Matematika sapagynyň ähmiýeti
Häzirki ajaýyp döwrümizde orta we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, ony häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär. Bu wezipeler bilim işgärleriniň esasy ugurlary bolup durýar.
Bilim bermegiň düýp mazmuny çagalaryň özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmekden, işjeňligi gazanmakdan, köpçülikde özüňi alyp barmagy öwretmekden ybaratdyr. Şonuň üçin hem sapaklary döwrebap usulda guramak baş maksadymyz bolup durýar. Şunda matematika sapagyny hem döwrebap usullar bilen öwretmek zerurdyr. Berilýän kesgitlemeleriň, tassyklamalaryň dogrudygyna göz ýetirmek maksady bilen, olary aýdyň görnüşde görkezmegi oňaýly usul hasap edýäris. Bu babatda multimedia tagtalarynyň, kompýuterleriň we sanly ulgamyň giň mümkinçilige eýedigini hem bellemek gerek.
Okuwçylaryň erk tagallalarynyň ýokary derejede ýüze çykmasy, maksada ýetmekdäki erjelligi we tutanýerliligi giň we berk akyl ýetiriş gyzyklanmasy bilen häsiýetlendirilýär. Käbir edebiýatlarda okuwçylaryň okatmak işindäki özbaşdaklyk derejesi bilen baglanyşykly olaryň işjeňligini: reproduktiw — öýkünmek, gözleg — ýerine ýetirmek we döredijilik derejelerine bölýärler. Matematika sapagy okadylanda okuwçylaryň işjeňliginiň gaýtalamak derejesinden düşündirmek derejesine, düşündirmek derejesinden bolsa döredijilik derejesine çenli ýokarlanmagyny gazanmak gerek. Bu bolsa okuwçylaryň dünýägaraýşynyň ösmegine hem, ýatdan hasaplamak endikleriniň kemala gelmegine hem oňyn täsir eder.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän giň mümkinçilikler bilim işgärlerini öz käriňe ussat mydama döredijilikde, gözlegde we ösüşde bolmaga ruhlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, matematika orta mekdepde öwrenilýän esasy dersleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem matematika dersiniň mazmunynyň üstüni nazary we amaly ähmiýeti ýokary bolan täze, derwaýys maglumatlar bilen doldurmaga döwrebap mümkinçilikler bar. Şeýlelikde, matematika sapagynda ähtimallyklar nazaryýetiniň we matematiki statistikanyň elementleri, çylşyrymly göterimler, ýönekeýje differensial deňlemeler, differensial we şuňa meňzeş maglumatlary öwretmek bolýar. Umuman aýdanyňda, mugallymlara mekdepde matematika dersini okatmagyň usullaryny yzygiderli kämilleşdirmäge, okuwçylara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga ähli mümkinçilikler döredilendir.
Muhammetguly DURDYÝEW,
Mary şäherindäki 31-nji orta mekdebiň mugallymy.