Ýurdumyzyň beýik taglymaty
Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylyk we ynanyşmak düşünjeleri aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Ol jemgyýetiň durnukly ösüşiniň we abadançylygynyň esasyny düzýär. Parahatçylyk — diňe bir urşuň ýoklugy däl, eýsem, döwletleriň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlykdyr, sazlaşykdyr, bir-birege hormatdyr. Ynam — her bir döwletiň öz borçlaryny ýerine ýetirip, dogruçyl hem adalatly hereket etjekdigine bolan ýokary düşünjedir. Bu iki gymmatlyk ykdysadyýetiň, medeniýetiň, ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi üçin amatly şertleri döredýär we hemmetaraplaýyn meseleleriň çözülmegine goşant bolýar.
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň gymmatyna gadyr goýýan döwletimiziň başlangyjy bilen şu ýyl halkara we milli derejede «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygar bilen dabaralandyrylýar. Munuň özi häzirki wagtda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, adamzat jemgyýetiniň asuda hem abadan ýaşaýşyny pugtalandyrmakda, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekde esasy şertleriň biri bolup durýar. Bu meselede hemişelik Bitarap döwletimiz çuňňur pikir-garaýyşlaryny öňe sürmek bilen, derwaýys häsiýetdäki wezipeleri durmuşa geçirýär, tutuş dünýäde hoşniýetli ýörelgeleriň berkarar bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň bu ugurdaky asylly işleri halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip, olaryň işjeňlik bilen goldamagyny gazanýar. Häzirki wagtda dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 29 sany Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, döwletler hem halklar üçin iň bir derwaýys bolan meseleleriň oňyn çözgüdini oýlap tapmakda pikirleri we garaýyşlary bir maksatda jemlemäge uly mümkinçilik berýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň taryhy wakasy — BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä döwletleriniň türkmen Bitaraplygynyň gudratyna, ähmiýetine uly ynam bilen bil baglaýandygyny doly açyp görkezýär. Eýýäm üçünji gezek kabul edilýän bu taryhy çözgüt ýurdumyzyň Ýer ýüzüne parahatçylygyň tohumyny sepip, onuň şineläp, boý almagyna tagalla baryny siňdirýändiginiň beýany bolup durýar.
Halklary ysnyşykly ýaşamaga çagyrýan beýik taglymaty durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurdaky tutumlaryna mundan beýläk hem rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Oguljemal PAŞŞYKOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Daşoguz habarlary gazeti - 12.06.2025ý. №24
Salgy : Türkmenmetbugat