Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat)

EGER ÇAGA NÄMEDIR BIR ZAT ÝETMEÝÄN BOLSA, ONDA ŞOL ZADY ALMAGA BOLAN HÖWES DÖREÝÄR

1976-njy ýylda Tähranda sowatsyzlyga garşy göreşe bagyşlanan konferensiýa geçirildi. Oňa gatnaşmaga meni hem çagyrdylar. Netijede, hemmeler diňe dünýä inen pursadyndan başlap çagalar bilen iş geçirilip ugralan ýagdaýynda sowatsyzlygy köki-damary bilen aýyrmak mümkin diýen pikire geldiler. Men özümiň mamladygyma ynamym artyp, Ýaponiýa dolanyp geldim. Konferensiýada men «Gürleýän kagyzjyklarym» bilen tanyşdyrdym, bu beýleki ýurtly gatnaşyjylarda örän uly gyzyklanma döretdi.

Çagalar muny oýunjak hökmünde kabul edýärler we ony oýnaýan wagtlary tebigy ýagdaýda harplary hem sözleri özleşdirýärler. Çaganyň harplary öwrenmegi üçin ýönekeý gaýtalamak ýeterlik däldir, onuň üçin gyzyklanmagy hem zerur. «Gürleýän kagyzjyklar» — çagalary maýyl edip bilýän enjam, hut şu sebäpli hem konferensiýa gatnaşyjylaryň onda ünsi eglendi.

Ähtimal, bu keseden garasaň, reklama ýaly görünýändir, ýöne men başga zat aýtmakçy bolýaryn. Göwnüme bolmasa, ýapon eneleri perzentleriniň göwnüni görmek üçin öteräk yhlas edýän ýaly. Başgaça aýdylanda, oýunjaklar, güýmenjeler bilen üstüni gömýärler, oňa gönükdirilýän üns babatda hem şeýle.

«Gürleýän kagyzjyklar» bilen bagly mysal getireýin. Eger 20 çaga bir enjam düşýän bolsa, munuň döredýän gyzyklanmasy has ýokary bolar, her çagada bir enjam bolanlygynda welin, bu beýle netije bermez. Birinji ýagdaýda çaga kagyzjyklar bilen oýnamak üçin eslije wagt öz nobatynyň ýeterine garaşmaly bolýar, şol sebäpli-de onuň gyzyklanmasy barha artýar. Ahyry nobaty ýetende, çaga üns-üntüşigini berip, bu enjamy içgin öwrenýär, ony hiç kime beresi gelenok. Ikinji ýagdaýda bolsa, näçe oýnasy gelse, ygtyýar özünde, onsoň derrew oňa bolan gyzyklanma sowaşýar, şeýdibem ol çagany irizýär.

Birinji ýagdaýda çagalaryň harplary tiz hem oňat ýat tutmaklary tebigy zat. Eneleriň öteräk yhlas edýän bolaýmagynyň mümkindigini aýdanymda, men hut şuny göz öňünde tutýaryn. Çaga entek isläp ýetişmänkä eneler oýunjaklar, öwrediji enjamlar bilen onuň üstüni gömýärler, hatda körpe baradaky aladalary babatda hem şeýle. Professor Suzukiniň edişi ýaly, çaganyň isleýän zadyny halys «sabry suw bolaýýança» bermejek bolmaly. Häzirki ýapon eneleri bolsa nädip çaganyň göwnüni göterip boljaklygy barada kelle döwüp, onuň islegindenem öňe düşýärler.

Elbetde, körpe ata-enäniň kömegi bolmasa, hiç zat alyp bilenok. Ýöne çaga nämedir bir zady satyn alyp bermezden öňinçä, eneler bir ýagdaýa elmydama üns bermelidirler: onuň isleýän zadyny almaga bolan ymtylyşy näderejede uly, onuň gyzyklanmasy näderejede güýçli. Eger gyzykmaýan bolsa, täze zady içgin öwrenmäge-de, ony özleşdirmäge-de çagada höwes bolmaz.

Diňe bir irki ösüşiň däl, eýsem, tutuş häzirki zaman bilim ulgamynyň derdi-meselesi çagalarda hemme zadyň, hatda geregindenem artyk zadyň barlygyndadyr. Adatça, terbiýäni terbiýeleýäniň terbiýelenýäne nämedir bir zat berşi bilen bagly hadysa hökmünde göz öňüne getirýärler. Emma munuň tersine, hiç zat bermezlikde-de terbiýe alamaty bardyr. Nämedir bir zat ýetmezçilik edende, çagada öwrenmäge we kämilleşmäge ymtylyş peýda bolýar. Hut şu hem ony ünsüni jemlemäge we yhlas görkezmäge mejbur edýär. Özünde ýok zady almak üçin adam ymgyr köp işi berjaý etmäge ukyplydyr. Bu çagalara-da degişli.

Adam dok mahaly hatda örän tagamly nahary hem iýmez. Eger çaganyň ähli islegi kanagatlandyrylan bolsa, onda ösmek üçin höwes bolmaz. Körpäni gyzykdyrmak üçin, ata-ene onuň islegleriniň käbirini kanagatlandyrman goýmalydyr, şonda ol isleýän zadyny nädip alyp biljekligi barada pikirlenip ugrar. Bu sapak alarlyk haldaky örän wajyp pursatdyr. Oýunjaklardan üsti gömlere gelen çaga olary bolaýmaly zat hökmünde kabul edýär. Onsoň birdenkä özüniň isleginiň berjaý edilmezligi bilen çaknyşsa, ol isleýän zadyny almak üçin asla yhlasam edenok, ony almagyň usulyny tapjagam bolanok. Şunlukda, ol özbaşdak hiç bir zady başarmaýan kişi bolup ýetişýär.

Göwnüme bolmasa, häzirki eneler, edil nämedir bir zady bermek babatda bolşy ýaly, şony bermezligiň hem terbiýäniň bir usulydygyny unudana meňzeýärler. Elbetde, ähli zatda çaganyň göwnüni görjek bolmak bilen deňeşdireniňde, onuň aýdanyna «ýok» diýmek has kyn. Bu işe hötde gelip bilmekleri üçin men enelere güýç-gaýrat dileýän. Çünki diýip-diýmänkä, çaga oýnawaç satyn alyp bermek ýa-da derrew ony hopba etmek has aňsat zat. Biz elmydama diňe läliksiredilen çagalaryň gürrüňini edip oňýarys, ýöne bu ululara-da degişli. Çaganyň gyzyklanmasy has artyp, iň soňky hetdine ýetýänçä sabyrly bolup, garaşyp bilmeýän ata-eneler bu boluşlary bilen özlerine ikilik edýärler.

Enäniň borjy — çaga üçin nämäniň gowudygyny bilmek we onuň gyzyklanmasyny dogry ugra gönükdirmek. Esasy maksady çaganyň bähbidi bolan terbiýäniň asyl manysy şundan ybaratdyr. Bu ölmez-ödi bilen oňňut etmekdenem, goşulmazlyk ýörelgesine görä terbiýelemekdenem tapawutlanýar.

EGER ÇAGANYŇ ISLEÝÄN ZADY ELMYDAMA ELÝETERLI BOLSA, OL LELLIM «BAÝ OGLY» BOLUP ÝETIŞER

Häzirki çagalaryň köpüsi ejesini, hamana diýersiň, öz deň-duşy däldir öýdenoklar, onuň abraýyny ykraram edip baranoklar. Halys başyna giden ýagdaýlarda-ha eje çaga üçin hyzmatkäre dönäýýär, ol ejesine buýruk hem beräýýär, diýleni edilmese, ýazgarýaram. Şeýle haldaky ejeler hemişe: «Bagrymdan önen balam maňa gulak asanok...» diýip nalaýarlar, şonda olar bu çagany hut özleriniň terbiýeländigini welin bütinleý unudýarlar.

Nämedir bir zat ýetmese, ony aljak bolup, çaganyň yhlas edip ugraýanlygyny men eýýäm aýdypdym. Eger ähli islegi babatda körpäni ugruna kowulsa, ol hiç haçanam yhlas bilen çytraşmagy öwrenmez, şeýle-de özüni garasöýmez «baý ogly» ýa-da «baý gyzy» ýaly alyp barar. Kiçijekliginden başlap islän zady alyp berlip duran çagalar hakyky şatlygyň, yhlas etmegiň nämedigini-de bilenoklar, öz ata-enesine-de hormat goýanoklar.

Yhlas baryny siňdirip, ahyry isleýän zadyna ýeten islendik adam begener. Bu ýagdaý ony indiki maksatlara ýetmek üçin has-da yhlas etmäge ruhlandyrýar. Şeýdip ösüş gazanylýar. Çagalykda, şekiller döwründen başlap, körpe şeýle tejribäni özleşdirmelidir, ýogsam, öz güýjüň bilen maksada ýetmegiň şatlyk duýgusynyň nämedigini bilmez, ähli zatda özgelere garaşly bolar.

Galyberse-de, özgeler tarapyndan öz talaplarynyň kanagatlandyrylmagyna werziş bolan, özünden başgany bilmeýän garasöýmez çaga özüniňem, özgäniňem zähmetiniň gadyr-gymmatyna düşünmeýär. Şol bir zady dürli usullar bilen gazanmak mümkin: oňa özüň yhlas siňdirip ýetip ýa-da başga bir adamdan alyp bolýar. Şu zadyň gadyr-gymmaty hem haýsy usula degişlidigine bagly. Ulularyň hem çagalaryň käbiri her näme etselerem, özleri üçin her näme edilse-de, nägile bolup galýarlar. Islän zadynyň ählisi kanagatlandyrylyp durulsa, adam, hakykatda, özüniň näme isleýändigine-de düşünmän başlaýar, şol sebäpli hem özünde bar bolan zat oňa elmydama az görünýär, onsoň ol hemişe betbagt haldadyr.

Ähli zatda çaganyň göwnüni görmäge çalyşmak bilen, ene onuň gözüniň alnynda özüni peseldýär. Dynnym ýalyja islegi bitirilmese-de, ol ejesine gaharlanýar, onsoň eje öz perzendiniň öňünde gorkudan ýaňa galpyldap ugraýar we güýjünde baryny edip oňa ýaranjak bolýar. Bu ene üçin düýbünden nädogry ýagdaýdyr, çünki onuň hakyky borjy — çaganyň öňünde maksat goýmak we şoňa ýetmek üçin yhlas edende ony goldamak ahbetin.

Özüni sylaýan enäniň çagasy elmydama güýjünde baryny edip gowulyga ymtylýandyr. Hemme zatda körpäniň göwnünden turmaga çalyşmak bolmaz: çaganyň sazlaşykly ösüşi üçin, onuň hormatlaýan ejesiniň bolmagy gerek.

(Dowamy bar).
* Başlangyjy gazetiň 27-nji maýdaky sanynda.
Terjime eden
Orazmyrat MYRADOW

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09