Parahatçylyk halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýol-ýörelgesidir

Türkmen halky asyrlarboýy parahatçylygy, goňşular bilen hoşniýetli gatnaşyklary özüne ýol-ýörelge edinen halk bolupdyr. Şonuň üçinem halk döredijilik eserlerinde-de, türkmen edebiýatynda-da bu mesele aýratyn orun eýeläpdir. Atamyz Oguz han Türkmen ullakan ýurduň şasy bolanda, ol gylyjyny çykarmagyň deregine gursagyndan parahatçylyk söýüji sözlerini çykarýar. 
Geçmişde türkmen halkynyň dürli milletleriň wekilleri bilen dost-dogan bolup, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýandygyny “Görogly” eposyny okanymyzda hem görýäris. Görogly her bir çylşyrymly mesele ýüze çykanda, elindäki sazy, dilindäki sözi bilen çözýär. Görogly haýsy ýurda barsa-da, şol ýeriniň zähmetkeş adamlary bilen dost-dogan bolmagy başarýar. Ejizläne elinden gelen kömegini gaýgyrmaýar. Şu zatlary ýada salyp, türkmen halkynyň öňki döwürlerde goňşy döwletler bilen parahatçylykly, hoşniýetli  gatnaşyga sarpa goýandygyna ýene göz ýetirýäris.        
N.Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestinde Mämmetýar hana ýesir düşen agasyny Şükür bagşy   parahatçylyk ýoly bilen,  öz dutary bilen halas etmegi ýüregine düwýär. Munuň özi halkymyzyň her bir meseläni parahatçylykly ýol bilen çözmäge synanyşandygyny subut edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz özüniň “Parahatçylyk sazy – dostluk doganlyk sazy” eserinde aýratyn nygtaýar. Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary asyrlaryň jümmüşinden öz köklerini alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” eserinde öňa degişli ençeme mysallar bar. 
Ata-babalarymyzdan dowam edip gelen asylly ýörelgelerimiz ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolanymyzdan soň hem öz ähmiýetini ýitirmedi, halkymyz özüniň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny äleme jar etdi. Şonuň netijesinde BMG 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan döwletiniň Bitaraplyk derejesini yglan etdi. 
Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2007¬-nji ýylyň 10-¬njy dekabrynda Aşgabatda BMG-¬niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem biziň öňe sürýän ynsanperwerlik ýörelgelerimiziň dünýä halklary tarapyndan gyzgyn goldanylýandygynyň subutnamasydyr. Merkez hereket edýän ýyllarynyň dowamynda sebitiň ýurtlary üçin dürli meseleleri çözmekde uly tejribe toplady. Türkmenistan dünýäde parahatçylygy üpjün etmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. 
2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan biragyzdan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa gaýtadan kabul edildi. 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyz Aşgabatda Birleşen Milletler guramasynyň howandarlygynda “Bitaraplyk syýasaty - parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahat geçirildi. Şol maslahatda Gahryman Arkadagymyz her ýylyň 12-nji dekabryny “Halkara Bitaraplyk güni” diýip bellemek baradaky teklibi öňe sürdi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýa kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy gorap saklamakda, howpsuzlygy berkitmekde, durnukly ösüşi üpjün etmekde  aýratyn hyzmatynyň bardygyna şaýatlyk edýär. 
 Hormatly Prezidentimiziň alyp bar¬ýan, parahatçylyk söýüji we ynsanperwer daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň dürli döwletleri we halkara guramalary bilen ýola goýan ysnyşykly gatnaşyklary günsa¬ýyn ösdürilýär. Türkmenistan BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň başlangyjy bilen dünýäde parahatçylygyň we dost-doganlygyň ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.
Parahatçylyk söýüji dostana gatnaşyklar biziň günlerimizde has-da kämilleşdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dünýä halklary bilen ýola goýulýan ykdysady we medeni gatnaşyklar bu günki günde dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletara we halkara gatnaşyklarynda hoşniýetli oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan daşary ykdysady strategiýasyna laýyklykda dünýä ýurtlarynyň birnäçesi bilen iri taslamalary amala aşyrýar. Olaryň hatarynda Türkmenistan – Hytaý transaziýa gaz geçirijisini, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny we beýleki taslamalary görkezmek bolar. Türkmenistanda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ýollarynyň ulgamynyň döredilmegi, ýurdumyzyň çäklerinden geçýän ulag üstaşyr geçelgeleri durnuklylygy üpjün etmegiň kepili bolup durýar.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köp ýurtlara iş sapary bilen gidýär. Ol ýerlerde ýokary derejeli duşuşyklara gatnaşýar we olarda çykyş edýär. Yokary derejedäki hökümetara duşuşyklarda dünýä ähmiýetli dürli teklipleri öňe sürýär, şol teklipler bolsa dünýä köpçüligi tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar.
Türkmen halky ýene bir ajaýyp ýyla gadam basdy, bagtyýarlygy, täze ösüşleri ýüzüne syldy. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bagtyýarlygy bilen halkymyzy buýsandyrýar, begendirýär. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  parasatly baştutanlygynda gazanylýan beýik ösüşler ýurdumyzy dünýä meşhur edýär. 
Her gün agşam teleýaýlym arkaly “Watan” habarlar gepleşigine tomaşa edenimizde, gepleşigiň ahyrynda “Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet -  bu biziň ata Watanymyz - eziz Türkmenistandyr” diýen buýsançly jümleler her birimiziň ruhumyzy göge galdyrýar. Şu Watanda ösüp-ulalyp, oňa hyzmat etmek, bagtly ertirlere guwanmak bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr. 
Sanlyja ýyllaryň dowamynda asyrlara barabar ösüşleriň şaýady bolmak ykbaly bize nesip etdi. Asuda asman, parahat durmuş, erkin zähmet çekmek biziň ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarydyr. Ol arzuwlar biziň günlerimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz aladalary bilen hasyl boldy. Bu gün türkmen halky milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda agzybirlikde täze ösüşleriň binýadyny gurýar. 
BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl-Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda Watanymyzyň Bitaraplyk derejesiniň şanly 30 ýyllyk baýramy, şeýle-de 2025-nji ýyly BMG-niň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi mynasybetli dürli syýasy-medeni çäreleri geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Eýýäm bu ýylyň başyndan bäri dünýäniň dürli künjeginde, köp ýurtlarda, ähli welaýatlarymyzda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherlerinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna”, halkara gatnaşyklaryň ösüşine, halkara parahatçylygy ösdürmekde bitaraplygyň möhüm ornuna  bagyşlap, brifingler, halkara sammitleri, ylmy maslahatlar, medeni çäreler, sergiler, duşuşyklar, forumlar, duşuşyklar geçirilýär. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda “Parahatçylyk we ynanyşmak” atly halkara forumyny ýokary derejede geçirmeklige häzirki günlerden uly taýýarlyk işleri amala aşyrylýar. Meýilnama esasynda foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýarlar, soňra halkara forum öz işine başlar.
Bitaraplyk ýörelgeleri netijesinde Türkmenistanyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlyklary onuň dünýäniň ýüzündäki abraýyny  has-da belende galdyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň at-abraýyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin! 

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy
Bibisere Saparowa

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09