HORMATA MYNASYP HALYPA
Meniň işe başlan ilkinji günlerimdi, özüme berkidilen iş otagymyň gabat garşysynda aýdym-saz otagy bardy, işden boş wagtlarym bu otaga baryp, mekdebimiziň aýdym-saz mugallymy Suhan Babanow(Türkmenistanyň hormatly “Il ýaşulysy”, merhum) bilen birlikde saz çalmagy halardym. Bir gün işden soň Suhan aga täze bir sazyň üstünde işleýändigini, meniň bu saz üçin dep kakyp bermegimi sorap maňa ýüz tutdy, men iki elläp razylaşdym. Şeýlelikde Suhan aga akkordeonda saz çaldy, men bolsa onuň depini kakdym, işimiz kem-kemden ilerläp, azabymyz ýerine gowşup ugrady. Aralygynda men Suhan aga özümiň azda-kände akkordeon saz guralyny çalmakdan hem başymyň çykýandygyny ýaňzytdym, halypa mugallym muňa diýseň begendi, salymyny bermän elindäki saz guralyny elime tutdyrdy-da:
-Hany inim, bir heň çalyp ber onda-diýip, maňa ýüzlendi. Men halypanyň ýanynda biraz aljyrajak boldum, sebäbi entek öwrenjedim, sazandalygym-da ýabygorlydy. Ýadyma düşýär, men şol gezek Suhan aga “Aýly gijeler” atly türkmen aýdymynyň sazyny çalyp beripdim. Ol meniň çalan sazymy üns bilen diňläp, kem gaýdan ýerlerimi, heňiň inelge-çykalgasyny düşündirdi. Men halypanyň belliklerinden netije çykaryp, sazy gaýta-gaýta çaldym, kem-kemden Suhan aganyň ýüzünden saz çalşymdan kanagatlanýandygyny duýdum. Şu mahal gapy açyldy-da mekdebiň şol wagtky okuw bölüminiň müdiri Gaýypnazar Nyrnazarow ýylgyryp girip geldi, onuň iş otagy biziň otagymyzdan bir gat pesdedi, çemesi biziň sazymyzy eşidip gelen bolmalydy. Ol meniň elimdäki akkardeony görüp begendi:
-Bir delje sazanda peýda boldy diýsem mundan çyk-dow bu, täze işgärimizi diňe matematika mugallymy diýip tanaýardyk welin, sen asyl saz hem çalýarmydyň?! -diýip, halys ýürekden begenjini aýan etdi.
Gaýypnazar aga hem sazanda eken, ol akkardeonda, Suhan aga klarniýetde, men bolsa deprekde-üç bolup saz çaldyk.
“Işi eýesine tabşyr” diýleni, dogry zada dogry diýmeli, olar hakykatdan hem ussatdylar,näme-de bolsa meniň deprek kakyşym olaryň göwnünden kem-käs turdy öýdýän Gaýypnazar aga “Inim, ýigide müň dürli hünär hem azdyr, berekella, şeýdip öwrenibermeli! Mugallymçylygyň özi bir sungatdyr, hakyky mugallym köp taraplaýyn bolmaly. Ol gerek ýerinde sazanda, gerek ýerinde artist,syýasatçy, gerek ýerinde şahyr bolmaly, okuw-terbiýeçilik işine diňe şeýle nukdaý nazardan çemeleşeniňde işiňde üstünlik, käriňde abraý gazanyp bilersiň.Sapakda synp tagtasynyň öňündäki giňişligi teatryň sahnasy diýip göz öňüne getir!Mugallymyň sapagynyň nä derejede netijeli boljakdygy onuň bu sahnada öz roluny ýerine ýetirip bilşine bagly.Sen bu sahnada ýerine ýetirýän keşbiňi,bu keşbiň diýjek bolýan pikirini-ideýasyny tomaşaçylaryň-talyplaryň ýüregine doly ýetirip bilseň sapak öz maksadyna ýetdigi bolar.Munyň üçin mugallymyň çeper dile baý bolmagy wajypdyr.Sebäbi mugallym temany düşündirende onuň sözi ýakymlydan çeper,manyly, logiki yzygiderlikde beýan edilmeli,diňe şeýle çemeleşilende okuwçylar,talyplar seni diňlär,kabul eder” diýip, maslahat berdi.
