Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Görkezme esbaplar bilen işlemek

Çagalar bakja-bagynda dost-doganlyk, hemişelik Bitaraplygymyz bilen bagly taýýarlanan görkezme esbaplara körpeleriň ünsüni çekýäris.

Çagalar bakja-bagynda körpeleri bu görkezme esbaplary bilen tanyşdyryp, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň bellenýändigini düşündirmek bolýar. Esasan hem, çagalar bakja-bagynda körpeleriň ýaş aýratynlygyna görä, uly mekdebe taýýarlaýyş toparlarda sözleýşi ösdürmek sapagynda A.Rahmanowyň «Hoşniýetli Bitaraplyk» goşgusyny öwredenimizde, Bitaraplyk barada taýýarlanan görkezme esbabyny ulanmak bolýar. Watana, hemişelik Bitaraplygymyza degişli goşgular körpeleri milli ruhda terbiýelemäge ýardam edýär. Bu bolsa körpeleriň sapaga bolan gyzyklanmasyny has hem artdyrýar.

Güljemal ANNAGURBANOWA,

Daşoguz şäherindäki 35-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

* * *

Ene dilim — eziz dilim

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyna dünýä tejribesiniň iň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tejribä daýanylmagy döwrebap ösüşi üpjün edýär. Okuwçylaryň bilimini barlamakda tehnologiýalardan peýdalanmak işiň hilini has hem ýokarlandyrýar. Türkmen dili we edebiýat derslerinde okuwçylaryň bilimlerini barlamagyň birnäçe usullary bar. Multimedia tagtasynda ýörite prezentasiýalary taýýarlap, okuwçylara hödürleýäris. Şeýle hem sapak wagtynda dürli görnüşde taýýarlanan barlagnamalary hem paýlaýarys. Bu ýagdaýda okuwçynyň özbaşdak pikirlenmegi we geçilen temalar boýunça gaýtalamak endikleri ösdürilýär. Barlagnamalara pes derejede jogap beren okuwçylara türkmen dili dersiniň kadalaryna degişli goşmaça sowallary hem berýäris. Mysal üçin, dar çekimlileriň düşmek düzgüni, inçe çekimlileriň inçelik, ýogynlyk sazlaşygy ýaly soraglar bilen berkidýäris. Bu bolsa okuwçylaryň sapaga bolan işjeňligini artdyrýar.

Nurjahan TAGANBAÝEWA,

Bereket etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň mugallymy.

* * *

Täsirli usullardan peýdalanmak

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere terbiýe we bilim bermekde okatmagyň usullarynyň birnäçe görnüşleri bar. Bulara görkezmek usuly, söz usuly, oýun usuly degişli bolup durýar. Şeýle usullaryň içinde körpeler üçin gyzyklysy oýun usulydyr. Oýun usuly bilen sapaklary guramak çagalarda ýokary işjeňlik döredýär. Okatmagyň oýun usuly hemme möwsümde hem peýdaly bolup, häzirki wagtda munuň örän uly ähmiýeti bardyr. Oýun usuly körpeler bilen alyp barýan esasy işimiz bolup, olaryň aňyny ösdürmekde örän ähmiýetlidir.

Çagalar bilen guralýan sapaklarda oýunlary oýnatmagyň hem dürli görnüşleri bar. Mysal üçin, mazmunly oýunlar. Bu usul çagalaryň daş-töwerek baradaky gözýetimini giňeldýär, sözleýşini ösdürýär. Şeýle usulda çagalary toparlara bölýäris. Munda çagalaryň daş-töweregi synlamak bilen, onuň ýadynda galan zatlar hakynda gürrüň berdirýäris. Bu usulda multimedia tagtasyndan we elde ýasalan görkezme esbaplaryndan peýdalanyp bolýar.

Bibitäç ÇARYÝEWA,

Murgap etrabyndaky 6-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Çeşmesi: Turkmenmetbugat  Bilim.tm

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09