Mekdep durmuşynda mö­hüm ugur­lar

On iki ýyl­lyk or­ta bi­li­miň gur­lu­şyn­da şah­sy­ýe­tiň ösü­şi­niň tap­gyr­la­ýyn aý­ra­tyn­lyk­la­ry göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. Baş­lan­gyç, esa­sy we umu­my or­ta bi­lim bas­gan­çak­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan 12 ýyl­lyk umu­my or­ta bi­lim şah­sy­ýe­tiň bi­lim­le­ri, ba­şar­nyk­la­ry we en­dik­le­ri ele al­ma­gy­na, umu­my me­de­ni­ýe­ti­niň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne, onuň jem­gy­ýet­dä­ki dur­mu­şa uý­gun­laş­ma­gy, hü­när ug­ru­ny oý­la­ny­şyk­ly saý­lap al­ma­gy üçin äh­li şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Bi­lim bas­gan­çak­la­ry­nyň her bi­ri­niň özü­ne mah­sus bo­lan aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar­dyr, ýag­ny her bir tä­ze bas­gan­çak­da ça­ga bil­di­ril­ýän ta­lap­lar öň­kü­sin­den has ýo­kar­lan­ýan­dyr. Esa­sy bel­le­me­li zat, ol hem baş­lan­gyç bi­lim bas­gan­ça­gyn­dan esa­sy or­ta bi­lim bas­gan­ça­gy­na ge­çil­ýän döw­rüň mö­hüm aý­ra­tyn­ly­gy­nyň bol­ma­gy­dyr. Ça­ga bi­lim ul­ga­myn­da no­bat­da­ky aý­gyt­ly ädi­mi ät­le­me­li bol­ýar. Ça­ga­nyň baş­lan­gyç bi­lim bas­gan­ça­gy­ny ta­mam­lap, 5-nji synp­da okap baş­la­ma­gy, el­bet­de, onuň üçin çyl­şy­rym­ly dö­wür ha­sap edil­ýär. Şeý­le­lik­de, ça­ga­nyň ösü­şi­niň tä­ze tap­gy­ry baş­lan­ýar. Esa­sy or­ta bi­lim bas­gan­ça­gyn­da öw­re­nil­ýän yl­my ugur­ly ders­le­riň sa­ny art­ýar. Bu ge­çi­şiň ça­ga üçin ýe­ňil bol­maz­ly­gy, dür­li me­se­le­le­riň ýü­ze çyk­ma­gy müm­kin­dir. Ça­ga bir­ba­da tä­ze şert­le­re uý­gun­laş­mak aň­sat düş­me­ýär. Esa­sy or­ta bi­lim bas­gan­ça­gyn­da ça­ga kä­bir üýt­geş­me­ler bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýar. Il­ki bi­len, bel­le­me­li zat, okuw­çy di­ňe bir mu­gal­lym bi­len däl-de, eý­sem, bir­nä­çe ders mu­gal­lym­la­ry bi­len iş­leş­me­li bol­ýar. Baş­lan­gyç synp­da esa­sy ders­le­ri synp ýol­baş­çy­sy, ýag­ny baş­lan­gyç synp mu­gal­ly­my oka­dan bol­sa, in­di her bir der­si aý­ra­tyn mu­gal­lym okad­ýar. Ola­ryň hem özü­ne mah­sus bo­lan hä­si­ýet­le­ri, usul­la­ry we ta­lap­la­ry bol­ýar. Baş­lan­gyç synp­da ça­ga, esa­san, şol bir synp ota­gyn­da okan bol­sa, in­di ol her bir der­si dür­li otag­lar­da oka­ma­ly bol­ýar. Şeý­le­lik­de, ça­ga­da tä­ze borç eme­le gel­ýär, ol ara­kes­me­de otag­dan ota­ga geç­me­li, dür­li gat­la­ra gal­ma­ly we ýo­ka­ry synp okuw­çy­la­ry bi­len ýy­gy-ýy­gy­dan ga­bat­laş­ma­ly bol­ýar. 5-nji syn­pyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň ýe­ne-de bi­ri, ol hem ça­ga 4-nji synp­da­ky «iň ulu­lar» de­re­je­sin­den, esa­sy or­ta bi­lim bas­gan­ça­gyn­da «iň ki­çi­ler» ha­ta­ry­na geç­ýär. Okal­ýan ders­le­riň sa­ny art­ýar. Ça­ga düş­ýän ag­ram kö­pel­ýär, öw­re­nil­me­li mag­lu­mat­la­ryň sa­ny art­ýar. Öz­baş­dak he­re­ket et­mek ze­rur­ly­gy ýü­ze çyk­ýar.

