Tanymal mugallym, ussat halypa
Pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent Aşyr Keşikowyň durmuş ýoly we ylmy-pedagogik mirasy hakynda söhbet
Manyly ömrüniň tas 60 ýyla golaýyny mugallymçylyk kärine bagyş eden halypa bilim işgäri, pedagogik ylymlarynyň kandidaty, dosent Aşyr Keşikowyň durmuş ýoly we ylmy-pedagogik mirasy nusgalykdyr.
Hatyraly halypamyz bilen ilkinji tanyşlygymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda, has takygy, mundan 33 ýyl ozal — 1992-nji ýylyň tylla güýzünde bolupdy. Aşyr aga ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3-nji synpy üçin öz kärdeşi, tanymal alym-pedagog Nurmyrat Çaryýew bilen bilelikde ýazan «Tebigaty öwreniş» okuw kitabynyň nobatdaky neşiriniň golýazmasyna syn ýazmagymy haýyş edip gelendigini mälim edip, taýýarlan golýazmasy bilen tanyşdyrmaga başlady. Halypanyň bu haýyşy kanagatlandyryldy. Onuň bilen şol ilkinji tanyşlygymyz soňra halypa-şägirt we ysnyşykly döredijilik gatnaşyklaryna öwrüldi.
Aşyr Keşikow 1933-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda eneden doguldy. Onuň kakasy Nyýazly aga öz döwrüniň bilimli we sowatly adamlarynyň biri bolupdyr. Hünäri boýunça hukukçy bolup, dürli wezipelerde göreldeli zähmet çekipdir. Aşyryň ejesi Gözel daýza öý hojalykçy bolup, maşgalanyň gündelik işleri bilen meşgullanypdyr, çagalarynyň edep-terbiýeli bolmaklarynyň aladasyny edipdir. Aşyryň atasy Keşik aga türkmeniň gudratly gara gazmasyny — dutary ýasamak senetçiligi bilen meşgullanypdyr. Ol bu milli saz guralymyzy ussatlyk bilen çalmagy başarypdyr. Atasynyň bu tebigy zehini we ukyp-başarnygy agtygy Aşyra-da geçipdir. Halypamyzyň türkmen dutaryny we klawişli saz gurallaryny, aýratyn hem akkordeony ussatlyk bilen çalan, öz dostlaryna, ýakyn tanyş-bilişlerine, kärdeşlerine lezzet beren pursatlarynyň birnäçe gezek şaýady bolupdyk.
Aşyr 1951-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa-geografiýa bölüminiň geografiýa hünärine okuwa girýär. 1951 — 1956-njy ýyllarda bu ýokary okuw mekdebi tamamlap, geografiýa mugallymy diýen käriň eýesi boldy.
Aşyr heniz talyp wagty 1952-nji ýylyň güýzünden başlap, 1955-nji ýylyň tomsuna çenli aralykda Aşgabat şäherindäki şol döwürdäki agşamky işçi ýaşlar mekdebinde ýaşlara geografiýadan we türkmen dilinden sapak berdi. Aşgabat şäherindäki 26-njy orta mekdepde mugallymçylyk edip, okuwçylary geografiýa dersinden okatdy. Ol şeýdip, saýlap alan mugallymçylyk käriniň aýratynlyklaryna içgin düşünip başlady.
Ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan ýaş hünärmeni orta mekdepde geografiýa mugallymy wezipesine işe ýolladylar. Ol bu mekdepde 1955 — 1958-nji ýyllarda geografiýa mugallymy, 1958 — 1962-nji ýyllarda bolsa, mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary wezipelerinde göreldeli zähmet çekdi. Mugallymçylyk käriniň inçe syrlaryny tutanýerlilik bilen ele aldy, baý tejribe toplady, hünärini yzygiderli kämilleşdirdi.
1962-nji ýylyň martynda Aşyra uly ynam bildirilip, ony Türkmenistanyň Bilim ministrligine işe çagyrdylar. Ol bu ýerde ilki ýokary okuw mekdepleri, soňra bolsa orta mekdepler boýunça hünärmen wezipelerinde yhlasly işledi. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda gulluk iş saparynda bolup, mugallymlara usuly maslahatlary we kömekleri berdi. Orta mekdeplerde geografiýa dersiniň okadylyşynyň ýagdaýy bilen has içgin gyzyklandy, ony kämilleşdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan ýollaryny we usullaryny gözledi. Bu ugurdaky işler Aşyrda geografiýa dersini okatmagyň usulyýeti boýunça ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmaga isleg döretdi. Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 1962 —1965-nji ýyllarda önümçilikden aýrylmak şerti bilen pedagogika hünäri boýunça aspiranturada okady. Görnükli alym, pedagogika ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri Abdylla Gurbanowyň ylmy ýolbaşçylygynda «Türkmen mekdepleriniň okuwçylarynda ylmy dünýägaraýşyň terbiýelenişi (orta synplarda geografiýa dersinden okuw materiallarynyň mysalynda)» atly tema boýunça pedagogika ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin düýpli ylmy-barlaglary we gözegçilik işlerini alyp bardy.
Ol 1968-nji ýylyň 29-njy martynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Alymlar geňeşiniň maslahatynda pedagogika ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini aldy.
