Biziň buýsanjymyz

Biziň buýsanjymyz

Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkymyzyň hemrasy bolan ahalteke bedewleri bu gün ýene milletimiziň abraýyny arşa göterip, tugumyzyň al-asmanda parlamagynyň sebäbi boldular.  Uzak Monako knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinden gelip gowşan hoş habar her bir türkmenistanlynyň göwün guşuny ganatlandyrdy.  2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary täze üstünlige – 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga mynasyp boldy. Bu hoş habar mynasybetli ýurdumyzyň çar künjünde toý-baýramlaryň dabaralanýar, hoşallyk maslahatlary geçirilýär.
Şeýle aýdym-sazly dabaralaryň biri hem biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde “Behişdi bedewler bilen ak ýollara uzaýandyr Watanymyz, bagtyýar eýýamyň üçin alkyş Size, Gahryman Arkadag, Arkadagly Gahryman Serdarymyz” ady bilen geçirildi. 
Türkmen edebiýatynda mynasyp orun tutan ahalteke bedewleri dogrusynda mekdebimiziň mugallymdyr talyp ýaşlary täsirli gürrüň etdiler. Dabaranyň ahyrynda türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyk sözlerini aýtdylar. 

Umyt Baýramalyýewa, B.Seýtäkow adynaky Mugallymçylyk 
mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Zehin we başarnyk

26/05/2026

Zehin we başarnyk

Adamzat jemgyýeti ylmyň hasabyna iňňän belent derejelere ýetip bilýär. Ylym durmuşy kämilleşdirýär. ...

Kämil ynsan - beýik mugallym

28/04/2026

Kämil ynsan - beýik mugallym

Tutuş adamzadyň dost-doganlyk, raýdaşlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk baradaky garaýyşlaryny has-da...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09