Baş­lan­gyç synp­lar­da ça­ga mek­dep döw­rün­de synp ýol­baş­çy­sy­nyň — baş­lan­gyç synp mu­gal­ly­my­nyň do­ly gö­zeg­çi­li­gin­de bol­ýar. Baş­lan­gyç synp mu­gal­ly­my ça­ga­la­ryň ýe­ti­şi­gi­ni, ola­ryň ara­syn­da ýü­ze çy­kyp bil­jek ýag­daý­la­ry do­ly gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ýar. Ata-ene­ler bi­len ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­da bol­ýar. Diý­mek, öň mek­dep­de di­ňe bir mu­gal­ly­myň do­ly gö­zeg­çi­li­gin­de bo­lan ça­ga in­di bel­li bir er­kin­li­ge eýe bol­ýar. Olar öz­baş­dak otag­dan ota­ga geç­me­li, sa­pa­ga öz­baş­dak taý­ýar­lan­ma­ly, her bir mu­gal­lym bi­len aý­ra­tyn­lyk­da ýü­ze çy­kan me­se­le­le­ri çöz­me­li bol­ýar­lar. Öň di­ňe oka­mak bi­len meş­gul bol­ýan ça­ga in­di on­dan da­şa­ry öz işi­ni gu­ra­ma­gy hem me­ýil­leş­dir­me­li bol­ýar. Bu ýag­daý­da kä­bir ça­ga­lar ün­sü­ni oku­wa jem­le­mek­de kyn­çy­lyk çe­kip bi­ler­ler. Bi­ler­men­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, 5-nji synp okuw­çy­la­ry­nyň tä­ze şert­le­re öw­re­niş­mek döw­ri bir aý­dan bir ýy­la çen­li do­wam edip bi­ler. Tä­ze şert­le­re uý­gun­laş­ýan döw­rün­de ça­ga­da aşak­da­ky ýag­daý­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy müm­kin­dir: ýa­daw­lyk we ys­gyn­syz­lyk ba­ra­da arz­lar; tiz ýa­da­mak we adat­da­ky­syn­dan köp ýat­mak; ýy­gy-ýy­gy­dan nä­hoş­la­mak; iş­dä­si­niň bo­zul­ma­gy we şu­ňa meň­zeş­ler. Ça­ga­nyň özü­ni alyp bar­şy hem üýt­gäp bi­ler. Ýat­dan çy­kar­mak, al­ňa­sa­mak, yn­ja­lyk­syz­lyk ýa­ly hä­si­ýet­ler hem eme­le ge­lip bi­ler. Şonuň üçin 5-nji synp okuw­çy­ny esa­sy or­ta bi­lim bas­gan­ça­gy­nyň ta­lap­la­ry­na uý­gun­laş­dy­ryp baş­la­mak ze­rur­dyr.

