Türkmen halkynyň terbiýeçilik ýörelgeleri
Aslyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň öz milli häsiýetine gabat gelýän edep-ekram kadalary bar. Gadymy öwüt-nesihat we terbiýeçilik ulgamynda ýaş nesliň ahlak tebigatyny, wyždan tämizligini, ýürek päkligini kämiüeşdirmäge uly orun berlipdir. Biz munuň şeýledigine türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserini okanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Bu dürdäne eser perzent terbiýesi, ýaşlary watansöýüji we ýokary ahlakly ynsanlar edip ýetişdirmek bilen bagly halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelen asylly ýörelgelerini özünde jemleýär.
Gahryman Arkadagymyz nesil terbiýesi barada «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Geljegimize ynamlylygymyz watançy, akylly-başly oýlanyp bilýän ýaşlarymyza baglydyr diýip belleýär.
Megerem, adam ömrüniň iň arzyly we ajaýyp döwri onuň çagalyk ýyllarydyr. Eýsem, çagalyk ýyllary diňe ömrüň beze gi bolandygy üçin däl, şol bir wagtyň özün de şahsyýetiň häsiýetiniň kemala gelýändigi üçin-de ähmiýetlidir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, körpe neslimiziň ulalyp, geljekde ata Watanyň gülläp ösmegi üçin uly işleri bitirjek, hemişe il-günüň hyzmatynda durjak adamlar bolup ýetişmekleri üçin eýýäm şu günden alada etmeli. Hut şonuň üçinem nesil terbiýesi her bir döwletiň, her bir maşgalanyň öňündäki esasy mesele bolup durýar. Bu meseläni oňyn çözmek üçin, ilki bilen, döwletiň bilim ulgamynyň işini döwrebap we talabalaýyk guramak gerek.
Diňe şeýle edilende, terbiýe meselesinde öňde goýlan maksada ýetip bolar. Bu mese ede döwletimizde ähli mümkinçilikler, zerur şertler döredilýär.
Çagalykdan körpejelere pähim-parasatly nakyllaryň, atalar sözleriniň, matallaryň, ýaňyltmaçlaryň, ertekileriň, rowaýatlaryň, dürli mazmunly hikmetleriň manysyny öwretmek, ýat tutdurmak, çuňňur düşündirmek, öwrenmäge endik etdirmek milli terbiýämizde häzirem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Umuman, ýagşy gylyk-häsiýetlere, gowy hereketlere ýaşlykdan endiketmekhäsiýetiň özenidir. Endigi terbiýelemek, özleşdirmek, oňa uýgunlaşmak ynsan üçin mynasyp başarnyklaryň biridir.
Ýaşlary hemmetaraplaýyn terbiýelemekde döwletimiziň milli ösüşlerini wagyz-ündew etmegiň, dünýä ýaýmagyň ähmiýetiniň uludygyny bellemek zerurdyr. Geçirilýän we guralýan dürli köpçülikleýin çäreler, medenidynç alyş işleri ýaşlaryň medeniýetini, fiziki we ruhy derejesini kämilleşdirýär.
Ösüşlere, özgerişlere beslenýän ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bagtyýar çagalara edep öwretmek, terbiýe bermek barada edilýän aladalar, gazanylýan üstünlikler milli medeniýetimizi belentliklere çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň has-da röwşen boljakdygyny aýdyň beýan edýär.
Maksuda TÖRÄÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Biznes reklama gazeti - 02.06.2025, №22 (1380). br.com.tm