Internetiň ilkinji gözleg motory “Archie” dolanyp geldi

Internetiň ilkinji gözleg motory “Archie” dolanyp geldi

Internetiň ilkinji gözleg motory Archie yzyna gaýdyp geldi. “The Serial Port” atly bir YouTube kanaly ilkinji gözleg motory Archie-niň iň soňky nusgasyny tapmagy başardy. Olar diňe soňky nusgasyny tapmak bilen çäklenmän, gözleg motoryny onlaýn (archie.serialport.org) ýagdaýa getirdiler. Bu gural häzirki wagtda onlarça ýyl ozal bar bolan köp sanly serwer bilen deňeşdirilende diňe bir serweri ýerleşdirýär, ýöne ulanyjylar näbelli FTP saýtlaryndan 30.000 töweregi faýl tapyp we göçürip alyp bilýärler.
Ilkibaşda Alan Emtage 1989-njy ýylda MakGill uniwersitetinde okaýarka döredilen Archie gözleg motory aslynda şol döwürler internetiň esasyny düzýärdi. Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä Kerebi peýda bolmanka, internet esasan FTP serwerlerinden ybaratdy, bu bolsa ulanyjylardan faýllaryň we serwerleriň takyk atlaryny bilmegi talap edýärdi. Elbetde, mazmunyň sanynyň köpelmegi bilen nämedir bir zat tapmak kynlaşdy.
Emma ilkinji gezek çykarylandan birnäçe aýyň içinde Archie şeýle meşhur boldy welin, dünýäniň dürli serwerleriniň arasynda maglumatlary geçirýän FTP ulanyjylary üçin hemme ýerde möhüm gural boldy. Şeýle-de bolsa, 90-njy ýyllaryň ortalaryndan Bütindünýä Kerebiniň we Alta Vista, Yahoo we Google ýaly täze nesil gözleg motorlarynyň peýda bolmagy bilen Archie döwürden yza galyp başlady. Gözleg motorynyň soňky wersiýasy 1996-njy ýylda neşir edildi.
Gözleg motory 90-njy ýyllaryň ahyrynda ösüşini bes etdi we 2003-nji ýylda Emtage ony “Bunyip Information Systems” kompaniýasyna bary-ýogy 9000 dollara satyldy. Bu maglumatlardan görnüşi ýaly, Archie gözleg motoryny täzeden direltmek diýseň kyn işdi. “The Serial Port” topary Warşawa uniwersitetinde Archie-niň soňky nusgasyny tapmagy başardy.
“The Serial Port” topary “Archie”-niň (3.5 beta) soňky iş wersiýasyny dikeltmek bilen çäklenmän, resminamalaryny hem çykardy we “Sun SPARCstation 5”-de hakyky Archie serwerini işledip başlady.

Jennet ŞAMURADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Zehin we başarnyk

26/05/2026

Zehin we başarnyk

Adamzat jemgyýeti ylmyň hasabyna iňňän belent derejelere ýetip bilýär. Ylym durmuşy kämilleşdirýär. ...

Kämil ynsan - beýik mugallym

28/04/2026

Kämil ynsan - beýik mugallym

Tutuş adamzadyň dost-doganlyk, raýdaşlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk baradaky garaýyşlaryny has-da...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09