Dünýä dilleri öwrenilýär
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz ykdysady, syýasy, medeni, ylmy we beýleki ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ösüşlere goşant goşmak, belent üstünliklere buýsanmak bagtdyr. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän netijeli işlere goşant goşmakda ýaş hünärmenleriň, bilimli ýaşlaryň orny uludyr. Şunda bilimiň, dünýä dillerini bilmegiň uly ähmiýeti bardyr. Ylym-bilimdäki täze maglumatlary öwrenmekde daşary ýurt dilini bilmek ähmiýetlidir. Dil bilmek we ony hünär ugrunyň aýratynlygyna laýyklykda ulanmagy başarmak ösüşleri üpjün etmek bilen bagly meseleleri düýpli seljermekde we netije gazanmakda ilkinji talaplaryň biri bolup durýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlarymyz ene dilimizi we daşary ýurt dillerini diňe bir jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky umumy aragatnaşyk serişdesi hökmünde ulanman, ony hünär dili hökmünde ulanmaga girişdiler. Daşary ýurt dilleri döwrebap ösüşe itergi berýän aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini öwrenmek häzirki zaman adamlarynyň durmuşynda esasy orny eýeleýär. Beýleki halklaryň medeniýetini, däp-dessurlaryny öwrenmek, olar bilen tanyşmak, özara pikir alyşmak örän gyzyklydyr. Bu bolsa halkara gatnaşyklarda, durmuşyň köp ugurlarynda (ylymda, syýasatda, medeniýetde) ýaşlaryň netijeli hyzmatdaşlyk etmeklerine ýardam edýär.
Bellenilenlerden görnüşi ýaly, hünärmeniň dil taýýarlygyny kämilleşdirmek esasy ugurlaryň biridir. Islendik dili öwrenmäge çemeleşmeleriň çäginde umumylaşdyrylan usullar bardyr. Haýsy dili talybyň hünäri bilen baglanyşykly öwretmek isläniňde-de, belli-belli ykrar edilen usullardan peýdalanmak gerek bolýar. Şol usullar, hünär dilini öwretmegiň aýratynlyklaryna laýyklykda, mugallymdan döredijilikli işlemegi talap edýär. Hünär diliniň çäginde sözleýşi we ýazuwy öwretmegiň aýratynlyklary hökmünde, ilki bilen, hünär diliniň leksikasyny (doly we dogry) özleşdirmegiň ilkinji meseleler hökmünde orta çykýandygy hasaba alynmalydyr. Hünärmeniň dil taýýarlygynda her bir hünäre (hünärmeniň öz ugruna) degişli kär-hünär leksikasy bilen işlemek ony öwretmegiň usulyýetinden edilýän ilkinji talaplara degişlidir.
Kär-hünär leksikasy öwredilende, onuň diliň dürli stillerinde ulanylyşyny görkezmek maksadalaýykdyr. Belli bir hünär ugry boýunça ýöriteleşýän talyplara dil öwredilende, kär-hünär sözleri (professionalizmler) çeper ýa-da publisistik usulda adamyň kärini, işleýän wagtyny, ornuny, onuň aýratynlygyny suratlandyrmakda stilistik maksatlar bilen peýdalanylsa, edýän täsiri güýçli we ýatda galyjy bolýar.
Kär-hünär sözleridir adalgalar bir ýere toplanylandan soňra, mugallym elindäki dil maglumatlaryndan ýerlikli peýdalanmagy başarmalydyr. Mugallym, esasan hem, sapakda daşary ýurt dilinde sözleýşini, sorag bermek arkaly talybyň pikirlenişini, söz baýlygyny artdyrýar. Şunda gepleşikden peýdalanmak, şeýle gepleşikler esasynda (inžener, hünär, hünärmen, tehnika, tehnologiýa we ş.m. sözler babatda) leksikany düşündirmek hünär ugruna degişli sözleri öwretmekde oňaýly usullar hasaplanylýar.
Häzirki wagtda dil öwretmegiň döwrebap usullary kemala gelýär. Öwretmegiň usullarynyň çägi ýokdur, olar köp dürlüdir. Olardan iň peýdalylaryny saýlap almak mugallymyň başarnygyna baglydyr. Esasy maksat talyplara hünäriniň çäginde öz ene dilinden başga-da, daşary ýurt dillerini öwretmelidir.
Görşümiz ýaly, dil bilmek, dünýä dillerinden habarly bolmak giň mümkinçilikleri açýar, ösüşlere badalga berýär. Ähli babatda hem diliň ähmiýeti, wajyplygy duýulýar we bu ugurdan milli hünärmenlerimiz, dilçilerimiz, ýaşlarymyz oňat baş çykarýarlar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde, ýaşlarymyzyň zehinli bolmaklary biziň her birimiziň başymyzy göge ýetirýär, köňül guşumyzy ganatlandyrýar.
Arzygül ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.