Halypa pedagogyň manyly ömrüniň tas kyrk ýyla golaýy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçdi. Ol dürli wezipelerde zähmet çekdi. Talyp ýaşlara filosofiýadan, sosiologiýadan, pedagogikadan sapaklary berdi, ýaş mugallymlara we aspirantlara halypalyk etdi. Öz hünär derejesini we mugallymçylyk ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirdi. 1971-nji ýylyň fewral-iýun aýlarynda M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň düzümindäki Jemgyýetçilik ylymlary boýunça mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyryş institutynda okap, öz hünär derejesini ýokarlandyrdy. Okatmagyň täze we ýokary netijeli usullaryny özleşdirdi. Diňleýjiler üçin niýetlenilen okuw we ylmy işleriň meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdi.
Halypa alym 1993-nji ýylyň ýanwar aýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda dürli wezipelerde zähmet çekdi. Mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ýurdumyz üçin zerur bolan ýokary bilimli, ökde hünärli dilçi mugallymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmäge, pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmäge mynasyp goşandyny goşdy. Alym pedagogyň manyly ömrüniň bu döwri onuň mugallymçylyk kärine has-da kämilleşen, ylmy döredijiliginiň hasylly ýyllary boldy.
Halypa alymyň ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleri üçin geografiýa dersiniň okuw maksatnamasyny we şonuň esasynda hem döwrebap okuw kitaplaryny döretmek ugrunda alyp baran ylmy-usuly we döredijilik işleri, olaryň milli bilim ulgamyny ösdürmekdäki ähmiýeti barada ýörite durup geçmek zerur. Zehinli alymyň öz kärdeşleri bilen bilelikde işläp taýýarlan, neşir edilen okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň umumy sany 30-a golaýlaýar.
A.Keşikow tebigaty öwreniş dersi boýunça iş depderlerini döretmäge baý iş tejribesi bolan, döredijilikli işleýän täzelikçi mugallymlary ýakyndan çekmäge ýardam berdi. Halypa pedagogyň tejribeli mekdep mugallymlary A.Geldimämmedowa we O.Myratgulyýewa bilen bilelikde başlangyç synplar üçin işläp düzen tebigaty öwreniş dersinden iş depderleri özüniň baý many-mazmuny, gyzykly soraglara we ýumuşlara baýdygy, özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar.
Aşyr mugallymyň öz kärdeşleri geografiýa ylymlarynyň kandidatlary, dosentler Gurbanmämmet Gurbandurdyýew we Meret Hudaýýarow hem-de geografiýa ylymlarynyň doktory, professor Nurmämmet Öräýew bilen 5-nji synp üçin bilelikde ýazan we 2010-njy ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Fiziki geografiýa» atly okuw kitaby umumybilim berýän orta mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işlerinde giňden peýdalanyldy.
Halypa pedagog mekdep okuwçylary üçin dünýä döwletleriniň ykdysady we durmuş geografiýasy boýunça döwrebap okuw kitabyny döretmäge hem öz önjeýli goşandyny goşdy, bu möhüm ugurda ýaş awtorlara halypalyk etdi. Onuň B.Çaryýew, A.Gulgaraýew, G.Altybaýew, N.Öräýew, A.Batyrow bilen awtordaşlykda umumybilim berýän orta mekdepleriň 9-njy synpy üçin ýazan we 2018-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan köpçülikleýin neşir edilen «Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy» atly okuw kitaby mazmun taýdan baýlygy, gymmatly we gyzykly maglumatlaryň köplügi bilen tapawutlanýar. Ýeri gelende bellesek, ol gürrüňi edilýän okuw kitabynyň ikinji neşiridi, onuň birinji neşiri 2009-njy ýylda çapdan çykypdy.
Halypa pedagog öz kärdeşleriniň we ýurdumyzyň pedagogik işgärleriniň arasynda hemişe uly hormatdan peýdalanýardy. Ol köpleriň hatyraly halypasydy, ýakyn maslahatçysydy. Şonuň üçin hem köpleriň kalbynda halypanyň mynasyp orny bar.
A.Keşikow ýurdumyzda we düýnäniň dürli döwletlerinde halkara derejesinde geçirilen maslahatlarda yzygiderli çykyş edip, türkmenistanly usulyýetçi alymlaryň alyp barýan ylmy-barlag işleri, türkmen ylmynyň gazanan we gazanýan üstünlikleri bilen dünýäniň ylmy jemgyýetçiligini ýakyndan tanyşdyrmaga öz mynasyp goşandyny goşan alym-pedagogdyr.
Ýeri gelende bellesek, halypanyň ýanýoldaşy Baýramtäç gelnejemiz bütin manyly ömrüni nesil terbiýesine bagyşlan ynsan. Ol Aşgabat şäheriniň 26-njy we 28-nji orta mekdeplerinde çagalara taryh dersinden sapak berdi hem-de köp ýyllaryň dowamynda başlangyç synp mugallymy bolup yhlasly zähmet çekdi. Baýramtäç mugallym okatmagyň usulyýetiniň derwaýys meseleleri, okuw-terbiýeçilik işlerine innowasion pedagogik tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze neşir edilen okuw kitaplarynyň many-mazmuny, olardaky täzelikler barada halypa alym, ussat pedagog Aşyr Keşikow bilen hemişe özara pikir alyşýardy, onuň ýakyn maslahatçysydy.
Halypa pedagog, zehinli alym, ussat guramaçy Aşyr Keşikow öz manyly ömrüniň dowamynda ýüzlerçe şägirtleri terbiýeläp ýetişdirip, durmuşa ak pata berdi. Onuň bilim-ylym beren, hünär öwreden şol şägirtleri ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, şol sanda bilim ulgamynda yhlasly zähmet çekip, hatyraly halypalarynyň kesbini dowam etdirýärler. Öz ussadyny diňe ýagşylykda we hoşallyk bilen ýatlaýarlar.
Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory.