Ça­ga — dur­mu­şyň gü­li

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da bu gün­ki gün­de gel­je­gi­miz bo­lan ça­ga­lar çuň­ňur ala­da bi­len gur­şal­ýar. Ça­ga­lar bag­la­ry­nyň tä­ze bi­na­la­ry­ny ula­ny­şa ber­mek in­di ýur­du­myz­da dä­be öw­rül­di. Şä­her­le­ri­miz­de ça­ga­la­ryň oý­nap, wagt­la­ry­ny hoş ge­çir­mek­le­ri üçin ni­ýet­le­ni­len meý­dan­ça­la­ryň sa­ny yzy­gi­der­li art­ýar. Ça­ga­lar bag­la­ryn­da­ky ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri edep­li-ek­ram­ly ne­sil­le­ri ýe­tiş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ýer­de ça­ga­lar jem­gy­ýet­de bi­le­lik­de we ag­zy­bir­lik­de ýa­şa­ma­gyň il­kin­ji en­dik­le­ri­ne eýe bol­ýar­lar, Wa­ta­ny­ny, il-gü­nü­ni söý­me­gi öw­ren­ýär­ler.


Ter­bi­ýä­niň üç şa­ha­sy — jem­gy­ýe­tiň, maş­ga­la­nyň we mek­de­biň ber­ýän ter­bi­ýe­si aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­da ama­la aşy­ryl­ýar. Ter­bi­ýe me­se­lesi­ne has dyk­gat bi­len çe­me­le­şil­ýän­di­gi­niň esa­sy se­bäp­le­rin­den bi­ri hem maş­ga­la ter­bi­ýe­si­niň ne­sil ter­bi­ýe­sin­de kes­git­leý­ji we­zi­pä­ni eýe­le­ýän­di­gin­de­dir, çün­ki maş­ga­la ça­ga­nyň be­den ter­bi­ýe­si­ne hem, ru­hy-ah­lak ter­bi­ýe­si­ne hem top­lum­la­ýyn çe­me­leş­mek bi­len, bu me­se­le­de mek­de­biň hem jem­gy­ýe­tiň da­ýan­jy­na öwrül­ýär. Maş­ga­la ça­ga­nyň ýa­şa­ýan hem ter­bi­ýe­len­ýän ýe­ri­dir. Şol se­bäp­li hem ça­ga­nyň şah­sy­ýet hökmün­de ke­ma­la gel­me­gin­de esa­sy we­zi­pe maş­ga­la­nyň üs­tü­ne düş­ýär.


Türk­men hal­ky ne­sil ter­bi­ýe­si­ne aý­ra­tyn üns­lü­lik, ta­la­be­di­ji­lik bi­len çe­me­le­şip­dir. Wa­ta­ny­ňa, ata-ene­ňe we­pa­ly bol­mak üçin ja­ny­ňy or­ta goý­ma­ga taý­ýar­lyk ça­ga en­tek sal­lan­çak­da­ka ene­si­niň, eje­si­niň gyz do­gan­la­ry­nyň hüw­dü­si bi­len onuň ga­ny­na siň­di­ri­lip­dir.


Ça­ga — dur­mu­şyň gü­li, ýa­şaý­şyň öze­ni. Şu hak­da gür­rüň ede­niň­de, pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan bir däp ýa­dy­ňa düş­ýär. Per­zen­di he­niz ene göwresindekä mä­hir­li ala­da­lar bi­len gur­şap al­mak, dün­ýä inen­den soň ony apa­lap, sag­dyn ös­dür­mek, go­wy edep-ter­bi­ýe be­rip, il ha­ta­ry­na goş­mak parz iş. Bi­ri-bi­ri­ne örk­le­nip, do­wa­ma­ta uzap gid­ýän bu ýö­rel­ge­ler türk­me­niň ne­sil da­rag­ty­nyň mu­kad­des top­ra­ga berk kök ur­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Ila­tyň jan sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­ny döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň de­re­je­si­ne gö­te­ren, aý­ra­tyn hem, ne­sil sag­dyn­ly­gy hak­da yzy­gi­der­li ta­gal­la ed­ýän döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýö­rel­gä­ni has hem ýaý­raw­ly do­wam et­dir­ýär. Türk­me­nis­tan bag­ty­ýar ça­ga­ly­gyň hem-de iň ar­zy­ly is­leg­le­riň ha­syl bol­ýan ýur­du­na öw­rül­di. Mu­nuň aňyr­syn­da bol­sa ýurt Baş­tu­ta­ny­my­zyň bag­ty­ýar ça­ga­ly­gy üp­jün et­mek­dä­ki taý­syz ta­gal­la­sy bar.


Ýo­kar­da hem bel­leý­şi­miz ýa­ly, ter­bi­ýä­niň öze­ni wa­tansöýü­ji­lik ter­bi­ýe­si­dir. Beý­le­ki ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­nyň äh­li­si şu söýgi­niň töwe­re­gin­de jem­len­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly ki­ta­byn­da mil­li ru­hu­my­za si­ňen ata Wa­tan, ene top­rak we beý­le­ki mu­kad­des­lik­ler ba­ra­da eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýän aja­ýyp pi­kir­le­ri ça­ga­la­ry ter­bi­ýe­le­me­giň ýol-ýö­rel­ge­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Wa­tan — ene gu­ja­gyn­dan, maş­ga­la oja­gyn­dan baş­lan­ýar. Ça­ga­nyň zäh­me­te gat­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len ene top­ra­ga bolan söýgü­si­niň art­ma­gy ga­za­nyl­ýar.


Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da sag­dyn dur­mu­şy ke­ma­la ge­tir­mek, ru­hu­be­lent, berk be­den­li ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­ler tä­ze de­re­jä çyk­ýar. Hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän iri sport top­lum­la­ry­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi, öň bar bo­lan sport des­ga­la­ry­nyň dur­ku­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.


Bi­ze ber­ka­rar döw­le­ti, bag­ty­ýar za­ma­na­ny be­ren Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ömür­le­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!


Aşyr­dur­dy AL­LA­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň
Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy,
Türk­me­nis­ta­nyň Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 18.08.2025


Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09