Serhetsiz tejribe alyşmak
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” 199-njy çäresini durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda çykaran 444 belgili buýrugy bilen tassyklanan “Bilim edaralarynda elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň Tertibine” laýyklykda, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde mekdebiň administrasiýasynyň, mugallymlarynyň gatnaşmagynda häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň dürli mekdeplerinde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda tejribelik geçýän üçünji ýyl talyplary bilen uzak aralykdan okuw-usuly maslahat geçirildi.
Onlaýn maslahatyň maksady tejribelikdäki talyplar bilen tejribelik boýunça tejribe alyşmak we okuw-usuly işleriň nazary hem-de amaly taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak. Talyplar usulçy mugallymlar bilen tejribeligi geçmek bilen bagly ýüze çykan soraglar dogrusynda özara pikir alyşdylar. Usulçy mugallymlar tejribelik geçip ýören talyplara özleriniň degerli usuly maslahatlaryny berdiler. Onlaýn maslahatyň dowamynda pedagogikanyň häzirki meseleleri, okatmagyň usullary we dürli bilim şertlerinde iş aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Okuw-usuly maslahat gaty gyzykly we täsirli geçirildi. Tejribeçi talyplar we mugallymlar işjeň gatnaşdylar we gymmatly usuly maslahatlary aldylar. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleler tejribeçi talyplar üçin möhüm we ýerlikli boldy.
Uzak aralykdan okuw-usuly maslahaty taýýarlamakda we geçirmekde, tehniki goldawda we gatnaşyjylara öz wagtynda habar bermekde mekdep administrasiýasynyň we mugallymlarynyň işjeňligini we tertipliligini bellemelidiris. Söhbetdeşligi dogry ugra gönükdiren, düzgünlere gözegçilik edýän we gatnaşyjylaryň işjeňligini gazanmakda mekdebiň okuw önümçilik tejribäniň ýolbaşçysy Orazdurdyýew Nuryagdy tarapyndan görkezilen moderatoryň ussatlygy, gepleşik üçin açyk we konstruktiw atmosfera döretmek ukybynda görkezildi. Mekdep administrasiýasy we mugallymlar webinara ýokary baha berdiler we şeýle webinarlary guramak tejribesini dowam etdirmegiň zerurlygy barada ylalaşdylar.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
rus dili we edebiýaty mugallymy Paşykowa Oguljemal Tirkesowna