Ylmyň gadymy ojagy

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halkymyz ähli döwürlerde hem hiç wagt ylymdan, ösüsden yza galan däldir. Ol adamzadyň medeni-ruhy ösüşine mynasyp goşant gosmak bilen, ylym dünýäsinde belent derejelere ýeten halkdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyn «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyn ýüregi» atly kitabynda ilkinji önümçiligin, iri ylmy-medeni merkezleriň ýurdumyzyň çäklerinde dörändigi, halkymyzyň astronomiýa, geologiýa, fizika, himiýa, geometriýa, lukmançylyk, edebiýat, dil ýaly ylmyn esasy ugurlary boýunça dünýä ylmynyn ösüsinde mynasyp orun eýeländigi dogrusynda aýratyn buýsanç bilen bellenilýär. Bu babatda Köneürgenç topragynyň ýadygärlikleriniň we birnäçe
alymlaryn dünýä meşhur kitaplarynyň hemmesiniň adyny tutup, ýerine ýetiren islerini we bitiren hyzmatlaryny sanamak mümkin däl.
Horezm orta asyrlarda ylmyň, medeniýetiň, ykdysady gatnaşyklaryň iri merkezleriniň biri hasaplanýar.  Baryp 1000-nji ýyllarda ,,Beýtül Hikme” ady bilen ylmy merkez döredilipdir. Soň bu ylmy merkeze Ýewropa alymlary ,,Mamun akademiýasy” diýip at berýärler.    Bu Akademiýa tötänden ýüze çykmandyr, mundan has öň bu Horezm Gündogar ylmynyň taryhynda mynasyp orny eýeläp gelipdir. Ol dünýä belli akyldarlary beren ýurt hökmünde tanalýar. 
 Ylmyň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň ençemesiniň işleri häzirki döwürde hem ylmyň ösmeginde esasy daýanç bolýar. 780-850-nji ýyllarda ýaşan Muhammet ibn Musa al-Horezmi matematiki ylmyny esaslandyran, 973-1048-nji ýyllarda ýaşap geçen Abu Reýhan al – Biruni astronomiýa, geografiýa, taryha degişli uly işleri edipdir. 980-1037-nji ýyllar aralygynda ýaşan Abu Ali ibn-Sina lukmançylyk ylmyna uly açyşlar girizipdirler.  Şeýle-de Mahmyt Zamahşary, Nejimeddin Kubra we beýleki alymlaryň  türkmen ylmyna goşan goşantlary ulydyr. ,,Mamun Akademiýasy” ylmyň dürli pudaklary boýunça işläp, onda obserwatoriýa, müňlerçe alymlaryň, şeýle hem daşary ýurt alymlarynyň arap, pars, dariý täjik, eýran, ýunan dillerinde ýazylan kitaplary saklanýan kitaphana bolupdyr.  Gymmatly ruhy hazyna bolan, gadymdan gelýän we şol döwrüň dünýewi we dini kitaplaryny döwürdeşlerine ýaýratmak we geljekde nesillere ýetirmek ,,Mamun Akademiýasynyň” esasy maksady bolupdyr. Bu toprak asmana gözegçilik etmekde dünýäde iň amatly ýer bolmak bilen, munda alymlara oňaýly şertler döredilipdir. Şol döwrüň  belli alymlary Gürgençde ylym alyp, öwrenip, öz ýurtlaryna gelip işläp, Gürgenjiň akyldarlary bilen aragatnaşyk saklapdyrlar. Gürgenç topragynda iň iri medeni merkez bolmagy bilen, bu ýerde ylym, bilim, alyp, ussat halypalardan tälim almak başga ýurduň alymlary üçin uly mertebe hasaplanypdyr. Horezmşa Abul Abbas Mamunyň Gürgenjiň iri medeni merkez bolmagynda hyzmaty uly bolup,  ol akademiýanyň alymlaryna, köşgüň myhmanlaryna sowgat, serpaý ýapyp, bu topragyň ýeten derejesini abat saklamak üçin köp zähmet siňdiripdir. Gadymy Köneürgenç topragy diňe bir syýasy, ykdysady, sosial wakalary bilen däl-de, ylmyň uly merkezi bolandygy bilen hem adamzadyň hakydasynda galypdyr. 

Şeker Arazberdiýewa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiň mugallymy 
,,Daşoguz habarlary” gazeti, №24 (17952) 12-nji iýun, 2025ý

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09