Ylym dünýäsiniň ýiti zehini (Siziň deň-duşuňyz)

Ylymda «Fizika ― tebigatyň dili» diýilýär. Oňa düşünmek bolsa ýeňil-ýelpaý iş däl. Bu çylşyrymly ylmy diňe irginsiz yhlas hem-de ýiti zehin arkaly özleşdirmek mümkin. Şeýle müşgillige çynlakaý çemeleşip, älem syrlarynyň açary bolup hyzmat edýän fizika bilen ýakyndan gyzyklanýan mekdep okuwçylarynyň biri ― Döwlet hem bu ugurdaky ukyp-başarnygy bilen halkara bäsleşiklerdir olimpiadalarda baýrakly orunlaryň eýesi bolup gelýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen ýaşlarynyň gazanýan guwandyryjy üstünlikleriniň hatarynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Döwlet Annamyradowyň hem mynasyp paýy bar. Döwlet şu ýylyň 13 — 17-nji ýanwary aralygynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada geçirilen matematika, fizika we informatika boýunça «IZhO-2025» XXI Halkara Žautykow olimpiadasyna gatnaşyp, kümüş medal gazanmagy başardy. Erjel ýigit 2025-nji ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Russiýa Federasiýasynda geçirilen I Kapitsa olimpiadasynda hem baýrakly 3-nji orny eýeledi. Bulardan başga-da, Döwlet şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilýän «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly 2-nji utgaşykly olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolup, uniwersitetiň «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly Altyn gaznasynyň agzalygyna kabul edildi.

Döwletiň ylym-bilimde gazanýan üstünlikleri sanadygyňça barha uzap gidýär. Ol şu ýylyň 4 — 12-nji maýy aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Dahran şäherinde geçirilen fizika boýunça 25-nji Aziýa olimpiadasynda (APhO-2025) hem höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.

Şeýle buýsandyryjy netijeleri gazanmakda, elbetde, halypa mugallymlaryň möhüm orny bar. Döwlet mekdebiň fizika mugallymy Eziz Oraznepesowyň sapak bermeginde halkara derejelerindäki olimpiadalara yhlasly taýýarlyk görýär. Zehinli ýigidimiz şu ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde, has takygy, 18 — 24-nji iýul aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen 55-nji Halkara fizika olimpiadasynda hem 3-nji orna we bürünç medala eýe bolmagy başardy. Ýeri gelende bellesek, öz taryhyny 1967-nji ýyldan alyp gaýdýan bu olimpiada mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara derejesinde geçirilýän iň abraýly fizika olimpiadasy hasaplanýar.

Görnüşi ýaly, Döwletiň depgini batly, hyjuwy egsilmez. Biz hem ýaş zehine mundan beýläk-de şowly gadamlary, ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmakda, il-günümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynamyna wepaly nesilleriň biri bolup ýetişmeginde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Aýşirin DÖWLETOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09