Okamak we ýazmak endigini kämilleşdirmek
Başlangyç synplarda okuwçylara başlangyç bilim bermek bilen, olarda berk bilim binýadyny kemala getirmek möhüm wezipedir. Okamak we ýazmak babatynda okuwçylaryň ünsüni çekmek hem-de olarda multimedia tagtasyndan ýa-da kitapdan ýalňyşsyz göçürmek, ýalňyşsyz okamak usulyny ulanmak zerurlykdyr. Harplar we sanlar öwredilende, synpdaky okuwçylaryň her biri bilen aýratyn işleşmek okuw usulyny ulanmak üstünlik getirýär. Okuwçylaryň okuw döwründe her bir berlen ýumşy ýadynda saklamagyny we ýerine ýetirmegini gazanmak mugallymyň esasy wezipesidir, ýagny öý işlerine taýýarlanmak, okamak we ýazmak bilen çäklenmän, ýat tutmaly zatlary ýat tutup gelmeklerini talap etmek zerurdyr.
Bu döwürde başlangyç synp okuwçylarynyň öýlerinde ata-eneleriniň hem olary goldamagy zerur bolup durýar. Ata-eneler çagalaryndan talapkär bolup, öz çagalaryna: «Bu gün näçe sagat okadyňyz, ertir näçe sagat okamaly?» diýen ýaly sowal bilen ýüzlenmeli. Şonuň ýaly-da, «Öý işleriňize taýýarlanyň, ertirki okuwlaryňyz boýunça kitap-depderleriňizi taýýarlaň!» diýen ýaly talaplar olarda okuwa bolan jogapkärçiligi artdyrýar.
Başlangyç synplarda guralýan ýazuw sapagy hem mugallymdan köp zähmet siňdirmegi talap edýär. Ýazuwy elinden tutup ýazyp öwretmek, okuwçyny ýadatmazdan gaýtalap ýazmagy endik etdirmek başlangyç synp mugallymynyň zähmeti köp siňdirmegi bilen berk baglydyr. Başlangyç synpda okaýan okuwçylaryň owadan we ýalňyşsyz ýazmagyny gazanmak mugallymyň uly üstünligidir. Çünki başlangyç sowat we bilim okuwçynyň tutuş ykbalyna täsirini ýetirýär diýsek ýalňyş bolmaz. Başlangyç sowady berk bolan okuwçylar soňra bilimli bolup, ugrugyp gidýärler. Başlangyç sowadyň berk binýadyny berýän mugallymlaryň özlerinde-de okatmagyň usuly we pedagogikasy ýokary derejede bolmaly. Çagalar bilen işlemegiň başlangyç synp pedagogikasy okatmagyň usullarynyň köp ugurlaryny bilmegi talap edýär.
Başlangyç synplarda dürs okamagy we ýazmagy öwretmekde üstünlik gazanmak mugallymyň irginsiz zähmetine baglydyr. Esasan hem, sapagy täsirli guramak arkaly okuwçylarda okuwa düşünjeli garaýşy, okamaga bolan höwesi terbiýelemek möhümdir. Şeýle edilende, geçilýän temalar okuwçylar tarapyndan has oňat özleşdirilýär. Şol wezipeleriň biri-de, okuw işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, okuwçylaryň işjeňligini artdyrmaga giň mümkinçilik berýän häzirki zaman usullaryndan peýdalanyp, sapaklary ýokary derejede guramakdyr. Häzirki wagtda giňden ulanylýan usullaryň biri interaktiw usulydyr. Bu usulda sapaklar multimedia synp tagtasynda guralýar. Bu usuldan peýdalanylanda, mugallym bilen okuwçylaryň arasynda yzygiderlilik berk bolýar. Sebäbi multimedia tagtasy häzirki zaman tehnologiýasynyň gazanan artykmaçlygy bolup, okuwçynyň ünsüni özüne çekýär.
Umuman, okatmagyň usuly artykmaçlyklaryny saklamak mugallyma degişli bolan ussatlykdyr. Häzirki wagtda mugallymlara hem ussatlyk derejelerini artdyrmaga diýseň uly mümkinçilikler bar.
Ogulkeýik ANNABERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 143-nji orta mekdebiň mugallymy.