Milanyň Montenapoleone köçesi kärende tölegi boýunça dünýäde iň gymmat köçe

Milanyň Montenapoleone köçesi kärende tölegi boýunça dünýäde iň gymmat köçe

Milanyň Montenapoleone köçesi kärende tölegi boýunça dünýäde iň gymmat köçe boldy. Bu barada «Cushman & Wakefield» amerikan kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda aýdylýandygyny TASS habar berýär.
Milanyň bu köçesi ilkinji gezek Nýu­Ýorkdaky we  Londondaky esasy bäsdeşlerinden — Bäşinji awenýudan we Nýu­Bond stritden öňe geçip, dünýäniň iň gymmat söwda köçeleriniň  reýtinginde birinji orny eýeledi. Montenapoleonede kärende üçin iň ýokary töleg bir ýylda 11 göterim ýokarlanyp, her inedördül metr üçin 20 müň ýewro ýetdi.
34 ýylda ilkinji gezek reýtingde birinji orny Ýewropanyň köçesi eýeledi.
2023­nji ýylda bu ýerde täze «Chanel» we «Gucci» dükanlary açyldy. «Gucci» we «Alexander McQueen» ýaly brendlere eýelik edýän «Keringlýuks» kompaniýalar topary bu köçedäki söwda binasy üçin 1,3 milliard ýewro töledi, bu hem soňky iki ýylda Ýewropada gozgalmaýan emläk boýunça iň uly şertnama boldy. Hünärmenler köçäniň gysgalygynyň onuň özüne çekijiligini ýokarlandyrýandygyny belleýärler.
Taýýarlan: Aýjemal DURDYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky 
Mugallymçylyk mekdebiniň talyby
Salgy: https://br.com.tm/ru/library "Biznes reklama" gazeti 25.11.2024ý 

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Kämil ynsan - beýik mugallym

28/04/2026

Kämil ynsan - beýik mugallym

Tutuş adamzadyň dost-doganlyk, raýdaşlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk baradaky garaýyşlaryny has-da...

Ylym-bilime giň ýol açylýar

23/04/2026

Ylym-bilime giň ýol açylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilimdir ylma giň ýol açdy. Häzirki döwrüň talabyna...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09