"Arkadag Serdarly bilimli ýaşlar" atly zehin bäsleşiginiň jemi jemlendi

"Arkadag Serdarly bilimli ýaşlar" atly zehin bäsleşiginiň jemi jemlendi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan bilim özgertmeleriniň möhüm talaplary hökmünde ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde okuw derslerini ýokary derejede öwretmek, okuwçylaryň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olaryň ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklary üçin höweslendirmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatynda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda dürli bäsleşikler geçirilýär, ýaşlaryň halkara ders bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.Häzirki ajaýyp döwrümizde ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil  hünärmenlere  aýratyn  üns  berilýär.
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlarda ylmyň ugurlaryna çuň höwes döretmek hem-de zehinlerini artdyrmak maksady bilen Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi we Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Daşoguz welaýatynyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň mekdebi tamamlaýan okuwçylarynyň arasynda  “Arkadag Serdarly bilimli ýaşlar” ady bilen geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylara “Türkmen dili”, “Matematika”, “Türkmenistanyň taryhy” , “Iňlis dili” we “Rus dili” derslerinden, hödürlenen ýumuşlar orta mekdepleriň okuw maksatnamasynyň esasynda Mugallymçylyk mekdebiniň guramaçylyk topary tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. 
Bäsleşige Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň şeýle hem Daşoguz şäheriniň mekdep  okuwçylary gatnaşdy. Okuwçylaryň toplan ballary boýunça bäsleşigiň netijeleri eminler topary tarapyndan jemlenildi. Ýeňiji diýlip yglan edilen okuwçylara I, II we III derejeli diplomlar gowşuryldy.

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Ýusup Nuryýew

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Kämil ynsan - beýik mugallym

28/04/2026

Kämil ynsan - beýik mugallym

Tutuş adamzadyň dost-doganlyk, raýdaşlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk baradaky garaýyşlaryny has-da...

Ylym-bilime giň ýol açylýar

23/04/2026

Ylym-bilime giň ýol açylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilimdir ylma giň ýol açdy. Häzirki döwrüň talabyna...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09