BILIMIŇ TÄZE BINALARY AÇYLYP ULANYLMAGA BERILDI
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda her ýylyň 1-nji sentýabrynda – Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bilim maksatly binalaryň, ýagny ýokary okuw mekdepleriniň, umumybilim we mekdebe çenli bilim edaralarynyň täze jaýlary açylyp, ulanylmaga berildi. Muňa bilim işgärleriniň buýsanjynyň çägi ýok!
Maddy baýlyklar ruhy baýlygy, ruhy baýlyk bolsa maddy baýlygy döredijidir. Şu nukdaýnazardan garalanda, ruhy çeşmä “ýüregi hem damary bolan” bilim ojaklary, olaryň täzelenişi jemgyýetçilik ruhuny täzeleýjidir. Mukaddes Watanyň gujagynda erkana ýaşaýan, okaýan, döredijilige, gurujylyga, asylly zähmete ak arzuwlary bilen gönügýän ýaş neslimiz bagtyýardyr.
Häzirki wagtda milli jemgyýetimizde bilime uly sarpa goýulýar, oňa ähli ösüş-özgerişlerimiziň binýady hökmünde garalýar. Muňa şu ýylyň 1-nji sentýabryndaky bilim binalarynyň açylyşlarynyň uly dabaralara beslenendigi hem şaýatlyk edýär. Mysal üçin, Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda 160 orunlyk, Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk, Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň ugrunda 320 orunlyk, Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk çagalar baglarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bu ulgamda işleýän bilim işgärlerine bahasyna ýetip bolmajak sowgatlardyr, körpe neslimiz üçin döwlet aladalary bilen mähirli gurşalmakdyr. Şeýle mysallary ýene-de getirmek mümkin: Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda 960 orunlyk we 720 orunlyk, Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda orta mekdepleriň açylyş dabaralary geçirildi. 400 orunlyk umumybilim berýän döwrebap orta mekdep Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Bekaryk obasynda açyldy. Täze mekdepleriň bezeginiň döwrebaplygy, gurluşyk-binagärlik keşbiniň ajaýyplygy görenleri haýran edýär. Olaryň abzallaşdyrylyşy, täze tehnologiýalar, interaktiw tagtalardyr beýleki multimediýa enjamlary, okuw-görkezme esbaplary bilen üpjünçiligi pedagogik işgärleriň işiniň hil taýdan ýokary bolmagyna döwlet derejesinde berk üns berilýändigine şaýatlyk edýär.
Ýokary bilimiň binalary, olaryň gözelligi, döwrebap bolmaklygy hem üns merkezindedir. Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň açylmagy we “Täze kuwwat” diýlip atlandyrylýan kuwwaty 30 kilowat Ýel elektrik bekedini we kuwwaty 5 kilowat Gün elektrik bekedini özünde jemleýän binalaryň ulanylmaga berilmegi bilim ulgamy, biz mugallymlar üçin guwandyryjy täzeliklerdir.
Bilim ulgamynyň ösdürilmegi üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, durmuşymyza ornaşdyrýan il-ýurt, umumy adamzat bähbitli ägirt uly özgertmeleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şeker Arazberdiýewa,
Beki Seýtäkow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy