Okuwçylara hünär öwretmek
Ösüp gelýän ýaş nesillerde hünäre höwes döretmek, olarda zähmet endiklerini kemala getirmek möhümdir. Bu ugurda esasy usullaryň biri hem okuwçylarda kitap okamak endiklerini terbiýelemekdir. Okuwçylara özleriniň halaýan çeper eserlerini, şahyrlarynyň kitaplaryny we gazetdir žurnallary yzygiderli okamalydygyny nygtaýarys. Çünki täzelikler bilen diňe okamak arkaly tanşyp bolýandygy hakynda aýdýarys. Şeýle hem kitap okamak bilen çagada zähmet endikleriniň, oňat edep-terbiýäniň kemala gelýändigini nygtaýarys. Orta mekdepleriň 5-7-nji synplary üçin durmuş zähmeti dersleri boýunça okuw maksatnamasynda ýörite okuw sagatlary bölünip berilýär. Okuw ýylynyň dowamynda 5-nji synplara iki okuw sagadynyň, 6-njy we 7-nji synplar üçin bir okuw sagadyň dowamynda ata-babalarymyzyň zähmet çekmek, hünär öwrenmek bilen bagly pähimleriniň many-mazmunyny okuwçylara düşündirmek öňümizde durýan esasy wezipeleriň biridir.
Okuwçylar bilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdan zähmet, hünär hakyndaky nakyllary, atalar sözlerini bir ýere jemledik we olary okuwçylaryň ýaş aýratynlygyny göz öňünde tutup, toparlara böldük. Şonuň netijesinde 5-nji synpda, «El hünäri il gezer», «Ýigide müň dürli hünär hem az», «Zähmet soňy — rehnet», «Bir kesbi bolan hor bolmaz», «Halal zähmet — baky döwlet», «Zähmetsiz iş bolmaz», «Ýigit görki — hünär», «Guralyň düz — azabyň az», «Hünärli — zor, hünärsiz — hor», «Ussaly oba biter, ussasyz oba ýiter», «Şägirt bolmadyk halypa-da bolmaz», «Hünäri ýok kişiniň, netijesi bolmaz işiniň» diýen nakyllaryň we atalar sözleriniň manysyny giňişleýin düşündirýäris we okuwçylaryň depderlerine ýazdyrýarys.
6-njy synpda bolsa durmuş zähmeti sapaklarynda şeýle nakyllaryň manysyny öwretmek bolar. Mysal üçin, «El görki — hünär», «Demir kesseň gysga kes, süýse bolar, agaç kesseň uzyn kes, kesse bolar», «Ýüz hünäri çala bilenden bir hünäri doly bil», «Her iş öz ussasynyň elinde aňsat», «Hünär eýesini eziz eder», «Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter» ýaly nakyllaryň manysyny öwretmegiň, elbetde, okuwçylar üçin terbiýeçilik täsiri has uludyr.
7-nji synpda «Paýhas çeşmesi» atly kitapdan belli temalar boýunça okuwçylaryň özlerine hünär öwrenmek, zähmet çekmek bilen bagly nakyllary jemledýäris. Mysal üçin, «Hünärli ýigit — miweli agaç», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Senet — eliň altyn bilezigi», «Azaby — öňde, rehneti — soňda», «Işli elim görkli», «Hünär hünärden öner, önmese ýoga döner». Soňra bolsa okuwçylardan nakyllaryň aňladýan manylaryny soraýarys. Nakyllary ýat tutdurmak we manylaryny öwretmek okuwçylaryň sözleýiş diliniň kämilleşmegine, akyl baýlygyna, pikir işjeňligine hem-de zähmet endikleriniň döremegine oňyn täsirini ýetirýär.
«Paýhas çeşmesi» atly kitapdan zähmet, hünär hakyndaky nakyllar we atalar sözleri öwredilende Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryndan, rowaýatlardyr tymsallardan peýdalanmak sapagyň täsirliligini has-da artdyrýar. Özara sorag-jogap, pikir alyşmak bolsa okuwçylaryň höwes bildirýän hünärlerini anyklamaga we olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge degişli degerli maslahatlary bermäge ýardam edýär.
Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 30-njy orta mekdebiň mugallymy.