Esa­sy or­ta bi­li­miň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, okuw­çy­lar on­dan gow­rak der­si öw­ren­ýär­ler. Bu ders­ler bo­ýun­ça öw­re­nil­ýän mag­lu­mat­la­ry öz­leş­dir­mek üçin di­ňe okuw ki­tap­la­ryn­dan peý­da­lan­mak ýe­ter­lik däl­dir. Şo­nuň üçin goş­ma­ça çeş­me­ler, gör­kez­me es­bap­lar el­ýe­ter­li bol­sa, ça­ga uly ýar­dam bo­lar. Me­se­lem, ça­ga­nyň ota­gy­nyň gör­nük­li ýe­rin­de kö­pelt­mek tab­li­sa­sy­ny ýa-da da­şa­ry ýurt di­li­ne de­giş­li söz­lük asy­lyp go­ýul­sa, peý­da­sy uly bo­lar. Gör­kez­me es­bap­la­ry sa­tyn alyp ýa-da çyl­şy­rym­ly bol­ma­dyk gör­kez­me es­bap­la­ry ça­ga­nyň özü­ne taý­ýar­la­dyp hem bo­lar. Şeý­le hem bir ta­ra­pyn­da da­şa­ry ýurt di­lin­de söz, beý­le­ki ta­ra­pyn­da bol­sa onuň ter­ji­me­si ýa­zy­lan dür­li ýaz­maç­la­ry ulan­mak amat­ly we peý­da­ly bo­lar.

Ça­ga­nyň ýe­ti­şi­gi bi­len yzy­gi­der­li gy­zyk­lan­ma­ly, me­se­le çy­kan ýag­da­ýyn­da ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ly. Eger-de wagt­la­ýyn ýe­ti­şik pe­se gaç­sa, ça­ga igen­me­li däl, oňa tä­ze mag­lu­mat­la­ry öz­leş­dir­mä­ge ýar­dam ber­me­li, ýag­ny ata-ene­ler ça­ga­nyň ha­ly­pa­sy bol­ma­ly. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ça­ga hem­me mu­gal­lym bi­len bir­ba­da hoş­ni­ýet­li ara­gat­na­şy­gy ýo­la goý­mak ba­şart­maz. Hem­me mu­gal­ly­myň okuw­ça bil­dir­ýän ta­la­by we on­dan ga­raş­ýan za­dy bir­meň­zeş bol­maz. Tä­ze şert­le­re ça­ga do­ly uý­gun­laş­ýan­ça bir­ba­da ba­ha­la­ry­nyň pe­se gaç­ma­gy müm­kin. Şol se­bäp­li hem, baş­lan­gyç synp­lar­da di­ňe 5-li­ge okan ça­ga­nyň ba­ha­sy­nyň pe­se gaç­ma­gy, ter­si­ne, 3-lük okan ça­ga­nyň ba­ha­la­ry­nyň ýo­kar­lan­ma­gy hem müm­kin. Mu­nuň üçin ça­ga­ny ýaz­gar­mak dog­ry däl­dir.

5-nji syn­pa ge­len ça­ga­nyň tä­ze şert­le­re tiz uý­gun­laş­ma­gyn­da mek­de­be-de uly we mö­hüm orun de­giş­li­dir. Ça­ga­nyň okuw gur­şa­wy düz­gün­leş­di­ri­len we onuň üçin amat­ly bol­ma­ly­dyr. Il­kin­ji sa­pak­lar­da ge­çi­len­le­ri gaý­ta­la­ma­gy ýo­la goý­mak özü­niň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni be­rer. Ça­ga­la­ryň öza­ra oňyn gat­na­şy­gy­nyň we ar­ka­la­şy­gy­nyň eme­le gel­me­gi­ne ýar­dam be­ril­me­li. Ça­ga­nyň tä­ze şert­le­re tiz uý­gun­laş­ma­gyn­da okad­ýan mu­gal­lym­la­ra esa­sy orun­la­ryň bi­ri de­giş­li­dir. Mu­gal­lym­lar ça­ga­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ma­ly­dyr­lar, ça­ga­nyň ýu­waş-ýu­waş­dan dynç alyş döw­rün­den okuw döw­rü­ne do­ly geç­me­gi­ne şert dö­ret­me­li­dir­ler we wagt ber­me­li­dir­ler. Tä­ze mag­lu­mat­la­ry öz­leş­dir­mä­ge, ça­ga­nyň öz uky­by­na gö­rä iş­le­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­ril­me­li­dir. Mek­dep­de öz­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da bi­le­lik­dä­ki dür­li çä­re­ler gu­ral­sa, ça­ga­la­ryň tä­ze şert­le­re we mu­gal­lym­la­ra tiz öw­re­niş­me­gi­ne öz oňyn tä­si­ri­ni ýe­ti­rer.

