Syrly galanyň taryhy ähmiýeti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly,güneşli diýarymyzyň medeni, ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak babatynda hem saldamly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan “Änew - müýyllylyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaby dünýä ýaň salan Änew şäheriniň taryhy, medeniýetiniň aýratynlyklary, Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýäde ykrar etdiren ägirtleriň onuň taryhyny öwrenmekde alyp baran işleri barada köp sanly gymmatly maglumatlary özünde jemlemek bilen, onda gadymy we juwan şäheriň şöhratly şu güni halynda hem giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýle-de ajaýyp kitapda Berkarar ýurdumyzda taryhy ýadygärliklerimizi, medeni gymmatlyklarmyzy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada gürrüň edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň şu kitabyndan ugur alyp birnäçe taryhy ýadygärliklerimizi açyp öwrenmäge uly itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly” ajaýyp eserinde hem taryhymyzy öwrenmäge mümkinçilikler döredýär.“Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň mazmunyny uzak ýyllaryň dowamynda geçiren ylmy-gözleg işleriniň miweleriniň düzýändigi şol sebäplerdir.
Bäş müňýyllyk taryhy bolan mukaddes türkmen topragy şeýle deňsiz-taýsyz ýadygärliklere baý ýurtdyr.Ýeri gelende bellesek güneşli diýarymyzyň Daşoguz, Mary welaýatlarynda ýerleşýän ýadygärlikler toplumlary hem mundan birnäçe ýyl ozal Türki döwletleriň medeni paýtagty derejesine eýe bolupdy.Dünýä derejesinde geçirilýän bu çäreler ene topragymyzyň taryhyň gatlarynda müdimilik ornunyň bardygyny aýdyň görkezýär.Şeýle taryhy köki bolan mukaddes topragyň ýaşaýjysy bolmak her türkmen raýatynyň köňlünde buýsanç duýgularynyň möwç urmagyna sebäp bolýar diýsem ýalňyşmaryn.Taryhymyzy aýap saklamak,ony geljeki nesillere ýetirmek bolsa,her bir ynsanyň öňünde duran mukaddes borçdur.
Ýadygärlikler döwürleriň şaýady, wakalaryň gözi-gulagy. Munuň şeýledigine olaryň öz medeniýetini gatlaklarynda apalap saklaýan täsin arheologik tapyndylary aýdyň subutnama. Aslynda, ýadygärlikleriň medeni gatlaklarynda maddy gymmatlyklarynyň müňýyllyklaryň dowamynda zaýalanman gelýändiginiň syry barada oýlanyp gördüňizmi? Elbetde, daşdan ýasalan zähmet gurallarynyň ýa-da hojalyk durmuş esbaplarynyň zaýalanmazlygy tebigy kanunalaýyklyk. Ýöne laýdan ýasalan küýze ýa-da süňk, metal önümleriniň hem-de olaryň ýüzüne çekilen nagşyň, gülüň, ýazgynyň ýa möhüriň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda ýeriň çuňlugynda zepersiz saklanyp galandygy size-de täsin bolsa gerek.
Biziň günlerimize çenli ýetip gelen täsinligiň biri-de Yzmykşir ýa Zamahşar galasydyr. Geçmişden gymmatly miras bolup biziň günlerimize gelip ýeten taryhy ýadygärlikleriň biri hasaplanylýar. Asyrlaryň, döwürleriň şartysyna çydaman, ýykylyp ýumurlandygyna seretmezden, bu galanyň bize gelip ýeten belent diwarlaryň galyndysy häzir hem uzakdan howalanyp görünýär. Golaýyna geleniňde bolsa özüniň giňligi bilen haýran galdyrýar.
Kerwenbaşy kerwenleriň ýoly ýene-de birnäçe aralyk duralgalardan soň Hywa tarap sowulýar. Hywadan soň esasy ýoluň ugry ýene-de Türkmenistanyň çägindäki antik döwrüniň şäherçesi Bedirkente tarap ýönelýär. Bu şäherçede orta asyrlarda-da hatda täze döwre XX asyra çenli ýaşaýyş dowam edýär. Kerwenler bu Bedirkentden Zamahşar ýa-da Yzmykşir şäherine barýar. Bu adaty söwda senetçilik merkezine kerwenleriň sowulman geçmezligi mümkin däl.Yzmykşir baradaky maglumatlara biz orta asyr arap we pars çeşmelerinde öwrän- öwrän gabat gelýäris. Bu şäheriň iň tanymal adamlaryň biri Mahmyt Az-Zamahşary (1074- 1144 ýyl) tutuş yslam dünýäsinde meşhur bolupdyr.Öz döwrüniň belli ylahyýetçisi kanunşynasy dilçisi we şahyry bolan bu ýiti zehinli alymyň galdyran mirasy häzirki döwre çenli Gündogaryň we Günbataryň alymlarynyň üns merkezinden düşürilmän gelýär.
Yzmykşir galasy arheologik taýdan entek düýpli barlanan däldir. Onda 1934-nji ýylda M.W.Woýewodskiý 1936-njy ýylda Ý.G.Gulamow, 1939-njy ýylda S.P.Tolstow tarapyndan barlag geçirilen hem bolsa, olaryň hemmesi ýüzugra bolupdyr. Şonuň üçin bu gadymy şäher barada düýpli ylmy maglumatlar juda az. Diňe M.W. Woýewodskiý Yzmykşirde küýzegärçiligiň ösüşi barada kitap ýazypdyr.Ol hem halk köpçüligine ýetirilmändir, türkmen dilinde çap edilmändir.
Yzmykşir galasy häzirki Görogly etrabynyň Ýagtylyk we Yzmykşir obalarynyň aralygynda ýerleşýär.Galanyň ýerleşýän ýeri Yzmykşir obasyna degişlidir. Gala 20 gektar töweregi meýdany tutýar. Binägärçilik nukdaýnazardan ol dört derwezeli, gala diwarlary 12-15 metr bolan dörtburçly galadyr.Galanyň diwarlary laýdan bina edilendir. Onuň laýy galanyň günorta tarapyndan alnypdyr. Bu ýeriň topragy bina gurmak üçin örän oňat ýokary hili toýun toprak bolupdyr. Galanyň çig kerpiçden örülen ýerleri hem bar.Ol kerpiçler soňky döwürde galanyň ýykylan ýerlerinde abatlaýyş işleri geçirilende ulanylan bolsa gerek. Sebäbi töweregindäki hendeklere, garymlara suw goýberilip, berk goraga öwrülipdir. Galanyň derwezeleriniň iki tarapynda belent diňlere bolup, ondan hemişelik gözegçilik edilipdir. 1970-nji ýyla çenli galanyň iň uly derwezesi bolan günorta tarapyndaky derwezäniň gündogar tarapynda, diwarda, belent diňiň depesinde, beýikligi 35 santimetr töweregi, ini bolsa 15 santimetre golaý deşik bardy. Şol deşikden seredeniňde galadan 18-20 kilometr taryhy daşlykda, häzirki Durdy Gylyç adyndaky daýhan birleşiginiň Diregli obasyndaky diňiň depesi golaýda ýaly bolup görünýärdi. Şol diňiň depesinde garagullar bolup, olar duşmanyň ýygnyny gören batlaryna gündizine tüsse edip, gijesine bolsa ot ýakyp gala habar ýetiripdirler. Şol diňlerden aňyrda hem şeýle diňleriň bolan bolmagy mümkin. Şolaryň kömegi bilen duşmanyň gala howp salýandygyny has öňünden bilipdirler.
Oba ilatynyň ýa-da şäher ýakasynyň ilatynyň gala ýygnanmagyna we derwezleri berkitmäge gerek bolsa galanyň daşyndaky händeklere suw goýbermäge puryja bolupdyr. Galanyň daşyndan giň garym gazyp, oňa suw goýbermek düzgüni orta asyrlarda goranmak ýaly mahsusdyr. Gürrüňini edýän galamyz bilen tanyş bolanyňda munuň dogrydygyny göz ýetirmek kyn däl. Galanyň daşyna suw goýbemek üçin diňe onuň demirgazygyndan geçýän Çermenýabyň suwy ýeterlik bolupdyr. Yzmykşir galasynyň gurluşygynda biziň üçin düşnüksiz syrly ýagdaýlar hem gabat gelýär. Galanyň günorta-gündogar diwaryna örän köp süňkler, şol sanda adamyň süňkleri hem örän köp goýlupdyr. Adamyň hemme süňklerini ýerbe-ýer duran ýerine mundan 45-50 ýyl öň hem gabat gelinipdir. Olara häzirki wagtda gabat gelinmese-de adamyň süňkleridigi anyk bildirýän süňkleriň häzir hem galanyň dürli ýerlerinde gabat gelinýär. Bu barada iki hili çaklama edilýär. Bir wagtlar galany gyssagly bekitmeli bolupdyr. Başga bir çaklamada bolsa, gala uzak wagtlap gabalanda wepat bolanlary galanyň diwarlaryny oýup, şol ýerlerde jaýlanandygy nygtalýar. Bu ýagdaý mongollar döwründe bolupdyr, diýýänler hem bar.
Galadaky syrly hadysanyň biri diwardaky bitin siklediň kellesi gündogar tarapa edilip goýlanlygydyr. Musulmanlar merhumyň kelle tarapyny günbatara edip jaýlaýarlar. Bu sikletleriň wagt barada aýdylanda bolsa, ol uzak geşmişe degişli däl bolsa gerek. Muny süňkleriň aksowult reňkinden hem bilse bolýar. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ortalarynda çenli merhumlaryň kependeleriniň galyndalaryny görenligimiz hem muňa şaýatlyk edýär. Hat-da diwarda jaýlanan bir merhumyň (aýal maşgala bolsa gerek) boýnunda duran monjuk galyndylaryny hem görüpdik .Bu ýerde wagt meselesinde geň galyp otyrasy zat ýok.Taryhyň dürli döwürlerinde hem bu ýerde gowgalaryň bolandygy bize mälim.1920—30-njy ýyllarda hem galanyň töwereginde basmaçy diýlip atlandyrylan topar bilen gyzyl goşunyň arasynda ýa-da bir-biri duşman bolan toparlaryň arasynda çaknyşyklar netijesinde köp adam gyrlypdyr.Galanyň demirgazyk tarapynda adam süňkleriniň ýaşaýşa dahylly beýleki zatlaryň dargap ýatanyna şu günler hem duş gelmek bolýar. Galanyň günorta diwarynyň gündogar tarapynda iki hatar diwar çekilipdir. Bu diwarlaryň arasy basyrylyp, üsti laýlanypdyr. Onuň üstünde ýöräniňde ol maýyşgak bolup aşagynyň boşlukdygyndan habar berýär. Bu ýer zyndan bolupdyr diýýänlerem, onda ok ýarag saklanypdyr diýýänler hem bar. Ýöne häzir onuň hiç ýerinde agzy ýok. Bir wagtlar onuň girelgesi aşagrakda bolan hem bolsa, ol häzir gömülipdir. Şonuň üçin hem galanyň bu ýeri hem syrly bolmagynda galýar. Umuman Yzmykşir syrly gala.
Akjagül ÝOLDAŞOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.