“AÇYK GAPYLAR” güni geçirildi
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimi we ylmy ösdürmäge, döwrebap bilim-ylym ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde giň möçberli oňyn netijeler gazanylýar. Täze taryhy zamanada ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýyşlarynyň giňelmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir.
Ýylyň-ýylyna Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde “Açyk gapylar” gününi geçirmeklik asylly däbe öwrüldi. Bu ýörelge Mugallymçylyk mekdebi bilen içgin gyzyklanýan we okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar üçin has-da täsirli boldy.
“Açyk gapylar” gününe welaýatymyzyň şäher, etrap merkezleriniň mekdep okuwçylary, mugallymlar we ata-eneler gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar Mugallymçylyk mekdebiniň hünärmenlerini taýýarlamak boýunça okuw maksatnamalary, okuw işiniň guralyşy, maddy-üpjünçilik binýady we Mugallymçylyk mekdebinde bilim almagyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Olar Mugallymçylyk mekdebiniň okuw binasy, içgi gurluşy, açyk sapaklaryň geçirilişi we mekdepde hereket edýän birnäçe gurnaklar bilen tanyşdyryldy. Ýörite her usuly birleşme tarapyndan taýýarlanan sergi çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Mugallymçylyk mekdebiniň kitaphanasy, onda talyplara okamak üçin döredilýän şertler, elektron kitaphana ulgamy, mekdebiň içki portal ulgamy barada şeýle-de sport zaly talyplaryň okuwdan boş wagtlaryny sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýandyklary barada has içgin gyzyklandylar. Çärä gatnaşyjylar mekdebiň halypa mugallymlary bilen gürrüňdeşlik geçirip, özlerinde dörän gyzyklanmalaryny sorag-jogap alyşmak arkaly öwrendiler. Geçirilen çäre oňa gatnaşmaga gelenlerde Mugallymçylyk mekdebine uly gyzyklanma döretdi.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Bossan Murzaýewa