Bilim — kämilligiň aýdyň ýoly
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzy buýsandyrýar, bagtyýar şu günümizi, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşaýan halkymyz nesilleriň röwşen geljegi üçin milli gymmatlyklary geljek nesillere ýetirýär, wagyz edýär. Nesil terbiýesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bagtly geljegimizi üpjün etmegi maksat edinýär. Umumadamzat gymmatlyklarynyň iň naýbaşylaryny özünde jemleýän nesliň kemala gelmegi üçin dünýä derejesinde, milli ruhda bilim-terbiýe bermek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmek baş wezipe bolup durýar. Ata Watanymyzyň nurly geljegi bolan ylymly, bilimli, terbiýeli, sagdyn ruhly, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bolsa bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň, şeýle hem biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagy, olaryň milli ruhda terbiýelenmegi esasy ugurdyr. Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýen parasatly sözlerini ýol-ýörelge edinýän ýaşlarda milli buýsanç, Watana bolan söýgi kemala gelýär. Çünki ýaşlara döwrebap terbiýe, bilim bermek üçin, ilki bilen, olaryň milli buýsanjyny, ata Watana bolan söýgüsini has-da berkitmeli. Aslynda, watançylyk terbiýesi iňňän mukaddes we asylly ýörelgedir.
Ýurduň geljegi, ykbaly ylymly, bilimli nesiller bilen berk baglanyşyklydyr. Biz — bilim işgärleri ýaş nesliň döwrebap ylym we terbiýe almagy üçin gijämizi gündiz edip, ak ýürekden zähmet çekýäris. Her günki guraýan sapaklarymyzyň gyzykly, täsirli, netijeli bolmagy üçin yhlas edýäris. Bu günki ýaşlar Watanymyzyň mundan buýana-da ösmegine, güllemegine öz goşandyny goşjak kämil hünärmenler bolup ýetişmelidir. Şeýle ýokary netijäni gazanmak üçin milli ýörelgelere ygrarly bolarys, ýaşlara döwrebap bilim öwrederis.
Jeren MURADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Salgy : Türkmenmetbugat