Körpeleriň dünýägaraýşyny ösdürmek
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly durmuşa geçirilýän işleriň iňňän uly ähmiýeti bar. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagynda we olaryň zehin başarnyklarynyň ýüze çykmagynda iň kämil, döwrebap usullardan ýerlikli peýdalanyp bilmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bu döredilýän mümkinçilikler çagalar bagymyzda zähmet çekýän işgärleriň ruhuny belende göterýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesliň kämil derejede terbiýelenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Çagalar biziň geljegimizdir. Olar biziň ertirimizdir. Olaryň ýaşlygyndan başlap, aň-düşünjesiniň ösmegi, ähli zada ünsli çemeleşip, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi döredijilikli zähmet çekmäge badalga berýär. Şonuň üçin ýaş nesliň bu günki günde alýan bilim-terbiýesi esasy orunda durýar.
Çagalar baglarynda körpelere oýunlaryň üsti bilen berilýän bilim-terbiýeçilik işleriniň ähmiýeti uludyr. Halkymyzda çaga terbiýesine has eserdeň garalyp, olaryň milli oýunlaryň üsti bilen terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa dürli milli oýunlaryň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Milli oýunlarymyzyň terbiýeçilik ähmiýeti çagalaryň sazlaşykly ösüşinde aýdyň görünýär. Şonuň üçin çagalaryň aňlarynda ýatda galýan milli oýunlarymyz arkaly bu meselä aýratyn üns berilýär. Dürli oýunlar arkaly berilýän bilim-terbiýeçilik işleriniň mazmuny barha kämilleşdirilýär. Halkymyzda «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlip, ýöne ýerden aýdylmandyr.
Çagalar bagymyzda körpe nesilleriň beden taýdan sagdyn ösmegi üçin alyp barýan işlerimize has döredijilikli çemeleşýäris. Çagalaryň irki döwürdäki ösüşinde olara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak her bir terbiýeçiden ussatlygy talap edýär. Körpe nesilde bilim almaga höwes döretmek, zähmet endiklerini kemala getirmek, ene dilini we daşary ýurt dillerini öwretmek terbiýeçileriň borjy bolup durýar. Munuň üçin sapaklar täsirli guralýar.
7-nji çagalar bagynyň müdiri.