Bi­lim iş­gär­le­ri­niň iş tej­ri­be­sin­den

Türkmen dili sapagynyň aýratynlyklary

Türk­men di­li der­sin­den okad­ýan 8-nji syn­py­myz­da «Goş­ma söz­lem­le­riň gör­nüş­le­ri» di­ýen te­ma­ny geç­ýä­ris. Te­ma­ny okuw­çy­la­ra dü­şün­di­re­ni­miz­de, ola­ryň ýa­dyn­da gal­ma­gy we öw­ren­mek­le­ri üçin bir­nä­çe usul­la­ry peý­da­lan­ýa­rys. Il­ki bi­len, okuw­çy­la­ra goş­ma söz­lem­le­riň nä­me­di­gi­ni dü­şün­dir­ýä­ris. Goş­ma söz­lem­ler gur­luş­la­ry taý­dan iki hi­li­dir: düz­me­li goş­ma söz­lem­ler we eýer­jeň­li goş­ma söz­lem­ler. Düz­me­li goş­ma söz­lem­le­riň için­dä­ki ýö­ne­keý söz­lem­le­riň her haý­sy­ny öz­baş­dak hem ulan­mak bol­ýar. Me­se­lem: Me­niň ma­lym bar, döw­le­tim bar, al­tyn­dan guý­lan aşy­gym hem bar, em­ma mu­nuň ýa­ly jan­ly al­tyn aşy­gym ýok.

Goş­ma söz­lem­le­ri ha­syl ed­ýän ýö­ne­keý söz­lem­ler deň de­re­je­de dü­zül­ýär. Şo­nuň üçin­, olar düz­me­li goş­ma söz­lem diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. My­sal al­nan goş­ma söz­lem­den «em­ma» sö­zü­ni aýyr­sak, on­da ol söz­lem­le­riň her bi­rin­de öz­baş­dak ula­nyl­ma­gy müm­kin bo­lan bir­nä­çe ýö­ne­keý söz­le­miň bar­dy­gy­ny gö­re­ris. Eýer­jeň­li goş­ma söz­lem­de bol­sa, onuň için­dä­ki ýö­ne­keý söz­lem­ler­den di­ňe bi­ri baş pi­ki­ri aň­lad­ýar, beý­le­ki­si­niň onuň ha­ba­ry­na ýa­da iş­lik­ler­den bo­lan bir ag­za­sy­na de­giş­li so­ra­ga jo­gap bo­lup gel­ýän­di­gi­ni dü­şün­dir­ýä­ris. Bu hi­li goş­ma söz­lem­de di­ňe baş pi­ki­ri aň­lad­ýan ýö­ne­keý söz­le­miň öz­baş­dak ula­ny­lyp bi­lin­ýän­di­gi­ni, beý­le­ki söz­le­mi öz­baş­dak ula­nyp bol­ma­ýan­dy­gy­ny teks­tler­den saý­lap, dür­li my­sal­la­ryň üs­ti bi­len dü­şün­dir­ýä­ris. Sa­pak­da te­ma­nyň has düş­nük­li bol­ma­gy üçin gö­nük­me­le­ri iş­led­ýä­ris. Okuw­çy­la­ra öz­baş­dak iş­le­ri hem tab­şyr­ýa­rys. Goş­ma söz­le­miň iki gör­nü­şi­ne de­giş­li my­sal­la­ry çe­per eser­ler­den, ro­man­lar­dan, okap, dep­der­le­ri­ne ýa­zyp gel­mek­le­ri­ni tab­şyr­ýa­rys.

Je­mal ATA­ÝE­WA,

Ar­ka­dag şä­he­rin­dä­ki iň­lis di­li­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len 4-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.

* * *

San­ly ul­ga­myň äh­mi­ýe­ti

Iň­lis di­li sa­pak­la­ryn­da okuw­çy­la­ryň söz­le­ýiş me­de­ni­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mek­de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan peý­da­lan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. In­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ulan­mak bi­len, sa­pak gu­ra­mak düz­gün­le­ri oku­wyň gu­ra­ly­şy­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge we kä­mil­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Okuw­çy­la­ra bi­lim ber­mek­de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan peý­da­lan­mak bi­len, sa­pa­gy ga­ry­şyk, bar­lag we gö­zeg­çi­lik, bi­lim­le­ri we ba­şar­nyk­la­ry ber­kit­mek esa­syn­da gu­ra­mak amat­ly­dyr.

