Mugallymçylyk mekdepleriniň arasynda ,,Berdimuhamet Annaýewiň mugallymçylyk taglymaty,, atly bäsleşik geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy aprel güni Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Mugallymçylyk mekdepleriniň 2-nji ýyl talyplarynyň arasynda “Berdimuhamet Annaýewiň mugallymçylyk taglymaty” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige biziň mekdebimizden 206-njy toparyň talyplary Saparow Serdar, Täjibaýewa Narjan, 208-nji toparyň talyby Atabaýewa Humay, 203-nji toparyň talyby Tekäýewa Aýnur gatnaşdylar.
Düzgünnama laýyklykda Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” we “Döwlet guşy” romanlarynyň mazmuny boýunça beriljek 6 (alty) soraga jogap bermek, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň çagalara bilim we terbiýe bermek boýunça öňe süren mugallymçylyk taglymatlaryny 3(üç) dilde aýtmak bilen edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirmek, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň mugallymçylyk taglymatyny nazary taýdan öwrenip, prezentasiýa taýýarlamak, sapakda ulanmak üçin okuw-görkezme esbaplarynyň birini taýýarlamak, matematika dersi boýunça sapak geçmek, onda Berdimuhamet Annaýewiň çagalara bilim we terbiýe bermekde ulanan mugallymçylyk usullaryndan peýdalanyp görkezmek, bäsleşigiň dowamynda matematika dersi boýunça geçirilen sapaklaryň birine gatnaşyp, sapaga seljerme berip, teswirnamasyny taýýarlamak ýaly şertler esasynda talyplar öz arasynda bäsleşdiler.
Bäsleşigiň esasy maksady - ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň ýaş nesli okatmak hem-de terbiýeläp ýetişdirmek barada Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” romanlarynda beýan eden mugallymçylyk taglymatyny, beren maslahatlaryny häzirki zaman şertlerinde peýdalanmak arkaly bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmek bolup durýar. Bäsleşik professor mugallymlardan düzülen eminler topary tarapyndan adalatly bahalandyryldy. Onda biziň mekdebimiziň 206-njy toparyň talyby Serdar Saparow 2-nji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler we jogapkär mugallymlar Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli diplomlary bilen sylaglandyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegi, ýaşlaryň döwrebap derejelerde okap, öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ilýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Jeren Muradowa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy