altynyň ýaraman pagtadan galan güni gapdalymyzda pagta ýygýan oglanlaryň içinde Didar atly oglanyň biziň keşimiziň bir o ýan, bir bu ýan gapdalyndan geçip köwejekläp ýörmegi ünsümizi çekdi. Ahyry Didar partygyny pagtadan dolduryp geldi-de, ýygan pagtalaryny dördümize deňje paýlady. Biz oňa «sagbolsun» aýdyp, pagta ýygyberjek bolanymyzda bolsa, ol çekine-çekine joramyz Altynyň näme sebäpden ýokdugyny sorady. Men şonda Didaryň sorag berip duran wagty gyzarýan ýüzünden, sandyraýan sesinden onuň nähilidir birtäsin duýgyny başyndan geçirýändigini duýdum. Altynyň ýaramaýandygyny eşiden Didaryň gama batyp, ak pagtalaryň arasyndan boýnuny sallap gidip barşy häzirem göz öňümde. Ol özüniň gardan hem ak söýgüsini kalbynda gizläp gidip barsa-da, göýä ak bulutlara çalymdaş ak pagtalar onuň syryny äleme äşgär edýän ýalydy...
Ýyllar geçdi. Biziň ak pagtaly meýdanlarda ak ýürekden eden arzuwlarymyzyň hemmesi hasyl boldy. Didar bilen Altyn päk söýginiň wysalyna gowşup, bagt toýuny tutsalar, men öz arzuw edýän bilim ojagymyň talyby boldum. Beýleki joralarymyz hem öz arzuwlaryna ýetip, bagtly durmuşda ýaşaýarlar. Biz häli-häzirlerem başymyz jemlenip, toýda-tomguda duşsak, ak pagtaly meýdanlarda geçen ýaşlyk ýyllarymyzyň süýji pursatlaryny ýatlap, gyzykly ýatlamalaryň goýnuna dolanýarys. Wagt tapyp, ýaşlyk ýyllarymyzyň bezegi bolan ak pagtaly pellere aýlanýarys. Ak bagta çalym edýän ak pagtalary ýüzümize sylyp, durmuşymyzyň geljeginiň hem ak günlere beslenmegini dileýäris. Bu arzuwlarymyzyň hem ýaşlyk arzuwlarymyz ýaly hasyl boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. Çünki ak niýete çalymdaş ak pagtaly pellerde edilen ähli arzuwlar hasyl bolýar.
Sona KURBANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Salgy : Türkmenmetbugat