Ýaponiýada türkmen dili öwredilip başlanyldy

Ýaponiýada türkmen dili öwredilip başlanyldy

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde türkmen dilini öwretmek boýunça okuwlar başlandy. Okuwlara ýapon we daşary ýurtly 50-den gowrak talyp gatnaşýar diýlip, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Uniwersitetiň ýolbaşçylary bu çäräniň medeni we ynsanperwerlik pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň güýçlenmegine we giňelmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler. Türkmen dilini öwrenmek ýapon ýaşlaryna Türkmenistanyň medeniýetine we däp-dessurlaryna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine ýardam eder.

26-njy sentýabrda uniwersitete Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurda Baýramow baryp gördi. Ilçi saparyň dowamynda okuw prosesi bilen tanyşdy we Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragy barada ýazan täze goşgusyny okady.

Ozal Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde sentýabr aýyndan başlap ýapon we daşary ýurt talyplary üçin türkmen dilini öwredýän okuw dersleriniň başlanmagynyň meýilleşdirilýändigi barada habar beripdik.

Turkmen portal

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Kämil ynsan - beýik mugallym

28/04/2026

Kämil ynsan - beýik mugallym

Tutuş adamzadyň dost-doganlyk, raýdaşlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk baradaky garaýyşlaryny has-da...

Ylym-bilime giň ýol açylýar

23/04/2026

Ylym-bilime giň ýol açylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilimdir ylma giň ýol açdy. Häzirki döwrüň talabyna...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09