Çaga terbiýesiniň ähmiýeti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Arkadag şäheriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçi-mugallymlarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, hünär ussatlygyny kämilleşdirmäge giň mümkinçilikler we ähli şertler döredilen.
Bilim özgertmeleriniň has-da işjeňleşdirilmegi, döwrüň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyklykda üpjün edilmegi, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklarynyň, bilimleriniň we başarnyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi, okatmagyň usullarynyň nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirilmegi hem-de «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek babatda bilim işgärleriniň öňünde durýan wezipeler boýunça şäheriň çagalar bakja-baglarynda netijeli işler durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli Strategiýasyny» we «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde Arkadag şäheriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine we kämilleşmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň meýilnamasyna laýyklykda bäsleşikler öz wagtynda talabalaýyk geçirildi. «Körpe wäşiler», «Berekella, pälwanlar», «Ejeme sowgat», «Nowruz nagmalary», «Körpe bilgirjeler», «Dil bilen dünýäni gezer», «Körpe türgenler», «Ejem, kakam we men» we ýene-de birnäçe bäsleşikler guraldy. Bäsleşiklerde körpeler öz zehin-başarnyklaryny, ukyplaryny görkezdiler, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
2025-nji ýylyň mart aýyndan başlap, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi we «Arkadag» teleýaýlymy tarapyndan «Sagdyn we şadyýan çagalar» ady bilen köp sanly sport çäreleri geçirildi. Körpeler ol ýaryşlara uly höwes bilen gatnaşdylar.
Şäherimizde döredilen şu ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek amala aşyrylan sanly şäher Konsepsiýasyna esaslanýan «akylly» şäher taslamasy bolan döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň bilim ulgamynda zähmet çekýändigimize diýseň buýsanýarys we guwanýarys.
Buýsanjymyzyň we guwanjymyzyň sakasy bolan Gahryman Arkadagymyz biz — bilim işgärleri üçin görelde mekdebi bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz nusgalyk ýoly paýhasly dowam edip, ýurdumyzy şanly wakalara besleýär.
Ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Güljahan ÝALKAPOWA,
Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe bölüminiň baş hünärmeni
Salgy : Türkmenistanyň Bilim Ministrligi