Okuwçylarda zähmete bolan hormaty artdyrmak
Okadýan her sapagymyzyň täsirli we gyzykly geçmegi üçin okuwçylaryň işjeňligini gazanmak gerek. Munuň üçin her bir tema öňünden taýýarlyk görýäris. Okuwçylar bilen sowal-jogaplary alyşmak üçin barlagnamalary hem taýýarlaýarys. Öýe ýumuş hökmünde okuwçylaryň berlen tema bilen bagly täze maglumatlary jemlemeklerini tabşyrýarys.
Türkmenistanyň taryhy dersinden 5-nji synplarda «Çörek — ähli zadyň seresi» diýen tema boýunça sapagy has hem täsirli guramaga çalyşdyk. Topragyň, ýer-suwuň halkymyzyň esasy baýlygydygy, ata-babalarymyzyň gadymy döwürlerden bäri ýerden oňat hasyl alandyklary barada maglumat berýäris. Türkmenistanyň çäkleriniň dünýäde iň gadymy ekerançylyk ojaklarynyň biri bolandygyny we Köpetdagyň eteklerinde aýry-aýry ekerançylyk ýerleriniň bardygyny aýdýarys. Adamlar ýere bugdaý, arpa, künji, dary, mekgejöwen ýaly dänelik ekinleri ekipdirler. Ýurdumyzda ýerleşen Änewiň ak bugdaýyň mekany hasaplanylýandygy hakynda aýdyp, pederlerimiziň gadymy döwürlerde hem guşgursak dänäniň bol hasylyny almagy başarandyklary baradaky maglumatlary multimedia tagtasynda birnäçe surat şekilleriniň üsti bilen delillendirýäris. Änewden tapylan bugdaýyň görnüşleriniň ak başly, sümmülli we däneli bolandygy üçin halkyň ony «ak bugdaý» diýip atlandyryp, mukaddeslik derejesinde hormat goýandyklaryny gürrüň berýäris. Ýeri gelende, bugdaý, çörek bilen bagly gyzykly ertekileri, hekaýalary okuwçylara gürrüň bermek, elbetde, sapagyň täsirliligini artdyrýar. Şeýle hem bugdaýdan alynýan önümleri we ondan taýýarlanylýan tagamlar barada okuwçylar bilen sowal-jogaplary alyşýarys.
Sapakda ekerançylaryň dürli datly miweleri hem ösdürip ýetişdirendikleri barada aýdýarys. Olaryň ýetişdiren nar, injir, üzüm ýaly miweleri dünýäde şöhratlanypdyr. Has gadymy döwürde Merwde, Nusaýda üzümiň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilipdir. Türkmen topragy şirin-nabat gawunlaryň hem mekany bolupdyr. Daýhanlar gawunlaryň dürli görnüşlerini, ýagny waharman, gülaby, garrygyz, zamça, kyrkgünlük ýaly görnüşlerini ekipdirler. Şu ýerde okuwçylardan gawunyň ýene-de nähili görnüşlerini bilýändiklerini we gawundan nähili tagamlaryň taýýarlanýandygyny hem soraýarys. Häzirki wagtda oba hojalyk ekinleriniň görnüşleriniň sanynyň artdyrylýandygyny we olaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde netijeli işleriň alnyp barylýandygyny gürrüň berýäris.
Azat SAPARKULIÝEW,
Tejen etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy
Çeşmesi: Turkmenmetbugat