Sa­pak­lar­da ula­nyl­ýan in­no­wa­sion-pe­da­go­gik teh­no­lo­gi­ýa­lar di­ňe bir be­ril­ýän bi­li­miň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­man, eý­sem, sa­pa­gyň wag­ty­ny tyg­şyt­ly ulan­ma­gy­na, okuw­çy­la­ryň gys­ga wag­tyň do­wa­myn­da köp mag­lu­mat­la­ry ýat­da ga­ly­jy ýag­daý­da ka­bul et­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

Okat­ma­gyň bar­şyn­da in­te­rak­tiw usu­lyň ula­nyl­ma­gy in­no­wa­si­ýa­nyň esa­sy diý­lip ha­sap­lan­ýar. In­te­rak­tiw usu­ly okuw döw­rü­ni (dü­şün­me­giň bar­şyn­da öza­ra bag­la­ny­şyk­ly ýag­daý­da he­re­ket edil­me­gi­ni ýa-da bi­rek-bi­re­ge dü­şü­nil­me­gi­ni) mu­gal­ly­myň we okuw­çy­la­ryň to­par bo­lup iş­le­ýän gör­nü­şin­de gu­ra­ma­gyň usu­ly­ny aň­lad­ýar. Bu usul­ okuw­çy­la­ra da­şa­ry ýurt di­li öw­re­di­len­de hem iş­jeň ula­nyl­ýar.

Ser­dar ÝAZ­HA­NOW,

Ha­laç et­ra­byn­da­ky 13-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.

* * * 

Okuw­çy­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni ga­zan­mak

Hä­zir­ki dö­wür­de bi­lim ul­ga­myn­da bo­lup geç­ýän ösüş­le­riň my­sa­lyn­da ýaş ne­sil bi­len iş­leş­me­giň has-da jo­gap­kär­çi­lik­li we dö­re­di­ji­lik­li ug­ra öw­rü­len­di­gi­ne şa­ýat bol­ýa­rys. Hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň sa­pak­la­ra or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­li­miň hi­li­ne oňyn tä­sir ed­ýär. Baş­lan­gyç synp­lar­da gu­ra­ýan sa­pak­la­ry­myz­da mul­ti­me­dia tag­ta­sy ar­ka­ly taý­ýar­lan­ýan okuw we gör­kez­me es­bap­la­ry­ny giň­den ulan­ýa­rys. Bu müm­kin­çi­lik ça­ga­la­ryň ün­sü­ni jem­le­mek­de, te­ma­la­ry düş­nük­li we şe­kil­li gör­nüş­de dü­şün­dir­mek­de örän ne­ti­je­li bol­ýar. Esa­san hem, san­lar, harp­lar, geo­met­rik şe­kil­ler, su­rat­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly te­ma­lar­da şe­kil­ler ar­ka­ly mag­lu­mat ber­mek okuw­çy­la­ryň ola­ry has tiz we çuň­ňur öz­leş­dir­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Sa­pak wag­tyn­da au­dio we wi­deo­ma­te­rial­la­ry ulan­mak ar­ka­ly okuw­çy­la­ryň eşit­mek, gör­mek ukyp­la­ry­ny ös­dür­ýä­ris. Bu bol­sa okuw­çy­la­ryň di­ňe bir ýat­da sak­la­mak däl-de, dü­şün­mek ar­ka­ly öw­ren­mek en­dik­le­ri­ni ös­dür­ýär. Şeý­le müm­kin­çi­lik­ler ola­ryň sa­pa­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy­ny art­dyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da in­te­rak­tiw usul­lar bi­len okuw­çy­la­ryň gat­na­şy­gy­ny güýç­len­dir­ýä­ris, ola­ryň tej­ri­be bi­len öw­ren­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­red­ýän my­sal­lar hem ula­nyl­ýar. Mul­ti­me­dia tag­ta­syn­da taý­ýar­la­ny­lan okuw es­bap­la­ry bi­len iş­leş­mek okuw­çy­la­ryň dö­re­di­ji­lik­li pi­kir­len­me­gi­ne giň ýol aç­ýar.

Ýaz­bi­bi BA­BA­LY­ÝE­WA,

Sa­kar­çä­ge et­ra­byn­da­ky 14-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09