Ça­ga baş­lan­gyç bi­lim bas­gan­ça­gyn­dan esa­sy or­ta bi­lim bas­gan­ça­gy­na ge­çen­de, oňa hök­man tä­ze şert­le­re geç­mä­ge ýar­dam ber­ýän ýol­gör­ke­zi­ji ge­rek bol­ýar. Bu we­zi­pe tä­ze synp ýol­baş­çy­sy­nyň üs­tü­ne düş­ýär. Onuň bol­sa kuw­wat­ly kö­mek­çi­le­ri — syn­pyň okuw­çy­la­ry bar­dyr. Eger-de mu­gal­lym ça­ga­lar bi­len işi göw­ne­jaý gu­ra­ma­gy ba­şar­sa, on­da ça­ga­lar bi­ri-bi­ri­ne ýar­dam­çy we egin­deş bo­lup, ola­ryň hem­me­si tä­ze şert­le­re tiz öw­re­niş­mä­ge müm­kin­çi­lik alar­lar. Tä­ze synp ýol­baş­çy­sy baş­lan­gyç synp mu­gal­ly­my bi­len ýa­kyn ara­gat­na­şyk­da bol­ma­ly, se­bä­bi 4 ýyl­lap oka­dan mu­gal­lym her bir ça­ga­nyň hä­si­ýe­ti­ne we müm­kin­çi­lik­le­ri­ne do­ly göz ýe­tir­ýär. Şu mag­lu­mat­la­ry al­mak 5-nji syn­pyň ýol­baş­çy­sy­na uly gol­daw bo­lar. Şeý­le hem baş­lan­gyç synp mu­gal­ly­my öz oka­dan ça­ga­la­ry­nyň ýag­da­ýy bi­len yzy­gi­der gy­zyk­lan­sa we uý­gun­laş­ma döw­ri do­ly geç­ýän­çä tä­ze synp ýol­baş­ça ýar­dam ber­se ne­ti­je­li bo­lar.

Synp sa­gat­la­ryn­da ru­hy we ah­lak ter­bi­ýe­si be­ril­me­li­dir, Wa­ta­na bo­lan söý­gi duý­gu­la­ry ös­dü­ril­me­li­dir. Dür­li dö­re­di­ji­lik we bel­li se­ne­le­re ba­gyş­la­nan çä­re­ler gu­ral­ma­ly­dyr. Ça­ga­la­ry müm­kin­ga­dar gur­nak­la­ra gat­naş­dyr­ma­ly. Ders mu­gal­lym­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ara­gat­na­şyk sak­la­mak, her bir ça­ga­nyň ýe­ti­şi­gi we aý­ry-aý­ry ders­ler­den ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri bi­len gy­zyk­lan­mak has oňyn ne­ti­je­le­ri be­rer. Ata-ene­ler bi­len ýa­kyn ara­gat­na­şyk­da bol­ma­ly. Ça­ga­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, ýa­şa­ýyş şert­le­ri bi­len gy­zyk­lan­ma­ly we ta­nyş­ma­ly. Il­kin­ji ata-ene­ler ýyg­na­gyn­da ola­ra ça­ga­la­ry okad­ýan mu­gal­lym­lar ba­ra­da mag­lu­mat ber­mek has ne­ti­je­li­si bol­sa, ýa­kyn­dan ta­nyş bo­lar ýa­ly, ola­ryň hem bu ýyg­na­ga gat­naş­mak­la­ry­ny gu­ra­mak ze­rur­dyr. Ata-ene­le­re uý­gun­laş­ma döw­rün­de ça­ga­da ýü­ze çy­kyp bi­läý­jek me­se­le­ler ba­ra­da aýt­mak we ola­ry çöz­me­giň ýol­la­ry ba­ra­da mas­la­hat­la­ry ber­mek hök­man­dyr. Ata-ene­le­re ça­ga­sy­nyň ýe­ti­şi­gi we üs­tün­lik­le­ri bi­len yzy­gi­der­li gy­zyk­la­nyp dur­ma­gy mas­la­hat ber­me­li. Bir­ba­da ça­ga­nyň ýe­ti­şi­gi­niň pe­sel­me­gi­niň müm­kin­di­gi­ni, ola­ryň se­bäp­le­ri­ni dü­şün­dir­me­li, bu ýag­daý üçin da­ryk­maz­ly­gy, ça­ga­la­ra ýar­dam ber­me­gi ün­de­me­li.

