Türkmen türgeni rekordy täzeledi
Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde geçirilen Ýaşlaryň arasyndaky Aziýa oýunlarynda türkmenistanly agyr atletikaçy Didarbek Jumabaýew altyn medal gazandy. Bu barada ýaryşyň resmi saýty habar berýär. Didarbek 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, itekläp götermekde 177 kilogram agyrlyga eýe bolan ştangany galdyrmagyň hötdesinden geldi. Munuň özi ýaşlaryň arasynda Aziýanyň täze rekordydyr. Itekläp götermekde kümüş medaly gazagystanly Nuržan Jumabaý (176 kg), bürünç medaly bolsa hytaýly Sýa Ao (172 kg) eýeledi. Silterläp götermekde Didarbek 138 kilogram netije bilen üçünji orny eýeledi. Bu görnüşde birinji orna Nuržan Jumabaý (146 kg), ikinji orna bolsa Bahreýniň wekili Adrian Grandž (142 kg) ýerleşdi.
Taýýarlan:
Taýýarlan:
Döwran GURBANOW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Salgy : Türkmenmetbugat