Magtymguly sen
Zehiniň siňdirip ýiti galama,
Ady dünýä dolan Magtymguly sen.
Şygyrlaryň şugla saçýar äleme,
Manyly dür saçan Magtymguly sen.
Her setiriň ündew, her biri akyl,
Gyzyla barabar durşy bir nakyl,
Türkmen ili üçin öçmejek şekil,
Ýüreklere ýaşan Magtymguly sen.
Türkmen iliň gowy günler görjegin,
Şygryňda wasp edip ajap geljegin,
Tuguňy parlatdy bir mert Gerçegiň,
Pähim-paýhasly Magtymguly sen.
Üç asyr taryhly uzak ýaşlydyr,
Geçen ýoly uly kütel daşlydyr,
Bu gün toýuň tutup ýürek joşludyr,
Waspyň etdim beýik Magtymguly sen.
Ogulnur Annamuradowa
Beki Seýtäkow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby
Salgy: newashgabat.com