Görüp otursam ýaşulynyň özi hem hünäri boýunça matematika mugallymy bolup çykdy. Soň-soňlar onuň sapaklaryna gatnaşyp, halypanyň sözleriniň müň kerem mamladygyna göz ýetirdim. Gaýypnazar mugallym hakykatdan hem matematika sapaklarynda diňe bir matematiki düşünjeleri däl, eýsem matematikanyň üsti bilen talyplara tutuş durmuşy öwredip bolýandygyny subut edip görkezýärdi. Meniň üçin başlangyç synpyň matematikasyny okatmagyň usulyýeti nätanyş bolansoň her ädimde halypa sorag bilen ýüzlenmeli bolýardym. Gaýypnazar mugallym başlangyç düşünjeleri bermegiň tärlerini yhlas bilen maňa düşündirerdi, men bolsa öz okuw işlerimde oňa amal ederdim. Ol polady ýumşak, parasatly ynsan, onuň bilen söhbetdeş ýa-da ýoldaş bolaýsaň hiç wagt ýadamany bilmersiň, ol uly bilen uly, kiçi bilen kiçi ýaly adam. Halypa mugallym hiç wagt mätäje kömek bermekden, zerura maslahat bermekden ýüz dönderen adam däl, ol iliň hyzmatynda, iliň adamy. Şu günki gün men pedagogika ugrundan nähilidir bir sepgide ýeten bolsam, munda Gaýypnazar mugallymyň saldamly goşandy bar diýip pikir edýärin. Şeýle ynsan bilen bile işleşmek, halypa-şägirt bolmagyň özi bir uly bagt bolsa gerek diýip pikir edýärin.
Köp ýyllyk çeken asylly zähmetini göz öňünde tutup, öz käriniň ussady Gaýypnazar Nurnazarowa Hormatly Arkadagymyzyň permany bilen “Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri” diýen hormatly at berildi. “Işleseň il tanar” diýlişi ýaly halypa mugallymyň zähmetiniň tüýs ýerine düşendigine il bolup begendik.
Halypa mugallym indi ýarym asyr çemesi wagt şu mugallymçylyk mekdebinde zähmet çekýär. Onuň okadan talyplary-mekdebimiziň uçurymlary ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ak ýürekden zähmet çekip, ýaş nesle bilim bermek, olary milli ruhda terbiýelemek işlerine uly goşantlaryny goşup ýörler.
Ýeri gelende aýtsak biziň Mugallymçylyk mekdebimizde Hormatly Prezidentimiziň ýaş hünärmenlere döwrebap bilim-terbiýe bermek,olaryň hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmek baradaky asylly syýasatyndan ugur alyp, halypa-şägirtlik gatnaşygy göwnejaý ýola goýulýar. Aramyzda makalamyzyň gahrymany-Gaýypnazar Nurnazarowyň egindeşleri, halypa mugallymlar Amanbaý Jowjyýew, Muhammet Döwletgeldiýew,Amangeldi Musaýew ýaly halypalaryň talyplara bilim we terbiýe berip, biz bilen bir okuw jaýynda zähmet çekmegi şonuň ýaly-da olaryň uzak wagtlyk zähmet ýolunda toplan iş tejribeleri ýaş mugallymlarymyza we talyp ýaşlarymyza durmuş mekdebi bolup hyzmat edýär. Halypa mugallymlarymyz özleri üçin öwretmäge-işlemäge, döretmäge döredilip berilenen mümkinçiliklerden ruhlanyp, öndebaryjy zähmet çekýärler, şonuň ýaly-da hemişe Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly gahryman Serdarymyza tut ýaly jan saglyk, uzak ömür, halkymyzy ýagty gelejek sary alyp barýan il bähbitli tutumly işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny beýik biribardan dileýärler.
Arazgeldi Ýegenow.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy.