Dil­le­ri yl­my esas­da öw­re­nen alym

(Oçerk)

Eger-de Gur­ban aga bi­ziň döw­rü­miz­dä­ki ýaş­la­ryň di­ňe ne­mes däl, iň­lis, fran­suz, hy­taý, ko­reý, rus, arap, pars... dil­le­rin­de saý­rap du­ruş­la­ry­ny gö­ren bol­sa, «Bi­zi­ňem aza­by­myz ýe­ri­ne dü­şen eken» di­ýip buý­sa­nar­dy, be­ge­ner­di. Se­bä­bi onuň ýe­tiş­di­rip gi­den şä­girt­le­ri­niň on­lar­ça­sy hä­zir şol ýaş­la­ra ha­ly­pa­lyk he­ma­ýat­la­ry­ny ýe­ti­rip ýör­ler. Diý­mek, il için­de aý­dy­ly­şy ýa­ly, ýol ýit­män­dir, gaý­tam gi­ňe­lip­dir.

Da­na­la­ryň bi­ri «Di­li nä­çe köp bil­di­giň­çe, özü­ňi ga­na­ty-pe­ri ýe­ten guş sa­ýar­syň. Se­bä­bi sen is­län wag­tyň şol dil­de gep­le­ýän­le­riň ara­sy­na go­nup, gep­le­şip bi­ler­siň» di­ýip­dir.

...Yk­ba­lyň em­ri­dir-dä! Gyş ahy­ram bol­sa, 1937-nji ýy­lyň aýa­zy bi­len ga­ry­şyp, süň­ňü­ňi tit­red­ýän sör­tük şe­mal­ly gü­ni ga­dy­my Kö­neür­gen­jiň ete­gin­dä­ki oba­da dün­ýä ine­ni­ni jä­gil­däp buş­lan og­lan­jy­gy he­niz aga-ga­ra dü­şün­män­kä bas­mar­lan kül­pet­ler tä ýi­git çyk­ýan­ça eýik­dir­män­dir. He­niz iki ýa­şap-ýa­şa­man­ka kä­be­si duý­dan­syz ýa­py­şan aja­lyň pen­je­sin­de gö­zü­ni ar­man­ly ýu­mup­dyr. Şon­dan bir ýyl ge­çip-geç­mä­nem ka­ka­sy dün­ýä­si­ni tä­ze­läp­dir. Şeý­dip ýal­ňyz ga­lan bä­be­gi ma­ma­sy Baý­ram­gül bag­ry­na ba­syp, göz­ýa­şy bi­len hüw­dü­läp­dir.

Gur­ban oku­myş­lyk­da deň-duş­la­ryn­dan has oz­du­ryp­dyr. Oba­la­ryn­da­ky ýe­di­ýyl­lyk mek­de­bi diňe 5-li­ge gu­ta­ryp, soň Kö­neür­gen­jiň mer­ke­zin­dä­ki 1-nji mek­dep-in­ter­na­tyň ga­py­syn­dan gir­ýär. Bu ýer­de oka­lan üç ýyl ýet­gin­je­gi ýi­git­li­ge ýe­tiş­dir­ýär. Mu­gal­lym­la­ram: «Ylym dün­ýä­si­ne bu hö­we­si­ňe, so­ran­jaň­ly­gy­ňa, so­wa­lyň düý­bü­ne ýet­ýän­çäň yn­jal­maý­şy­ňa sen ahy­ry alym çy­kar­syň» di­ýip­dir­ler. El­bet­de, go­la­ýyn­da­ky üç ýüz alt­myş pir­li top­rak­da­ky eren­ler-pe­riş­de­ler «omyn!» di­ýen­dir-dä, şon­dan soň Gur­ban Ga­zak­ba­ýe­wiň­ki ug­ru­na bol­ýar gi­di­ber­ýär. On­da-da ylym­lar dün­ýä­sin­de çar­kan­dak­ly ýol az­my nä­me?!

Mur­ty ta­ban ýi­git Aş­ga­ba­da aşyp, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň fi­lo­lo­gi­ýa fa­kul­te­ti­ne res­mi­na­ma­la­ry­ny tab­şyr­ýar. Mag­tym­gu­ly­nyň, An­da­ly­byň, Mol­la­ne­pe­siň, Mä­tä­ji­niň goş­gu­la­ry­nyň tas hem­me­si­ni di­ýen ýa­ly ýat­dan bil­ýän, des­san­la­ryň on­lar­ça­sy­ny ha­ky­da dep­der­çe­si­ne ýa­zan dyz­maç­dan so­wat­hon ýi­git gi­riş sy­nag­la­ryn­da eý­ýäm mu­gal­lym­la­ryň «be­re­kel­la­sy­ny» al­ýar. Özem haý­ran ga­laý­ma­ly, saý­ry dil­le­ri bil­mä­ge ju­da hö­we­sek­li­gi bi­len tu­ruw­baş­dan saý­la­nyp ug­ra­ýar. Şon­dan­dyr, ne­mes di­lin­de okad­ýan mu­gal­ly­my Li­li­ýa Iwa­şen­ko ýa­ny­na ça­gy­ryp: «Sen ne­mes di­li bö­lü­mi­ne geç, bu ze­hi­niň bi­len alyp çy­kar­syň, bil­ýän» di­ýip, ta­ly­by­nyň ze­hi­ni­ni sar­pa­la­ýa­ny­ny açyk syz­dyr­ýar. Şeý­di­bem, Io­gann Wolf­gang, Gýo­te, Şil­ler, Gen­kel, To­mas Mann ýa­ly şa­hyr­la­ryň saý­ran di­lin­dä­ki dün­ýä­niň ga­py­syn­dan gir­ýär. Göw­ni göç­gün­li, ze­hi­ni ýe­tik, bil­mä­ge, öw­ren­mä­ge teş­ne, poe­zi­ýa­nyň çyn hy­ry­da­ry Gur­ban hat­da ta­lyp­lyk ýyl­la­ryn­da Gýo­tä­niň goş­gu­la­ry­ny türk­men­çä ter­ji­me et­mä­ge hem sy­na­ny­şyp­dyr.

Bir hünärde okaýan, soň bel­li alym hem ha­lan­ýan aý­dym­çy bo­lup ýe­ti­şen Ky­ýas­mu­ham­met Aga­ýew şol wagt­lar uni­wer­si­te­tiň çe­per hö­wes­jeň­ler to­pa­ry­nyň iş­jeň ag­za­sy eken. Iki­si ýeg­re dost bo­lan­soň, he­mem ze­hi­ni­ne göw­ni ýe­ten­soň, ol deg­şip, Gur­ba­na şeý­le di­ýer eken:

— Ha­ny, ne­mes­çe­den bir go­wy goş­gy­ny ter­ji­me et-de, der­rew eli­me ber. Me­nem aý­dym ede­ýin, eşit­se­ler, nä­der­siň ne­mes gar­daş­lar ça­pak ça­lyp dur­sa­lar. Bel­ki, ge­lip, eli­mi­zi gy­sy­bam gi­der­ler.

Ol bi­hal däl eken. Soň ne­si­be dar­typ, Gur­ban «ýü­ňi ýe­ten» ter­ji­me­çi hök­mün­de Ger­ma­ni­ýa iş sa­pa­ry­na gi­den­de, Reýn der­ýa­sy­nyň su­wu­ny içen şa­hyr­la­ryň goş­gu­la­ry­ny ene dil­le­rin­de, so­ňam türk­men­çe ter­ji­me­sin­de okap be­ren­de, olar haý­ran ga­lyp, türk­men ýi­gi­di­niň eli­ni ho­şal­lyk hem mä­hir bi­len gy­syp­dyr­lar. Şon­da özün­den zy­ýat be­ge­ne­nem kär­de­şi, uni­wer­si­te­tiň pro­fes­so­ry Ky­ýas­mu­ham­met Aga­ýew bo­lup­dyr.

Bir gür­rüň­deş­lik­de bel­li şa­hy­ry­myz No­bat­gu­ly Re­je­bow şeý­le di­ýip­di:

— O wagt­lar Gur­ban Ga­zak­ba­ýew da­ba­nyn­dan ot çy­kar­ýan ýaş mu­gal­lym­dy, bi­zem ta­lyp­la­ry­dyk. Sa­pak­la­ryň bi­rin­de Gýo­tä­niň, so­ňam Şil­le­riň her­sin­den bir goş­gy­ny ne­mes­çe oka­dy we­li, ba­ryp ýü­re­gi­me or­na­nyn­dan­dyr-da: «Ýol­daş mu­gal­lym, bu goş­gu­lar öň türk­men­çe ýa­zy­lyp, soň ne­mes­çä ge­çi­ri­len bo­laý­ma­syn» diý­dim. Ol ýaz ýa­ly ýyl­gyr­şy­ny et­di-de: «Ýok, bu­lar ne­mes­çe, in­di türk­men­çä geç­me­li» diý­di. Şeý­le ýi­ti tä­sir eden­li­gin­den­dir-dä, kä­mil şa­hyr çy­kyp, şol goş­gu­la­ry öz di­li­mi­ze ter­ji­me et­dim. Şol ga­ze­ti gol­tu­gy­ma sa­lyp, mu­gal­ly­myň ýa­ny­na bar­dym we­li, eý­ýäm okan eken. Eli­mi ga­ýym gy­syp: «Ne­mes di­li bö­lü­min­de oka­nyň jo­ga­by şu. Ýö­ne ba­dy­ňy sak­la­ma­gyn!» diý­di. Mu­gal­ly­myň sö­zi bir­hi­li ak pa­ta ýa­ly bo­lup eşi­dil­di. Şeý­dip, so­ňam ne­mes­çe­den bir­nä­çe goş­gu­la­ry ter­ji­me et­dim.

Oky­jy­lar bil­ýän­dir­ler, No­bat­gu­ly Re­je­bo­wyň he­mem beý­le­ki şa­hyr­la­ryň ne­mes­çe­den eden ter­ji­me goş­gu­la­ry öz­baş­dak ki­tap bo­lup, oky­jy­la­ry be­gen­di­rip­di.

Uni­wer­si­te­ti go­wy ba­ha­lar bi­len ta­mam­lan ýi­gi­di bu ýer­de uly la­bo­rant edip, işe alyp gal­ýar­lar. Ara köp sa­lym düş­män­kä-de, da­şa­ry ýurt dil­le­ri ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my we­zi­pe­si­ne ge­çi­ril­ýär. Gu­ra­ma­çy, ta­lyp­lar bi­len dil ta­pyş­ma­gy, şeý­di­bem gat­na­şyk­dyr ýe­ti­şi­gi ta­la­ba­la­ýyk de­re­jä ýe­tir­me­gi ba­şar­ýan, yl­ma teş­ne, özü­ni he­mi­şe «ýo­nup» ýö­ren mu­gal­ly­my üç ýyl ge­çip-geç­män­kä ka­fed­ra mü­di­ri edip bel­le­ýär­ler.

Yl­myň çuň­luk­la­ry­na göw­ni tel­was­ly ýaş mu­gal­lym 1969-njy ýyl­da «Ne­mes we türk­men dil­le­rin­de at dü­şüm­ler ul­ga­my» di­ýen te­ma­dan bu ugur bo­ýun­ça ýur­du­myz­da il­kin­ji bo­lup di­ýen ýa­ly kan­di­dat­lyk dis­ser­ta­si­ýa­sy­ny go­ra­ýar.

Yl­myň ýel­gi­ni­ne ymyk­ly dü­şe­ni-hä hak. Go­ru­nyň do­ly bol­ma­gy üçin sä­hel böw­şeň­lik bol­sa-da, ki­ta­ba ýa baş­ga bir gol­lan­ma ýa­pyş­mak edä­he­di öm­rü­ne ýa­ran bo­lan. «Kä­mil­li­giň çä­gi ýok» diý­me­gi ha­la­ýan mu­gal­lym Ki­ýe­wiň da­şa­ry ýurt dil­le­ri döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­tyn­da hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dy­ryş oku­wyn­da, öz aý­dy­şy ýa­ly, «ylym ag­ra­my­ny has art­dyr­ýar», Lo­mo­no­sow adyn­da­ky Mosk­wa döw­let uni­wer­si­te­tin­de ge­çi­ri­len ka­fed­ra mü­dir­le­ri­niň se­mi­na­ryn­da tap­lan­ýar, Daş­kent­de, Al­ma­ty­da, Biş­kek­de, Ba­ku­da kär­deş­le­ri bi­len yl­my göz­ýe­tim­le­ri çuň­laş­dyr­ma­ga ba­gyş­la­nan çä­re­le­re gat­naş­ýar. Ylaý­ta-da, Ger­ma­ni­ýa­da ter­ji­me­çi hök­mün­de, soň hem yl­my-usu­ly­ýet bo­ýun­ça iş sa­par­la­ryn­da bol­ma­gy, do­sent di­ýen alym­lyk de­re­je­si­ni alan mu­gal­ly­my kä­mil­li­giň tä­ze bas­gan­çak­la­ry­na ýe­tir­ýär.

Gur­ban Ga­zak­ba­ýe­wiň 1977 — 1982-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da rus fi­lo­lo­gi­ýa­sy fa­kul­te­tin­de okuw sa­pak­la­ry­ny ýo­ka­ry ide­ýa-na­za­ry­ýet de­re­je­si­ne ýe­ti­ren­di­gi­ni şol dö­wür­dä­ki ta­lyp­lar, kär­deş­le­ri ýat­la­ýar­lar. Ha­ly­pa­ly­ga ir ýe­ti­şen­soň, ýaş mu­gal­lym­la­ra ama­ly sa­pak­la­ry gu­ra­mak­da, ola­ry ne­ti­je­li, ýat­da ga­ly­jy et­mek­de, yl­my ma­ka­la­la­ry, çy­kyş­la­ry taý­ýar­la­mak­da gol­da­wy­ny gaý­gyr­ma­ýar. Onuň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ka­fed­ra­da «Ne­mes we türk­men dil­le­ri­niň de­ňeş­dir­me gram­ma­ti­ka­sy» hem-de «Dil öw­re­nil­me­ýän fa­kul­tet­ler­de gep­le­ýiş di­li­ni okat­ma­gyň maz­mu­ny we usul­la­ry» top­lum­la­ry­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­nyň ju­da ne­ti­je­li bo­lan­dy­gy­ny hä­zi­rem ag­za­ýar­lar.

Do­sent Gur­ban Ga­zak­ba­ýe­wiň «Ne­mes di­li» okuw ki­ta­by­ny taý­ýar­la­ma­gy dil öw­re­nil­me­ýän fa­kul­tet­le­riň ta­lyp­la­ry, şeý­le-de bu di­li bil­mä­ge hö­we­sek ýaş­lar üçin diý­seň wa­jyp gol­lan­ma öw­rül­ýär. Şeý­le-de «Yn­san­per­wer ugur­ly fa­kul­tet­le­riň diň­leý­ji­le­ri üçin gol­lan­ma» tüýs «gö­ze de­gen» di­ýil­ýä­ni bo­lup, der­rew sa­pak geç­mä­ge hö­dür­len­ýär.

— Şol wagt­lar uni­wer­si­te­tiň da­şa­ry ýurt dil­le­ri ka­fed­ra­sy paý­tag­ty­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň da­şa­ry ýurt di­li­ni okad­ýan mu­gal­lym­la­ry üçin yl­my-usu­ly­ýet mer­ke­zi­ne öw­rü­lip­di — di­ýip, hä­zi­rem ýat­la­ýar­lar.

Ýyl­lar kä­mil­li­ge äkid­ýär. Şeý­dip, gör­nük­li alym, ta­ny­mal pe­da­gog öz döw­rün­de bir­nä­çe we­zi­pe­ler­de zäh­met çek­ýär. Okuw-usu­ly­ýet işi­ni kä­mil de­re­je­de ýo­la go­ýan­ly­gy na­za­ra al­nyp, «Halk ma­ga­ry­fy­nyň ot­liç­ni­gi» di­ýen ada my­na­syp bol­ýar. Ar­hi­wi­ne hem-de ter­ji­me­ha­ly­na göz gez­dir­ýär­siň we­lin, öz döw­rün­de mi­nistr­lik­ler, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan ber­len Hor­mat hat­la­ry­nyň sa­ny on­lar­ça­dan geç­ýär.

Ju­da hoş­gy­law bo­la­ny, bil­ýä­ni­ni öw­ret­mä­ge ýal­tan­ma­ýan­ly­gy, gaý­tam, şä­girt ýe­tiş­dir­me­gi öm­rü­niň hem-de işi­niň par­zy ha­sap­la­ýa­ny üçin Gur­ban mu­gal­ly­myň tö­we­re­gin­de he­mi­şe ta­lyp­lar köp bo­lar eken. Ola­ryň kö­pü­si soň­ra ha­ly­pa ýo­lu­na yg­rar­ly bo­lup, ylym­la­ryň kan­di­da­ty, do­sent, pro­fes­sor de­re­je­si­ne ýet­di­ler.

Ýag­şy adam ýat­lan­sa, gö­wün­ler ow­sun aty­ber­ýär. Kim hak­da gür­rüň gid­ýä­ni­ni bi­len­de, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň da­şa­ry ýurt dil­le­ri ka­fed­ra­sy­nyň mü­di­ri, do­sent Ro­man­gu­ly Mus­ta­kow dö­rüp-düm­tü­nip, kö­ne ka­gyz­la­ryň ara­syn­dan bir su­ra­ty göz­läp tap­dy.

— Mu­ňa se­re­dem­de, ýaş­ly­gy­ma do­la­na­na dön­ýän. 1969-njy ýyl­da hä­zir­ki iş ýe­ri­me ýaş mu­gal­lym bo­lup ge­le­nim­de, gü­ler ýüz bi­len gar­şy alan Gur­ban Ga­zak­ba­ýew bo­lup­dy. Soň­ra di­ňe ha­ly­pa-şä­girt däl, eý­sem, aga-ini gat­na­şy­gyn­da bol­duk. Ju­da hoş­gy­law, kö­mek is­le­seň, ja­nyn­dan syz­dy­ryp dü­şün­dir­ýän, bil­ýä­ni­ni paý­laş­ma­ga my­da­ma ta­ýyn, kal­by pä­ki­ze, jo­mart adam­dy. «Git, öw­ren, ylym ada­my bir du­ran ýe­rin­de dur­sa, bi­lim, göz­ýe­tim çyg­ry gi­ňe­mez, alym um­ma­na gi­ren guw­was ýa­ly bol­ma­ly­dyr» di­ýip, dog­ru­sy, Mosk­wa­da­ky oku­wa, as­pi­ran­tu­ra git­me­gi­me-de şol ha­ly­pa se­bäp bo­lup­dy.

Şu su­rat dur­mu­şy­my­zyň bir bö­le­gi­ni ýat­la­dyp dur. Yn­ha, Ata­my­rat Ar­ry­kow, Ta­ma­ra Pa­ra­mo­no­wa, Ky­ýas­mu­ham­met Aga­ýew, Li­di­ýa Ge­dus, Al­mäm­met Al­mäm­me­dow Gur­ban Ga­zak­ba­ýe­we «ha­ly­pa» di­ýip ýüz­le­nen mu­gal­lym­lar­dy. Şo­nuň üçin hem­me­si onuň tö­we­re­gi­ne üý­şüp du­ran­dyr­lar — di­ýip, Ro­man­gu­ly Mus­ta­kow ýat­la­ma­la­ry­ny paý­laş­ýar.

...Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýaş­la­ry­my­zyň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek­le­ri üçin dö­re­di­len, dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik-şert­ler tü­ken­mez al­ky­şa my­na­syp­dyr. Gör­ýäs-ä, her ýyl­da däl, her aý­da, her gün­de di­ýen ýa­ly mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra, dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki bäs­le­şik­ler­de türk­men ýaş­la­ry­nyň bu ugur bo­ýun­ça, şeý­le-de ders bäs­le­şik­le­ri­ni iň­lis, rus, fran­suz, arap, ko­reý, hy­taý... dil­le­rin­de tab­şyr­mak­da ga­zan­ýan ne­ti­je­le­ri diý­seň buý­san­dy­ry­jy­dyr. Şol pur­sat Gur­ban aga­nyň pe­da­go­gik ýo­lu­ny do­wam et­dir­ýän, hä­zir ka­ka­sy­nyň iş­län okuw mek­de­bi­niň da­şa­ry ýurt ede­bi­ýa­ty ka­fed­ra­syn­da ne­mes di­li we ede­bi­ýa­ty mu­gal­ly­my Gül­şat, mu­gal­lym gyz­la­ry Bil­bil, Ba­har, Gül­nar he­mem beý­le­ki ne­be­re­le­ri­niň buý­san­jy has-da go­şa­lan­ýar.

On­soň şu ýaz­gy­la­ra no­kat goý­jak wag­tyň pi­ki­re çüm­ýär­siň: «Eger-de da­şa­ry ýurt dil­le­rin­de su­wa­ra saý­ra­ýan ýaş­la­ry­my­zyň dün­ýä, hal­ka­ra de­re­je­le­rin­de öz­ge­ler­den has rüs­tem­dik­le­ri ru­hu­na aýan bol­sa, diý­mek, Gur­ban Ga­zak­ba­ýew ýa­ly mil­li yl­my­my­zyň bin­ýa­dy­ny ber­kit­mä­ge go­şant go­şan alym-pe­da­gog­la­ry­my­zyň azap-zäh­met­le­ri­niň ýe­ri­ne düş­dü­gi­dir».

Diý­mek, beý­le us­sat­la­ryň dö­re­dip gi­den ýol-ýo­da­sy gi­ňe­lip, kä­mil­lik mek­dep­le­ri ösüp, us­sat­lyk de­re­je­si­ne ýet­di. Bu bol­sa, el­bet­de, gu­wan­dy­ry­jy­dyr.

Gur­ban­na­zar ORAZ­GU­LY­ÝEW,

Türk­me­nis­ta­nyň Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy, ýa­zy­jy

Salgy : Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09