Ders mu­gal­lym­la­ry hem ça­ga­nyň tä­ze şert­le­re uý­gun­laş­ma­gy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny göz öňün­de tut­ma­ly­dyr­lar, öz ta­ra­pyn­dan ça­ga he­ma­ýat we gol­daw ber­me­li­dir­ler. Ça­ga­nyň säw­lik­le­ri üçin oňa ga­tyr­gan­man, gaý­ta, onuň öz güý­jü­ne bo­lan yna­my­ny art­dyr­mak üçin ho­şa­maý söz­ler bi­len gal­kyn­dyr­ma­ly­dyr­lar. Her bir ders mu­gal­ly­my öýe be­ril­ýän ýu­muş­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň amat­ly usul­la­ry ba­ra­da ça­ga, ze­rur bo­lan ýag­daý­da, ata-ene­le­re-de mas­la­hat ber­me­li­dir. Her sa­pa­gyň so­ňun­da ýyg­ra ça­ga­la­ryň göw­nü­ni gal­kyn­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, syn­pyň öňün­de ola­ryň ar­tyk­maç ta­rap­la­ry ba­ra­da aýt­mak has oňat ne­ti­je­le­ri be­rer. Ça­ga­nyň di­ňe mu­gal­ly­myň ýar­dam ber­me­gin­de üs­tün­lik ga­za­nyp bil­jek­di­gi­ni ýat­dan çy­kar­ma­ly däl­dir. Ça­ga­la­ra bi­per­waý ga­ra­mak mu­gal­ly­myň goý­be­rip bil­jek säw­lik­le­ri­niň iň esa­sy­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Sö­zü­mi­zi jem­läp aý­da­ny­myz­da, ça­ga­nyň tiz 5-nji syn­pa uý­gun­laş­ma­gy üçin ony gur­şa­ýan­lar ýü­ze çy­kyp bil­jek me­se­le­ler­de oňa ýa­kyn­dan ýar­dam ber­me­li­dir­ler. Uý­gun­la­şyş döw­ri ça­ga­ny gol­da­ma­ly we he­ma­ýat ber­me­li. Ça­ga wag­ty­ny we oku­wy­ny oý­la­ny­şyk­ly gu­ra­ma­ga ýar­dam ber­me­li. Öz­baş­dak­lyk we jo­gap­kär­çi­lik duý­gu­la­ry­ny oýar­ma­ly we ber­kit­me­li. Ça­ga­nyň fi­zi­ki we ru­hy sag­ly­gy­na gö­zeg­çi­lik et­me­li. Ça­ga­nyň mek­dep bi­len oňyn gat­na­şyk­da bol­ma­gy­ny ga­zan­ma­ly.

Hemra ARAMEDOW,

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09