Bagtyýar körpelere buýsanjyň beýany
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäherindäki 172-nji çagalar bagynda iki gün dowam eden «Ýylyň terbiýeçisi — 2025» atly bäsleşiginiň döwlet derejesi ýokary guramaçylykly geçirildi. Bu bäsleşige welaýatlardan, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan terbiýeçiler işjeň gatnaşdylar.
Bäsleşigiň ilkinji gününde başlangyç tapgyrlardan saýlanyp gelen terbiýeçiler öz guran sapaklarynda ussatlyklaryny görkezdiler. Esasan hem, ýörite taýýarlanan meýilnama esasynda bellenen wagt aralygynda körpeler bilen işjeň sapak guradylar. Sapagyň gidişinde terbiýeçiler dürli dersler boýunça sapak guramak bilen, çagalaryň ünsli diňlemegini gazandylar. Eminler toparynyň gatnaşmagynda guralan açyk sapaklar sowat öwretmek dersi boýunça geçirildi. Sapakda «Ww» hem-de «Ff» harplaryny öwretmekde, sözleýşi ösdürmekde, matematikany we geometrik şekilleri öwretmekde, umuman, başlangyç düşünje bermek boýunça bäsleşige gatnaşan terbiýeçiler öz ukyp-başarnyklaryny aýdyň görkezdiler. Bäsleşige gatnaşan terbiýeçiler nätanyş çagalar bilen umumy dil tapyp, olaryň sapaga işjeň gatnaşmaklaryny, sowal-jogaplary alşyp, höwesini artdyrmagy başardylar.
Bäsleşigiň ikinji gününde terbiýeçiler öňdebaryjy iş usullary, ata-eneler bilen bilelikdäki işleri, dürli temalarda geçiren terbiýeleýjilik ähmiýetli çäreleri, öwreniş usulynda taýýarlanylan okuw-görkezme we paýlama esbaplary boýunça çykyş etdiler. Gollanma işlerini multimedia tagtasyndan peýdalanyp, eminler toparyna ýetirmegi başardylar. Eminler toparynyň sowallaryna jogap berdiler. Şeýle hem bäsleşigiň nobatdaky şerti boýunça körpeler bilen guralýan gyzyklanma çäreleriniň bir pursadyny amaly sapak geçiş usulynda görkezdiler. Umuman, bäsleşige gatnaşan terbiýeçiler biri-birinden gyzykly sapaklary guradylar. Guralan sapaklar sapak ýazgylary esasynda alnyp baryldy. Bäsleşigiň dowamynda tejribeli terbiýeçilerden ýeňijileri saýlamak ýeňil düşmedi. Umumy seljermelerden soňra, netije belli boldy. Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 38-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Şemşat Hallyýewa «Ýylyň terbiýeçisi — 2025» diýen ada mynasyp boldy. Ýeňijä bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat haty we gymmat bahaly sowgat dabaraly gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan beýleki terbiýeçilere ýadygärlik sowgatlary hem-de höweslendiriji baýraklar gowşuryldy. Bäsleşigiň dowam eden ýerinde okuw-görkezme esbaplarynyň we taslama işleriniň sergisiniň guralmagy-da täsirli boldy. Umuman, ýokary derejede guralan bäsleşigiň jemleri ähli terbiýeçilerde has-da netijeli işlemäge höwes döretdi.
Taýýarlan Altyn SARYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Salgy : Türkmenmetbugat